Ýehowanyň Şaýatlary protestantmy?
Ýok. Ýehowanyň Şaýatlary mesihçiler. Biz özümizi protestant hasaplamaýarys. Näme üçin?
Protestant dini «Rim katolik dinine garşy çykmak üçin» döredilipdi. Ýehowanyň Şaýatlary Katolik buthanasynyň taglymatlary bilen ylalaşmasa-da, biz özümizi protestant hasaplamaýarys. Munuň birnäçe sebäbi bar:
Köp protestantlaryň ynanýan zatlary Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna garşy gelýär. Mysal üçin, Mukaddes Kitap Üç ýüzli hudaý däl-de, «Hudaý birdir» diýip öwredýär (1 Timoteos 2:5; Ýahýa 14:28). Şeýle-de Hudaýyň erbetleri dowzahda jezalandyrman, olary ebedi ýok etjekdigi aýdylýar (Zebur 37:9; 2 Selanikliler 1:9).
Biz katolik buthanasyna we başga dini toparlara garşy çykmaýarys ýa-da olary düzetjek bolmaýarys. Biz adamlara Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edýäris we gowy habar esasynda iman eder ýaly, olara kömek etmäge jan edýäris (Matta 24:14; 28:19, 20). Biz başga dini toparlary üýtgetmek islemeýäris, gaýtam, akýürekli adamlara Hudaý we onuň Sözi bolan Mukaddes Kitap barada hakykaty öwredýäris (Koloslylar 1:9, 10; 2 Timoteos 2:24, 25).