Ýehowanyň Şaýatlary sektamy?
Ýok, Ýehowanyň Şaýatlary sekta däl. Biz, mesihçiler Isa Mesihiň yzyna eýerip, onuň taglymatlaryna görä ýaşamaga jan edýäris.
Sekta diýmek näme?
«Sekta» diýen söze her kim her hili düşünýär. Geliň, sekta babatda giňden ýaýran iki çaklama seredeliň we onuň näme üçin bize degişli däldigini bileliň.
Käbir adamlar sekta diýlende, täze ýa-da köpçüligiň kabul etmeýän dini diýip pikir edýärler. Ýehowanyň Şaýatlary özlerini täze din hasaplamaýar. Gaýtam, biz I asyrdaky mesihçiler ýaly, Mukaddes Kitapda gürrüň berilýän adamlaryň göreldesine eýerip, ondaky taglymatlar boýunça ýaşaýarys (2 Timoteos 3:16, 17). Biz Hudaýa sežde etmek meselesinde Mukaddes Kitabyň berýän görkezmesini ähli zatdan ileri tutýarys.
Käbir adamlar sekta diýlende, biriniň ýolbaşçylygy astyndaky howply din diýip pikir edýärler. Ýehowanyň Şaýatlary hiç bir adamy özleriniň ýolbaşçysy hasaplamaýar. Gaýtam, biz Isanyň şägirtlerine aýdan şu sözlerine görä ýaşamaga çalyşýarys: «Siziň ýeke-täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir» (Matta 23:10).
Howply sektalardan tapawutlylykda, Ýehowanyň Şaýatlarynyň sežde edýän dini hem özlerine, hem başgalara peýda getirýär. Meselem, biziň wagyz gullugymyz köp adamlara neşe çekmek we spirtli içgileri içmek ýaly erbet endiklerini ýeňmäge kömek etdi. Şeýle-de biz dünýäniň dürli künjeginde müňlerçe adamlara okamagy hem ýazmagy öwredýän klaslary açdyk. Mundan başga-da tebigy betbagtçylyklarda heläkçilige uçran adamlara kömek etmek üçin elimizde baryny edýäris. Biz Isanyň şägirtlerine beren tabşyrygyna eýerip, adamlaryň peýdasy üçin agyr zähmet çekýäris (Matta 5:13—16).