Siz ýygnanyşýan ýerleriňize näme üçin Ýygnak jaýy diýýärsiňiz?
Grek dilinden terjime edilen «ýygnak» diýen söz Mukaddes Kitapda ýygnanyşylýan ýeri däl-de, sežde edýän adamlaryň toparyny aňladýar.
Meselem, Pawlus resul Rimdäki mesihçilere ýazan hatynda Akila we Priska salam ýollap: «Olaryň öýündäki ýygnaga salam aýdyň» diýdi (Rimliler 16:5). Pawlus bir ýere ýa-da jaýa däl-de, öýde ýygnanyşan adamlara salam ýollaýar. a
Şol sebäpli biz sežde edýän ýerlerimize buthana däl-de, «Ýygnak jaýy» diýip atlandyrýarys.
Näme üçin oňa «Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak jaýy» diýýärsiňiz?
Munuň azyndan iki sebäbi bar:
Biz ol ýerde Mukaddes Kitabyň awtory Ýehowa Hudaýa sežde edýäris we ol barada şaýatlyk edýäris (Zebur 83:18; Işaýa 43:12).
Hudaýyň Patyşalygy barada öwrenýäris, ol barada Isa pygamber hem köplenç gürrüň berýärdi (Matta 6:9, 10; 24:14; Luka 4:43).
Biz sizi golaýyňyzdaky Ýygnak jaýyna barmaga we Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklarynyň nädip geçirilýändigini görmäge çagyrýarys.
a Şeýle sözler 1 Korinfliler 16:19; Koloslylar 4:15 we Filimun 2-nji aýatlarda-da duş gelýär.