Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin bu ady göterýär?
Mukaddes Kitaba görä, Hudaýyň ady — Ýehowa (Zebur 8:1; Markus 12:29). Şaýat diýlende öz ynançlaryny ýa-da garaýşyny aýdýan adam göz öňünde tutulýar.
Bizem ähli zady ýaradan Ýehowa Hudaý barada hakykaty aýdýarys. Şol sebäpli biz «Ýehowanyň Şaýatlary» diýen ady göterýäris (Ylham 4:11). Biz Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanyp we adamlara wagyz edip güwälik edýäris (Işaýa 43:10—12; 1 Petrus 2:12).