Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary sadakalary nämä harçlaýarlar?

Ýehowanyň Şaýatlary sadakalary nämä harçlaýarlar?

 Biz berilýän pul sadakalary dinimiz hem-de guramamyzdaky adamlar üçin edilýän haýyr-sahawat işlerine sowýarys. Şeýle işler biziň esasy maksadymyzyň bir bölegi hasaplanýar. Şeýdip, biz adamlara Isa Mesihiň şägirdi bolmaga kömek edýäris (Matta 28:19, 20).

 Biz baýamak üçin berilýän sadakalardan peýdalanmaýarys. Wagyzçylara ýa-da ýygnak ýaşulularyna hak tölemeýäris. Ondan başga-da, Ýehowanyň Şaýatlaryna öýden-öýe wagyz edýändikleri üçin hiç hili pul berilmeýär. Guramamyzyň filial komitetinde we baş edarasynda gulluk edýän, şol sanda Ýolbaşçylyk maslahatyndaky adamlaram aýlyk almaýarlar.

Sadakalar haýsy işlere harçlanýar?

  •   Çap etmek işi: biz her ýyl millionlarça Mukaddes Kitaby hem-de oňa esaslanan edebiýatlary terjime edip, çap edip, mugtuna paýlaýarys. Edil şonuň ýaly, jw.org saýtymyz hem-de JW Library programmamyz arkaly elektron görnüşdäki edebiýatlarymyzy satmaýarys ýa-da pul üçin mahabatlandyrmaýarys.

  •   Gurluşyk hem-de abatlaýyş işi: guramamyzdaky adamlaryň bilelikde gowy, amatly ýerlerde ýygnanyşyp, Hudaýy şöhratlandyrmagy üçin, bütin dünýäde sežde edilýän jaýlary gurup, olary abat saklaýarys. Beýtel öýlerini hem-de terjimeçileriň işleýän jaýlaryny-da gurup, abatlaýyş işlerini geçirýäris. Köp zähmeti talap edýän şeýle gurluşyk işlerini meýletinçiler edýär; bu bolsa pul sadakalaryny tygşytlamaga kömek edýär.

  •   Guramadaky başga-da işler: baş edaramyzdaky, filial komitetindäki, terjime bölümindäki alnyp barylýan işler üçin çykdajylary hem-de iş bilen başga ýerlere gitmeli bolýan dogan-uýalaryň ýol çykdajylaryny berilýän pul sadakalary arkaly ýapýarys.

  •   Wagyz işi: Ýehowanyň Şaýatlaryna hoş habary wagyz edip, «Hudaýyň sözüni» öwredýändigi üçin pul tölenmeýär (2 Korinfliler 2:17). I asyrda ýaşan mesihçiler hem şeýle ruhy işleri edýärdiler. Olaryň arasynda saýlanan we tälim alan Hudaýyň gullukçylary wagyz işine köpräk gatnaşar ýaly, ýönekeýje öý berlip, gerek-ýarak zatlaryny almaga kömek edilýärdi (Filipililer 4:16, 17; 1 Timoteos 5:17, 18).

  •   Tälim bermek işi: uly kongreslerimizi geçirmek üçinem, biz pul sadakalaryndan peýdalanýarys. Üstesine-de, Mukaddes Kitaba esaslanan audio ýazgylary hem wideolary çykarýarys. Şeýle-de tälim bermekde has-da ilerlemegi üçin, biz ýygnak ýaşulularyny we uzak wagtly gullukçylary guramamyzyň ýörite mekdeplerinde okadýarys.

  •   Betbagtçylyga uçranlara kömek etmek işi: biz tebigy betbagtçylykdan ýa-da adamlaryň döreden betbagtçylygyndan zyýan görenleri suw, iýmit bilen üpjün edip, öý gurup ýa-da bejerip, kömek edýäris. Adamlar üçin edilýän şeýle haýyr-sahawat işleri diňe bir «imandaşlarymyza» däl, Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlara-da köp peýda getirýär (Galatýalylar 6:10).