Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin başga dine uýýan adamlara-da wagyz edýärler?
Adamlaryň öz dini bolsa-da, olar Mukaddes Kitapdaky temalar barada gürrüň etmegi gowy görýärler. Elbetde, adamlaryň uýýan dini biziňkiden tapawutlansa-da, biz olara hormat goýýarys we hoş habary diňlemäge mejbur etmeýäris.
Biz Injilde berilýän maslahata eýerip, adamlar bilen din barada gürrüňdeş bolanymyzda, muny «ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen» edýäris (1 Petrus 3:15). Elbetde, biz käbir adamlaryň aýdýan zatlarymyzy halamajakdygyny bilýäris (Matta 10:14). Emma olar bilen gürrüňdeşlige başlaman, nähili kabul etjekdigini bilmeýäris. Şeýle-de biz adamlaryň ýagdaýynyň üýtgeýändigine düşünýäris.
Meselem, adamyň bir gün işi kän bolsa, başga bir gün ol höwes bilen gürrüňdeş bolmagy mümkin. Şeýle-de adamlar her hili kynçylyklara we ýagdaýlara duş gelende, onuň hötdesinden gelmek üçin, hoş habar bilen gyzyklanyp başlaýar. Şol sebäpli biz adamlar bilen bir gezek däl-de, köpräk gürrüňdeş bolmaga çalyşýarys.