Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin doglan günleri bellemeýärler?
Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýa ýaramaýandygy üçin doglan günleri bellemeýärler. Mukaddes Kitapda doglan günleri bellemezlik barada anyk aýdylmasa-da, bu bize onuň gelip çykyşyny bilmäge we Hudaýyň doglan günleri bellemeklige bolan garaýşyna düşünmäge kömek edýär. Geliň, munuň dört aýratynlygyna we Mukaddes Kitabyň prinsipleri bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna seredeliň.
Doglan günleri bellemek ýalan dinden gelip çykan. Bir maglumata görä, bu baýramçylyk doglan gününde adama «zalym ruhlar we güýçler hüjüm edip bilýär», emma «dostlarynyň gelip gutlamagy ony goraýar» diýen yrymlara esaslanyp bellenilýär (Funk & Wagnalls Standard Dictionary of Folklore, Mythology, and Legend). Başga bir kitapda aýdylmagyna görä, «gadymy döwürde adamyň doglan senesini ýazmak wajypdy, sebäbi şoňa görä onuň täleýnamasyny bilip bolýardy». Bu bolsa «astrologiýa ylymynyň» bir bölegi hasaplanýardy (The Lore of Birthdays). Şeýle-de onda «adamlar doglan günde ýakylan şemiň jadyly güýje öwrülip, arzuwyňy amala aşyrýandygyna ynanypdyrlar» diýilýär.
Emma Mukaddes Kitapda jadygöýlük, pal atmak we spiritizm ýaly «şuňa meňzeş zatlar» bilen meşgullanmak ýazgarylýar (5 Musa 18:14; Galatýalylar 5:19—21). Gadymy döwürde Wawilon şäheriniň ýaşaýjylary ýyldyz boýunça adamyň ykbalyny kesgitländigi, ýagny pal atmagyň bir görnüşi bilen meşgullanandyklary üçin Hudaý olara höküm edýär (Işaýa 47:11—15). Elbetde, Ýehowanyň Şaýatlary her bir däp-dessuryň ýa-da adatyň gelip çykyşyny birin-birin gözleg geçirmeýär. Emma Mukaddes Kitapda käbir meseleler babatda Hudaýyň garaýşy açyk aýdylanda, olar muňa sowuk-sala garamaýarlar.
I asyrdaky mesihçiler doglan günleri bellemeýärler. «Uorld buk» ensiklopediýasynda aýdylmagyna görä, I asyrdaky mesihçiler «doglan günleri bellemekligi ýalan dinden gelip çykan hasaplaýarlar». Mukaddes Kitapda Isanyň şägirtleriniň we ondan tälim alan adamlaryň ähli mesihçilere görelde galdyrandygy aýdylýar (2Selanikliler 3:6).
Isanyň yzyna eýerýänler doglan güni däl-de, Isanyň ölen gününi belleýärler (Luka 22:17—20). Şol sebäpli Mukaddes Kitapda «adamyň ölen güni doglan gününden gowudyr» diýilmegi geň galdyrmaýar (Nesihat 7:1). Isa ölmezinden öň Hudaýyň öňünde ýagşy at galdyrdy. Şonuň üçinem onuň ölen güni doglan gününden has wajypdyr (Ýewreýler 1:4).
Mukaddes Kitapda Hudaýyň gullukçylarynyň doglan gününi belländigi aýdylmaýar. Elbetde, bu tötänlik däl. Sebäbi Mukaddes Kitapda Hudaýa gulluk etmeýän iki adamyň doglan gününi belländigi aýdylýar. Bu adamlaryň ikisiniň hem doglan gününiň yzynyň erbetlige ýazandygy aýdylýar (1 Musa 40:20—22; Markus 6:21—29).
Ýehowanyň Şaýatlarynyň çagalary doglan günleri bellemeýändikleri üçin özlerini kemsidilýän ýaly duýýarmy?
Aladaçyl ene-atalar ýaly, Ýehowanyň Şaýatlary hem çagalaryny söýýändigini hemişe görkezýärler. Meselem, olar çagalaryna sowgat berýärler we gyzykly oturyşyklary gurnaýarlar. Olar çagalaryna hemişe iň gowy zady berýän Hudaýdan görelde alýarlar (Matta 7:11). Ýehowanyň Şaýatlarynyň çagalarynyň özlerini kemsidilýän ýaly duýmaýandygyny şu sözler görkezýär:
«Garaşylmadyk wagty sowgat almak has-da ýakymly bolýar» (Temmi, 12 ýaşynda).
«Ene-atam maňa doglan günümde däl-de, başga günleri sowgat berýärler. Bu maňa gaty ýaraýar, sebäbi men garaşylmadyk sowgatlary gowy görýärin» (Gregoriý, 11 ýaşynda)
«Siz on minutlyk aýdym-sazy, tort iýmegi baýramçylyk hasaplaýarsyňyzmy? Siz biziň öýümize gelseňiz, hakyky baýramçylygyň nähili geçirilýändigini görersiňiz!» (Erik, 6 ýaşynda).