«Garawul diňi, Mukaddes Kitap we kitapçalar jemgyýeti» näme?
1884-nji ýylda ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň kanunyna laýyklykda döredilen «Garawul diňi, Mukaddes Kitap we kitapçalar jemgyýeti» täjirçilik guramasy däl. Ýehowanyň Şaýatlary guramasy arkaly bütindünýä wagyz işini amala aşyryp, Mukaddes Kitaby we oňa esaslanan edebiýatlary çap edýärler.
Bu jemgyýet «dini, bilim bermek we haýyr-sahawat» işini amala aşyrmak, esasan-da, «Mesih Isanyň ýolbaşçylygynda Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny wagyz etmek hem-de tälim bermek» maksady bilen döreldildi. Onuň agzalary berýän pul sadakalarynyň möçberine görä saýlanmaýar. Jemgyýetiň agzalary we direktorlary Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahatyna kömek edýärler.
Guramanyň beýleki ýuridiki taraplary
Pensilwaniýadaky «Garawul diňi, Mukaddes Kitap we kitapçalar jemgyýetinden» başga Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli ýurtlarda ençeme ýuridiki taraplary bar. Olaryň käbiri «Watch Tower», «Watchtower» («Garawul diňi») ýa-da ýerli dile terjime edilen adyny ulanýarlar.
Ýuridiki taraplar döredileninden bäri köp üstünlikler gazanyldy. Aşakda käbir mysallar getirilen:
Ýazuw we neşir işi. Biz 700-den gowrak dilde takmynan 220 million Mukaddes Kitaby we oňa esaslanan 40 milliard edebiýatlary çap etdik. Jw.org web-saýtymyz bolsa 120-den gowrak dilde Mukaddes Kitaby tölegsiz okamaga we «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen ýaly soraglara jogap tapmaga mümkinçilik berýär.
Tälim bermek işi. Biz Mukaddes Kitaba esaslanan dürli mekdepleri geçirýäris. Meselem, 1943-nji ýyldan bäri 8 000-den gowrak Ýehowanyň Şaýady Gilead mekdebinde tälim aldy; olar dünýäniň dürli künjeginde missioner bolup gulluk edýärler we ýygnaklary berkidip, bütindünýä wagyz işini goldaýarlar. Her hepde millionlarça wagyzçylar we şol sanda Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlar ýygnak duşuşyklary arkaly tälim alýarlar. Şeýle-de biz sowatsyz adamlara okamagy hem-de ýazmagy öwretmek üçin ýörite klaslary döretdik, 110 dilde okuw kitabyny çap etdik.
Haýyr-sahawat işi. Biz kimdir biri sebäpli, meselem, 1994-nji ýylda Ruandada bolan genosid (adamlary köpçülikleýin gyrmak) ýa-da 2010-njy ýylda Gaitide bolan ýertitreme ýaly betbagtçylykdan ejir çeken adamlara maddy taýdan kömek edýäris.
Görşümiz ýaly, biz jemgyýetimiz we ýuridiki birleşiklerimiz arkaly köp işleri amala aşyrýarys. Emma esasy alyp barýan wagyz işimiz olara bagly däl. Her bir mesihçi hoş habary wagyz etmek we tälim bermek babatda Hudaýyň beren tabşyrygyny ýerine ýetirmäge borçly hasaplanýar (Matta 24:14; 28:19, 20). Biz Hudaýyň mundan beýläk-de wagyz işimizi goldap, ony «ösdürjekdigine» doly ynanýarys (1 Korinfliler 3:6, 7).