Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary öň imandaşy bolan adam bilen gatnaşmaýarmy?

Ýehowanyň Şaýatlary öň imandaşy bolan adam bilen gatnaşmaýarmy?

 Biz suwa çümdürilen, ýöne wagtyň geçmegi bilen wagyz etmegini we Ýehowanyň Şaýatlary bilen gatnaşmagyny bes eden imandaşlarymyzdan özümizi çetde tutmaýarys. Gaýtam, biz olar bilen görşüp, ýene-de ruhy taýdan berkär ýaly goldamaga çalyşýarys.

 Biz agyr günä eden imandaşymyzy derrew ýygnak gatnaşygyndan kesmeýäris. Eger özüni Hudaýa bagyş edip suwa çümdürilen mesihçi Mukaddes Kitabyň ahlak kadalaryny bilgeşleýin bozsa we toba etmese, şonda ol ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Erbet adamy araňyzdan aýryň» diýilýär (1 Korinfliler 5:13).

 Eger äri ýygnak gatnaşygyndan kesilip, aýaly bilen çagalary Ýehowanyň Şaýady bolsa näme? Olar indi Hudaýa bilelikde sežde edip bilmeseler-de, ýakyn maşgala gatnaşyklary bozulmaýar. Şeýle-de olar maşgala bolup gündelik işlerini etmegi dowam edip biler.

 Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam duşuşyklara gelip bilýär. Eger ol islese, ýygnak ýaşulularyndan maslahat alyp biler. Olaryň maksady her bir gatnaşykdan kesilen dogana ýa-da uýa ýene-de Ýehowanyň Şaýady bolmak üçin talaba laýyk gelmäge kömek etmek. Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam erbet endiklerini taşlasa we Mukaddes Kitabyň tabşyryklaryna höwes bilen eýerse, ol öňküsi ýaly Ýehowanyň Şaýady bolup biler.