Ýehowanyň Şaýatlary diňe öz dinini dogry hasaplaýarmy?
Dini ynançlaryna çynlakaý garaýan adamlar öz dininiň Hudaýa ýaraýandygyna ynamly bolmaly. Ýogsam, olar şol dine näme üçin uýýarka?
Isa pygamber köp dinler ýa-da köp ýol ýaşaýşa eltýär diýmedi. Ol: «Ebedi ýaşaýşa eltýän gapy dar, ýol insiz, ony tapýanlar azdyr» diýdi (Matta 7:14). Ýehowanyň Şaýatlary şol ýoly tapandygyna ynanýarlar. Ýogsam, olar başga dini gözlärdiler.