Ýehowanyň Şaýatlary Isa pygambere ynanýarlarmy?
Hawa. Biz Isa ynanýarys. Ol: «Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn. Hiç kim mensiz Atamyň ýanyna baryp bilmez» diýdi (Ýahýa 14:6). Biz Isanyň gökden ýer ýüzüne gelendigine we kämil ynsan janyny töleg hökmünde gurban edendigine iman edýäris (Matta 20:28). Isanyň ölümi we direlişi oňa iman edýän adamlara ebedi ýaşaýşa gowuşmaga mümkinçilik berýär (Ýahýa 3:16). Şeýle-de biz Isanyň häzir Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy bolup höküm sürýändigine we tizden ýer ýüzüne parahatlyk getirjekdigine ynanýarys (Ylham 11:15). Biz Isanyň: «Atam menden beýikdir» diýen sözlerine hem ynanýarys (Ýahýa 14:28). Şonuň üçin biz Isa sežde etmeýäris, sebäbi onuň Gudratygüýçli Hudaý däldigini bilýäris.