Holokost döwri kynçylyklara döz gelen Ýehowanyň Şaýatlary
Holokost döwri Germaniýada we faşistleriň golastyndaky ýerlerde 35 000 Ýehowanyň Şaýady ýaşaýardy. Olaryň 1 500 töweregi aradan çykýar, köpüsiniň näme sebäpden ölendigi belli däl. Geçirilýän barlaglaryň netijesinde holokost bilen bagly maglumatlar üýtgäp durýar.
Olar nädip öldi?
Ölüm jezasy. Germaniýada we faşistleriň golastyndaky ýerlerde 400-e golaý Ýehowanyň Şaýadyna ölüm jezasy berildi. Olaryň köpüsi kazyýetiň karary bilen ölüme höküm edilip, başy alynýar. Käbirlerine bolsa kazyýet işi geçirilmezden atuw jezasy berildi we dardan asyldy.
Türmäniň elhenç şertleri. Faşistleriň konslagerinde we türmelerinde 1 000-den gowrak Ýehowanyň Şaýatlary öldürildi. Olar agyr işlerden, zorluk-sütemden, açlykdan, sowukdan we keselden ýaňa öldüler. Şeýle ýowuz şertlerde ýaşandyklary üçin olaryň käbiri Ikinji jahan urşunyň ahyrynda boşadylansoň köp wagt geçmänkä aradan çykdy.
Başga sebäpler. Ýehowanyň Şaýatlarynyň käbiri türmede gaza boglup we ýörite sanjymlar edilip öldürildi. Käbiri bolsa lukmanlaryň ölüm howply ylmy barlaglarynyň netijesinde öldüler.
Olar näme üçin yzarlandylar?
Ýehowanyň Şaýatlaryny Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandyklary üçin yzarladylar. Faşistler Ýehowanyň Şaýatlaryndan Mukaddes Kitaba garşy gelýän zatlary etmegi talap edende, olar boýun gaçyrdylar. Sebäbi olar «adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýyna gulak asdylar» (Resullar 5:29). Ýehowanyň Şaýatlary şu iki ýagdaýda wepaly boldular:
Syýasy işlerde bitaraplygy saklamak. Faşistleriň döwründe-de, şu günler hem Ýehowanyň Şaýatlary bütin dünýäde syýasy işlerde bitaraplygyny saklaýar (Ýahýa 18:36). Faşistleriň döwründe olar...
harby gullukdan boýun gaçyrdylar we uruşlary goldamadylar (Işaýa 2:4; Matta 26:52).
saýlawlarda ses bermediler we faşistleriň guramasyna goşulmadylar (Ýahýa 17:16).
faşistleriň nyşanyna tagzym etmediler we «Haýl Gitler!» diýmediler (Matta 23:10; 1 Korinfliler 10:14).
Hudaýa sežde etmek. Häkimiýetler Ýehowanyň Şaýatlarynyň işini gadagan etseler-de, olar...
Hudaýa doga we sežde etmek üçin ýygnanyşýardylar (Ýewreýler 10:24, 25).
hoş habary wagyz edýärdiler we Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary ýaýradýardylar (Matta 28:19, 20).
adamlara, hatda ýewreýlere-de ýagşylyk edýärdiler (Markus 12:31).
imandan dänmek hakdaky resminama gol çekmän, Hudaýa wepaly galýardylar (Markus 12:30).
Professor Robert Gerwart kitabynda şeýle ýazýar: «Faşistleriň döwründe imany üçin diňe Ýehowanyň Şaýatlaryny yzarlandy. Konslagerdäki beýleki tussaglar Ýehowanyň Şaýatlarynyň berk imanyny görüp haýran galdylar. a Awstriýaly bir tussag: «Olar urşa gatnaşmaýar. Olar adam öldüreninden, özleriniň ölenini gowy görýärler» diýýär.
Olar nirede öldi?
Konslagerler: Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi Oswensim, Buhenwald, Dahau, Flossenbýurg, Mauthauzen, Noýengamma, Niderhagen, Rawensbrýuk we Zaksenhauzen konslagerinde öldi. Diňe Zaksenhauzen konslageriniň özünde 200-e golaý Ýehowanyň Şaýady öldi.
Türmeler: Ýehowanyň Şaýatlarynyň käbirini türmede gynap öldürdiler. Käbirini bolsa soraga tutanlarynda, urup öldürdiler.
Ölüm jezasy berlen ýerler: Ýehowanyň Şaýatlary Berlin-Plýotsenze, Brandenburg we Galle türmesinde öldürildi. Şeýle-de käbir resminamalara görä, Ýehowanyň Şaýatlary başga-da 70-e golaý ýerde öldürildi.
Öldürilen adamlar
Ady: Helena Gotthold
Öldürilen ýeri: Plýotsenze (Berlin)
Iki çaganyň ejesi Helena birnäçe sapar tussag edilýär. 1937-nji ýylda ony soraga tutup, zorluk-sütem edýärler. Şonda onuň göwresindäki çagasy düşýär. 1944-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Berlindäki Plýotsenze türmesinde onuň başyny alýarlar.
Ady: Gerhard Libold
Öldürilen ýeri: Brandenburg
1943-nji ýylyň 6-njy maýynda 20 ýaşly Gerhardyň başyny alýarlar. Iki ýyl mundan öň şol türmede onuň kakasynyň hem başyny alypdylar. Gerhard soňky hatynda maşgalasyna we gelinligine şeýle sözleri ýazýar: «Men şu synaga diňe Hudaýyň kömegi bilen döz geldim».
Ady: Rudolf Auşner
Öldürilen ýeri: Galle
1944-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Rudolfyň başyny alýarlar. Şol wagt ol bary-ýogy 17 ýaşyndady. Rudolf ejesine ýazan soňky hatynda şeýle diýýär: «Doganlaryň köpüsi ýowuz synaglarda Hudaýa wepaly galdylar, muny menem başararyn».
a Hitler’s Hangman: The Life of Heydrich, sahypa 105.