Esasy materiala geçiň

Eger men Mukaddes Kitap okuwyny geçsem, hökman Ýehowanyň Şaýady bolmalymy?

Eger men Mukaddes Kitap okuwyny geçsem, hökman Ýehowanyň Şaýady bolmalymy?

 Ýok, sizden Ýehowanyň Şaýady bolmak talap edilmeýär. Millionlarça adamlar bilen mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmasa-da, Mukaddes Kitap okuwy geçirilýär a. Okuwyň maksady sizi Mukaddes Kitabyň taglymatlary bilen tanyşdyrmak. Alan bilimiňize eýermelimi ýa-da eýermeli däldigini siziň özüňiz çözýärsiňiz. Biz Hudaýa iman etmek meselesinde her kimiň öz garaýşynyň bardygyna düşünýäris (Ýuşa 24:15).

Men okuwyň dowamynda öz Mukaddes Kitabymy ulanyp bilerinmi?

 Hawa. Biz esasan «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesini» ulansak-da, siz okuwyň dowamynda öz Mukaddes Kitabyňyzy hem ulanyp bilersiňiz. Siz Mukaddes Kitabyň umyt we gutulyş berýän habaryny islendik terjimeden öwrenip bilersiňiz.

Siz ynanjyňyzy kabul etmeýän adamlar bilen näme üçin okuw geçirýärsiňiz?

  •   Ilki bilen, muňa Ýehowa Hudaýa bolan söýgimiz höweslendirýär. Sebäbi ol mesihçileriň öwrenen zatlaryny başgalar bilen paýlaşmaklaryny isleýär (Matta 22:37, 38; 28:19, 20). Biz adamlara Mukaddes Kitaby öwrenmäge kömek edip, «Hudaýyň işdeşleri» bolmakdan uly hormatyň ýokdugyna düşünýäris (1 Korinfliler 3:6—9).

  •   Şeýle-de ýakynymyza bolan söýgi höweslendirýär (Matta 22:39). Biz öwrenen gymmatly hakykatlarymyzy başgalara uly höwes bilen paýlaşmakdan şatlyk tapýarys (Resullar 20:35).

a Meselem, 2023-njy ýylda biz her aý ortaça 7 281 212 adam bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçirdik. Olaryň köpüsi bilen bir wagtda okuw geçirildi. Emma şol ýyl 269 517 adam suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady boldy.