Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçmegiň nähili peýdasy bar?

Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçmegiň nähili peýdasy bar?

 Mukaddes Kitap okuwy nädip geçirilýär?

 Ýehowanyň Şaýatlarynyň biri size Mukaddes Kitaby temalar boýunça öwreder. «Ebedi ýaşaň!» atly kitap size Mukaddes Kitaba has gowy düşünmäge we peýdasyny görmäge kömek eder. Köpräk bilmek üçin şu wideony görüň.

 Okuw töleglimi?

 Ýok. Ýehowanyň Şaýatlary Isa pygamberiň: «Mugt aldyňyz, mugt hem beriň» diýen sözlerine eýerýärler (Matta 10:8). Mukaddes Kitap ýa-da «Ebedi ýaşaň!» okuw esbaby üçinem pul tölemek gerek däl.

 Okuw näçe wagt dowam edýär?

 Okuw 60 sapakdan ybarat. Her gezek näçeräk okuw geçmelidigini özüňiz çözýärsiňiz. Köp adamlar her hepde bir ýa birnäçe sapagy geçýär.

 Okuwa başlamak üçin näme etmeli?

  1.  1. Saýtymyzdaky haýyşnamany dolduryň. Şahsy maglumatyňyz diňe siziň bilen habarlaşjak Ýehowanyň Şaýadyna berler.

  2.  2.Ýehowanyň Şaýatlarynyň biri siziň bilen habarlaşar. Ol size Mukaddes Kitap okuwynyň nädip geçirilýändigini düşündirer we soraglaryňyza jogap berer.

  3.  3.Okuwyň wagtyny we ýerini mugallymyňyz bilen gürleşiň. Okuwy görşüp, telefon, wideo, hat ýa-da elektron poçtasy arkaly geçip bolýar. Her sapak takmynan bir sagat dowam edýär, ýöne wagtyny ýagdaýyňyza görä azaldybam, köpeldibem bilersiňiz.

 Birki sapak geçip görsem bolarmy?

 Hawa, munuň üçin saýtymyzdaky haýyşnamany doldurmaly. Ýehowanyň Şaýady siziň bilen habarlaşanda birki sapak geçmek isleýändigiňizi aýdyň. Ol siziň bilen «Ebedi ýaşaň!» broşýuradan okuw geçer. Okuw göwnüňize ýarasa, dowam edip bilersiňiz.

 Mukaddes Kitap okuwyna başlasam, hökman Ýehowanyň Şaýady bolmalymy?

 Ýok. Ýehowanyň Şaýatlary adamlar bilen okuw geçmegi gowy görse-de, dinine geçmäge mejbur etmeýär. Haýsy dine uýmalydygyny her kimiň özi çözýär. Biz adamlaryň gelýän kararyna hormat goýýarys (1 Petrus 3:15).

 Öz Mukaddes Kitabymy ulansam bolarmy?

 Arkaýyn ulanyp bilersiňiz. Ýehowanyň Şaýatlary «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesini» düşnükli hem adaty hasaplaýar. Ýöne siz haýsy terjimäni halasaňyz, aýatlary şondan okap bilersiňiz.

 Okuwa başga adamlary hem çagyrsam bolarmy?

 Hawa. Isleseňiz, tutuş maşgalaňyzy ýa-da dost-ýarlaryňyzy çagyryp bilersiňiz.

 Ýehowanyň Şaýatlary bilen öň okuw geçen bolsam, ýene-de başlasam bolarmy?

 Elbetde! Häzirki okuw programmasy adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutup, hasam gyzykly geçer ýaly düzüldi.

 Mukaddes Kitap okuwyny özbaşdak geçsem bolýarmy?

 Hawa. Adamlaryň köpüsi okuwy Ýehowanyň Şaýatlary bilen geçmegi gowy görýär, ýöne käbirler ilki özbaşdak geçip görmek isleýär. Saýtymyzdaky «Mukaddes Kitaby öwrenmek üçin esbaplar» diýen bölümde peýdaly boljak esbaplar bar. Aşakda olaryň käbiri getirilen: