Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin käbir garaýyşlaryny özgertdiler?
Biziň taglymatlarymyz hemişe Mukaddes Kitaba esaslanýar. Şol sebäpli Mukaddes Kitaba has aýdyň düşünenimizde, biz garaýşymyzy özgerdýäris a.
Şeýle özgerişler Nakyllar 4:18-däki prinsipe esaslanýar. Onda: «Dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy kimindir, Ol süýr günortana çenli barha ýagtylýar» diýilýär. Günüň nury daş-töweregi kem-kem ýagtylandyryşy ýaly, Hudaý hem hakykat baradaky düşünjämizi öz wagtynda kem-kemden aýdyňlaşdyrýar (1 Petrus 1:10—12). Mukaddes Kitapdaky pygamberlige görä, Hudaý muny «dünýäniň soňuna», ýagny soňky günlerde has-da çaltlandyrdy (Danyýar 12:4).
Düşünjämiz bilen bagly edilen özgerişlikler bizi geň galdyrmaly ýa-da biynjalyk etmeli däl. Hudaýyň geçmişde ýaşan gullukçylary hem käbir zatlara nädogry düşünipdiler we umyt edýän zatlary babatda ýalňyşypdylar. Şol sebäpli olar garaýşyny üýtgetmeli boldular.
Hudaýyň bellän wagtyndan 40 ýyl öň Musa pygamber özüni ysraýyl halkynyň halasgäri saýýardy (Resullar 7:23—25, 30, 35).
Resullar Mesihiň öldürilip, soňra direldiljekdigi baradaky pygamberlige nädogry düşünýärdiler (Işaýa 53:8—12; Matta 16:21—23).
I asyrdaky mesihçileriň käbiri «Ýehowanyň gününiň» gelmeli wagty barada ýalňyşypdylar (2 Selanikliler 2:1, 2).
Ýöne Hudaý olara nädogry garaýşyny özgertmäge kömek etdi. Şu günler onuň bize-de kömek etmegi üçin doga edýäris (Ýakup 1:5).
a Biz Mukaddes Kitaba esaslanan düşünjämizi özgerdenimizde, muny gizlemeýäris, gaýtam, olary aç-açan ýazýarys we çap edýäris. Mysal üçin, edebiýatlarymyzyň elektron görnüşindäki indeksinden «Taglymatlaryň düşündirilişi» diýen bölüme seredip bilersiňiz.