Ýehowanyň Şaýatlary maşgalalary dargadýarmy?
Ýehowanyň Şaýatlary maşgalasynyň agzybir bolmagy üçin elinde baryny edýärler. Olar adamlara-da maşgalasyny dargatmazlyga kömek edýärler. Biz maşgalany döreden Hudaýa hormat goýýarys (1 Musa 2:21—24; Efesliler 3:14, 15). Maşgalanyň agzybir hem-de bagtly bolmagy üçin Ýehowa Mukaddes Kitapda köp kada-kanunlary ýazdyrdy.
Ýehowanyň Şaýatlary maşgalasyny nädip agzybir edýärler?
Biz Mukaddes Kitapdaky maslahatlar boýunça ýaşamaga jan edýäris. Sebäbi olar bize gowy är, aýal we ene-ata bolmaga kömek edýär (Nakyllar 31:10—31; Efesliler 5:22—6:4; 1 Timoteos 5:8). Şol maslahatlar hatda maşgalada dini biri-birinden tapawutlanýan adamlara-da uly kömek edýär (1 Petrus 3:1, 2). Geliň, äri ýa-da aýaly Ýehowanyň Şaýady bolan adamlaryň näme diýýändigini bileliň.
«Durmuş guranymyzdan soň, alty ýyllap oňuşmadyk, günümiz uruşsyz-sögüşsiz geçmeýärdi. Ýöne aýalym Iweti Ýehowanyň Şaýady bolansoň, has sabyrly hem mähirli bolup, maşgala ojagymyzy dargatmady» (braziliýaly Klaur).
«Başda ärim Çansa Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanyna garşy çykýardym. Sebäbi olar maşgalany bozýar diýip pikir edýärdim. Ýöne Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň maşgalamyzy agzybir edýändigine düşündim» (zambiýaly Agnes).
Adamlara wagyz edip, Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň olara nädip kömek edip biljekdigini öwredýäris.
Är-aýalyň dini tapawutlansa agzalalyk döreýärmi?
Hawa, käte agzalalyk bolýar. Meselem, 1998-nji ýylda Sofres kampaniýasynyň hasabatyna görä, äri ýa-da aýaly Ýehowanyň Şaýady bolan 20 maşgaladan diňe birinde uly kynçylyk boldy.
Isa pygamber yzyna eýerýän adamlaryň maşgalasynda agzalalygyň boljakdygyny aýdypdy (Matta 10:32—36). Taryhçy Will Durantyň aýtmagyna görä, Rim imperiýasynda «maşgalalaryň darmagynda köplenç Isanyň şägirtlerini günäkär hasaplaýardylar» a. Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlaryny günäkärleýärler. Ýöne dogrudanam, maşgalalar Şaýatlar sebäpli dargaýarmy?
Ynsan hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti Ýehowanyň Şaýatlarynyň maşgalany dargadýandygy baradaky aýyplamalar esasynda karar çykaranda, bir zady gowy belleýär. Köplenç maşgalada Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adam agzalalyk döredýär. Sebäbi «olar maşgala agzalarynyň saýlan dinine hormat goýman, garşy çykýarlar». Kazyýet ýene-de şeýle belleýär: «Şeýle ýagdaýlar dini tapawutlanýan islendik maşgalada, hatda Ýehowanyň Şaýatlarynda hem bolup bilýär» b. Ýehowanyň Şaýatlary adamlaryň garşy çykýandygyna garamazdan, Mukaddes Kitapdaky şu maslahata eýermäge jan edýärler: «Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň... Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak bolalyň» (Rimliler 12:17, 18).
Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin diňe öz dinindäki adamlar bilen durmuş gurmaly?
Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitapdaky «diňe Halypamyzyň şägirdi bilen maşgala gurmaly» diýen görkezmä eýerýärler. Diýmek, olar diňe öz dinindäki adam bilen durmuş gurmaly (1 Korinfliler 7:39). Şeýle etmek olaryň özleri üçinem gowy bolýar. Meselem, 2010-njy ýylyň bir žurnalynda aýdylyşy ýaly, dini we ynanýan zatlary birmeňzeş bolan adamlar maşgalada düşünişip ýaşaýarlar c.
Ýehowanyň Şaýatlary hiç wagt başga dine uýýan ýanýoldaşyny taşlamagy ýa-da aýrylyşmagy maslahat bermeýärler. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Eger bir doganyň iman etmeýän aýaly onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, ol aýalyny taşlamasyn. Eger uýanyň iman etmeýän äri onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, uýa ärinden gitmesin» (1 Korinfliler 7:12, 13). Ýehowanyň Şaýatlary-da şu talaba eýerýärler.