Ýehowanyň Şaýatlary missioner gullugyna gatnaşýarmy?
Elbetde, Ýehowanyň Şaýatlary nirede ýaşaýandygyna garamazdan, gullukda duş gelýän adamlara yhlasly wagyz edip, missionerlik ruhuny görkezýärler (Matta 28:19, 20).
Olaryň käbiri Mukaddes Kitapdaky hoş habary eşitmedik adamlaryň ýaşaýan ýerine gidip wagyz edýärler ýa-da şol ýere göçýärler. Käbiri bolsa, gullugyny giňeltmek üçin daşary ýurda göçýär. Isa: «Bütin ýer ýüzünde men barada şaýatlyk edersiňiz» diýdi. Ýehowanyň Şaýatlary bu pygamberligiň ýerine ýetmegine gatnaşýandygyna begenýärler (Resullar 1:8).
1943-nji ýylda missionerlere ýörite tälim bermek üçin mekdep döredildi. Şondan bäri «Gilead mekdebi» diýlip atlandyrylan bu mekdepde Ýehowanyň 8000-den gowrak Şaýady tälim alýar.