Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasynda aýal-gyzlar hem wagyz edýärmi?
Hawa. Ýehowanyň Şaýatlarynyň ählisi wagyz edýär. Olaryň arasynda millionlarça aýal-gyzlaram bar. Mukaddes Kitapda pygamberlik edilişi ýaly, «hoş habary ýaýradýan zenanlar uly goşundyr» (Zebur 68:11).
Ýehowanyň Şaýady bolan aýal-gyzlar Mukaddes Kitapda agzalýan aýallaryň göreldesine eýerýärler (Nakyllar 31:10—31). Olar ýygnakda ýolbaşçylyk etmeseler-de, wagyz etmäge doly gatnaşýarlar. Şeýle-de olar çagalaryna Mukaddes Kitapdaky prinsiplere düşünmäge kömek edýärler (Nakyllar 1:8). Ýehowanyň Şaýady bolan aýal-gyzlar sözde hem iş ýüzünde görelde görkezmäge jan edýärler (Titus 2:3—5).