Ýehowanyň Şaýatlary ylma nähili garaýarlar?
Biz adamlaryň ylymda gazanan üstünliklerine hormat goýýarys we ylmy taýdan subut edilen açyşlara ynanýarys.
«Ylym — tebigaty we ondaky zatlaryň ýagdaýyny öwrenmek hem-de olar arkaly alýan bilimimiz» (Collins Cobuild Advanced Learner’s English Dictionary). Mukaddes Kitap ylmy kitap bolmasa-da, onda tebigaty öwrenmäk we alymlaryň eden açyşlaryndan peýdalanmak maslahat berilýär. Geliň, birnäçe mysala seredeliň:
Astronomiýa: «Başyňyzy galdyryň, göklere serediň. Olary kim ýaratdy? Ol ýyldyzlara buýruk berýär, Ýekän-ýekän sanaýar, Her biriniň adyny tutup çagyrýar» (Işaýa 40:26).
Biologiýa: «Ol (Süleýman) Liwandaky kedr agajyndan başlap, diwarda çyrmaşyp ösýän issop otuna çenli ösümliklerden söz açardy, haýwanlar, guşlar, süýrenijiler, mör-möjekler, balyklar hakda gürrüň ederdi» (1 Patyşalar 4:33).
Lukmançylyk: «Lukman sag adamlara däl-de, syrkawlara gerekdir» (Luka 5:31).
Howa ylmy: «Garyň ammarlaryna girdiňmi? Jöwenegiň ammarlaryny gördüňmi?... Gündogar ýeli nireden öwüsýär?» (Eýýup 38:22—24).
Edebiýatlarymyzda ylma hormat goýmalydygy aýdylýar. Olarda tebigat we ylymda gazanylan üstünlikler barada makalalar bar. Mesihçi ene-atalar daş-töweregini gurşap alýan zatlara has gowy düşünmekleri üçin çagalaryna bilim berýärler. Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi ylym bilen bagly, ýagny himiýa, matematika we fizika ýaly zatlar bilen iş salyşýarlar.
Ylmyň mümkinçilikleri çäklidir
Biz ylmyň ýüze çykýan soraglaryň barysyna jogap berip bilmejekdigini bilýäris a. Meselem, geologlar ýeriň gatlagynyň nämeden ybaratdygyny derňeýärler. Biologlar bolsa adam organizminiň nädip işleýändigini öwrenýärler. Emma ýer şary ýaşaýyş üçin näme sebäpden diýseň amatly? Ynsan bedeni näme üçin örän sazlaşykly işleýär?
Biz bu soraglara diňe Mukaddes Kitabyň kanagatlanarly jogap berýändigine ynanýarys (Zebur 139:13—16; Işaýa 45:18). Şol sebäpli biz ylym bilen bilelikde Mukaddes Kitaby hem gowy öwrenmelidigine düşünýäris.
Käte ylym Mukaddes Kitabyň öwredýän zatlaryna garşy gelýän ýaly bolup görünmegi mümkin. Ýöne, aslynda käbir gapma-garşylyklar Mukaddes Kitabyň öwretmelerine nädogry düşünendigimiz sebäpli ýüze çykýar. Meselem, Hudaýyň Sözünde ýer şarynyň göni manyda 24 sagatdan ybarat bolan 6 günde ýaradylmandygy aýdylýar (1 Musa 1:1; 2:4).
Giňden ýaýran teoriýalaryň käbiri ylmy taýdan ýeterlikli subut edilmedik we olary abraýly alymlaryň käbiri inkär edýär. Mysal üçin, tebigatdaky zatlaryň belli bir maksat bilen ýaradylandygyny görüp, biz köp biologlaryň, himikleriň we başga-da alymlaryň sözleri bilen ylalaşýarys. Olar janly-jandarlaryň ewolýusiýa arkaly ýa-da öz-özünden döremändigini aýdýarlar.
a Awstriýaly fizik we Nobel baýragynyň eýesi Erwin Şredingeriň aýtmagyna görä, ylym «ýüregimize ýakyn bolan hem-de wajyp zatlar barada asla gürrüň bermeýär». Albert Eýnşteýn bolsa: «Durmuşda ýüze çykýan kynçylyklarymyzy diňe akyl-paýhasyňa daýanyp çözüp bolmaýandygyna öz tejribämizde göz ýetirdik» diýdi.