Esasy materiala geçiň

Ukrainanyň Harkow şäherindäki dogan-uýalar bomba atylyp durka gizlenýär

3 MART, 2022
UKRAINA

Ýehowanyň Şaýatlary Ukrainadaky imandaşlaryna kömege ýetişdi

Ýehowanyň Şaýatlary Ukrainadaky imandaşlaryna kömege ýetişdi

2022-nji ýylyň fewral aýynyň 24-ne Russiýa Ukraina çozdy. Ukrainada 129 000-den gowrak Ýehowanyň Şaýady ýaşaýar. Filial dogan-uýalara ilkinji kömegi bermek we gerek-ýarak zatlaryny ýetirmek üçin 27 sany Betbagtçylykda kömek edýän komitet (BKEK) döretdi. Ýehowanyň Şaýatlary uruş başlaly bäri biri-birine elinden gelen kömegi gaýgyrmaýarlar, göwünlik berip, duýgudaşlyk bildirýärler.

Dogan-uýalaryň köpüsi ýurtda galdy, käbiri bolsa gaçyp gaýtdy. Ukrainadan gaýdanlar serhetden geçjek bolup, gümrükhanada üç-dört günläp garaşmaly boldy. Olar uzyn nobata durdular, nobatyň uzynlygy 30 kilometre ýetýärdi. Gümrükhananyň golaýynda ýaşaýan wagyzçylar nobata duran imandaşlaryna suw, iýmit getirip berdiler, kyn gününde ruhlandyrdylar. Serhetden geçenleri bolsa goňşy ýurtlarda ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlary jw.org ýazgysy bilen garşy aldylar we näme kömek gerek bolsa etdiler.

Polşaly (çep tarapda) we Slowakiýaly (sag tarapda) uýalar Ukrainadan gaçyp baran imandaşlaryna garaşyp dur

Betbagtçylyk

  • Harkow şäherinde ýygnak hyzmatçysy bolup gulluk eden lal doganymyz Petro Mozul bomba atylanda aradan çykdy

    Gynansagam, 2022-nji ýylyň 1-nji martynda Harkowda bomba atylanda bir lal dogan aradan çykdy, aýaly bolsa agyr ýalandy

  • 3 uýa şikes ýetdi

  • 5 000-den gowrak wagyzçy öýüni taşlap gaýtdy

  • 2 sany dogan-uýanyň öýi tutuşlygyna ýumruldy

  • 3 imandaşymyzyň öýüne uly zyýan ýetdi

  • 35 imandaşymyzyň öýüne sähel zyýan ýetdi

  • 2 sany Ýygnak jaýyna zyýan ýetdi

  • Köp wagyzçylaryň ýaşaýan ýerinde elektrik togy, gyzgyn suw, aragatnaşyk ulgamy, agyz suwy kesildi

Kömek

  • Ukrainada 27 sany Betbagtçylykda kömek edýän komitet döredildi

  • BKEK 867 wagyzçyny howpsuz ýere göçürdi

  • BKEK uruşda zyýan çekenlere suw, iýmit we başga-da zerur zatlary ýetirip durdy

Şu hasabat uruş ýaňy başlan wagty iberildi.

Ukrainadaky dogan-uýalar ertirki günüň nähili boljakdygyny bilmese-de, şu wagtky kyn ýagdaýlarda çydamly bolup, dogry garaýşy saklaýar. Olar imandaşlaryna doganlyk söýgüsini hem bildirýärler. Biz olar üçin gije-gündiz doga-dileg edýäris (Nakyllar 9:10; 1 Selanikliler 4:9).