Esasy materiala geçiň

Alena uýa weýran bolan öýüniň öňünde dur. Dogan-uýalar derrew kömege geldi

4 IÝUL, 2022
UKRAINA

HASABAT No. 10 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

«Olar batyrgaý, aladaçyl hem ynamdar»

HASABAT No. 10 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

Ukrainadaky dogan-uýalar janyny aýaman, henizem bir-birine elinden gelen kömegi edýär.

Iýun aýynyň 6-syna 81 ýaşly Alena atly uýamyzyň öýüniň golaýyna bomba düşdi. Bombanyň düşen ýeri ýedi metr oý bolup galdy. Uýamyzyň goňşularynyň öýi tutuşlygyna ýumruldy. Onuň öýüne uly zyýan ýetse-de, Hudaýa şükür, özüne hiç zat bolmady.

Alena şeýle gürrüň berýär: «Süýji ukuda ýatyrkam, diwar gaýtdy. Ol tas kelläme düşüpdi. Birsalymyň içinde daş-töwerek ala tozan, gara tütün boldy. Aýna gyýçaklar, daşlar dumly-duşa pytrap gitdi. Diri galanyma Ýehowa şükür edýärin. Partlamadan soň doganlar meni görmäge geldiler, olaryň arasynda hatda öz öýi ýykylyp ýumrulan dogan hem bardy. Olar birbada näme diýjeginem bilmediler. Men olaryň gelenine begendim. Kyn günüňde dogan-uýalaryň ýanyňda bolmagy ganat berýän eken».

Ýygnakdaky ýaşlar bilen Alena uýadan hemişe habar alyp durýan Serži diýen ýygnak ýaşulusy şeýle diýýär: «Alena uýanyň öýüniň ýanyna bomba düşendigini eşidip, ýüregim ýaryldy. Men onuň ýagdaýy agyrdyr öýtdüm, ýöne diňe birki ýeriniň gögerendigini görüp ýüregim ynjaldy. Haýran galaýmaly, öýi ýumrulansoň Alena uýanyň birinji soran zady bir edebiýatymyz boldy. Ol ony partlamadan birnäçe gün öň alypdy».

Dogan-garyndaşlary oňa ýaşar ýaly öý tapyp berdiler. Dogan-uýalaram ýerli-ýerden gerek zatlaryny ýetirýärler, ýaşulular her gün halyndan habar alýarlar. Olar hatda Alena uýa ýygnakda gowy eşidip biler ýaly, gulak apparatyny hem alyp berdiler. Uýamyz imandaşlaryna minnetdarlyk bildirip, şeýle diýýär: «Käte gaty ejizleýän, ýöne ýygnak duşuşyklary güýjüme güýç goşýar. Dogan-uýajyklarym günde jaň edip durýar. Olaryň eden ýagşylygy ömürboýy ýadymdan çykmaz».

Bir är-aýal 200 wagyzçy bilen Ýygnak jaýynyň ýerzemininde ýaşady. Aýaly şeýle gürrüň berýär: «Biziň şeýle aladaçyl, mähirli ýaşulularymyz bar eken. Olary görenimde, goýunlaryny ýolbarsyň we aýynyň penjesinden halas eden Dawut ýadyma düşýärdi. Ýerzemindäki ýaşulular iýer-içer ýaly zat, şemdan üçin ýag ýa-da ýangyç getirmek üçin janyny howp astyna salýardylar. Olaryň kömegi bilen, biz ýygnak we wagyz duşuşyklaryny yzygider geçirip bilýärdik. Şäheri bombalap ýörkälerem, ýygnak ýaşululary öýünde oturan dogan-uýalaryň halyndan habar alýardylar. Olara iýmit, suw eltip berýärdiler we ruhlandyrýardylar. Şu zatlary görüp, ýaşululara hormatym hasam artdy. Öň olar meniň üçin ökde mugallym, wagyzçydy, ýöne indi olara janyňy ynansa hem bolýar. Batyrgaý, aladaçyl hem ynamdar ýaşululara ýürekden minnetdar!»

Ukrainanyň bir ýygnagyndaky wagyzçylar filiala hat ýazdylar. Olar hatynda Betbagtçylykda kömek edýän komitetde gulluk edýän doganlar barada şeýle diýýärler: «Doganlara näçe sagbolsun aýtsagam az. Ýehowa imandaşlarymyz arkaly aladamyzy etdi. Biz Isanyň: „Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler“ diýen sözleriniň dogrudygyna göz ýetirdik» (Ýahýa 13:35).

Ukrainanyň käbir welaýatyndaky, şäherlerindäki dogan-uýalar bilen habarlaşyp bolanok. Ýöne ýerli doganlar 2022-nji ýylyň 21-nji iýunyna çenli şu maglumatlary ýetirdiler:

Betbagtçylyk

  • 42 wagyzçy aradan çykdy

  • 83 wagyzça şikes ýetdi

  • 31 185 imandaşymyz başga şähere gaçmaly boldy

  • 495 dogan-uýanyň öýi tutuşlygyna ýumruldy

  • 557 imandaşymyzyň öýüne uly zyýan ýetdi

  • 1 429 imandaşymyzyň öýüne sähel zyýan ýetdi

  • 5 Ýygnak jaýy ýumruldy

  • 8 Ýygnak jaýyna uly zyýan ýetdi

  • 34 Ýygnak jaýyna sähel zyýan ýetdi

Kömek

  • Ukrainadaky 27 sany Betbagtçylykda kömek edýän komitet dogan-uýalaryň aladasyny edýär

  • BKEK 52 348 wagyzçyny howpsuz ýere göçürdi

  • 23 433 imandaşymyz başga ýurda gaçdy, baran ýerindäki dogan-uýalar olara gerek zadyny ýetirdi