18 IÝUL, 2022
UKRAINA
HASABAT No. 11 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli
Uruşdan kösenýänlere «ýagşylyk ediň»
Ukrainadaky dogan-uýalar ýene-de öňki ýaly wagyz edip bilýändigine begendiler. Olarda köp gyzykly wakalaram boldy. Etrap gözegçileri we ýygnak ýaşululary adamlaryň edebiýatly stendimizi, dogan-uýalary görüp begenendigini aýtdylar.
Odessa welaýatynyň Sergeýewka ýygnagyndan Tatýana atly uýa keselçilikden öňki wagyz eden adamlaryny gaýtadan ideg edýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Wagyz edip başlan günümden bäri, men Ýehowanyň elini görýärin. Bir gezek men bir aýalyň öýüne bardym. Ol keselçilikden öň Mukaddes Kitapdan okuw geçmek islemändi. Ýöne bu gezek onuň Mukaddes Kitapdan gürrüňdeşlik edesiniň gelýändigi görnüp durdy. Men oňa okuw geçmegi teklip etdim, olam razylaşdy. Şondan soň men öňki ideglerimiň hemmesiniň öýüne baryp, olara Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip etmek kararyna geldim».
Ýewheniý bilen Liliýa Mariupol şäherinde ýaşaýardy. Ýöne olar öýüni taşlap, Ukrainanyň howpsuz şäherine gaçyp gaýtmaly bolýar. Olar baran ýerinde-de wagyz etmegini goýmaýar. Olar şeýle gürrüň berýär: «Wagyz etmek kynçylyklardan ünsümizi sowmaga kömek edýär. Elbetde, bar zady unudyp, täze durmuşa başlamak aňsat däl. Hemme zat üýtgedi. Ýöne Ýehowanyňam eli gysga däl, ol mukaddes ruhuny berýär. Dogan-uýalaram täze ýere, täze ýagdaýa öwrenişmäge kömek edýär».
Ukrainanyň beýleki şäherlerindäki doganlar adamlara ýagşylyk edip, Hudaýyň adyny şöhratlandyrdylar. Meselem, Nikolaýew şäherindäki doganlar betbagtçylyk bolan ýerlere kömek edýän halkara gurama kömek etdiler. Olar raýatlara kömek üçin ulanylýan ammarlary, suw turbalaryny bejerdiler, tekjelerini ýasadylar we tonna-tonna zatlary ýerleşdirdiler. Halkara guramanyň wekili olaryň eden işlerini görende, gözýaşlaryny saklap bilmän: «Men şeýle zatlary edersiňiz öýtmändim» diýdi.
Ukrainadaky dogan-uýalar köp kynçylyklary gördüler. Ýöne olar wagyz işine yhlasly gatnaşyp, «adamlara ýagşylyk edip» şatlygyny ýitirmeýärler (Galatýalylar 6:9).
Ukrainanyň käbir welaýatyndaky, şäherlerindäki dogan-uýalar bilen habarlaşyp bolanok. Ýöne ýerli doganlar 2022-nji ýylyň 13-nji iýulyna çenli şu maglumatlary ýetirdiler:
Betbagtçylyk
42 wagyzçy aradan çykdy
97 wagyzça şikes ýetdi
28 683 imandaşymyz başga şähere gaçmaly boldy
524 dogan-uýanyň öýi tutuşlygyna ýumruldy
588 imandaşymyzyň öýüne uly zyýan ýetdi
1 554 imandaşymyzyň öýüne sähel zyýan ýetdi
5 Ýygnak jaýy ýumruldy
10 Ýygnak jaýyna uly zyýan ýetdi
36 Ýygnak jaýyna sähel zyýan ýetdi
Kömek
Ukrainadaky 27 sany Betbagtçylykda kömek edýän komitet dogan-uýalaryň aladasyny edýär
BKEK 52 947 wagyzçyny howpsuz ýere göçürdi
23 863 imandaşymyz başga ýurda gaçdy, baran ýerindäki dogan-uýalar olara gerek zadyny ýetirdi