Esasy materiala geçiň

2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda Ukrainada wagyzçylar suwa çümdürilýär

12 AWGUST, 2022
UKRAINA

HASABAT No. 12 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

«Hatda uruş hem şägirt taýýarlamak işini saklap bilmedi»

HASABAT No. 12 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

2022-nji ýylyň «Parahatlygy saklaň!» atly welaýat kongresi döwründe iýul aýynyň 23-inden 31-i aralygynda Ukrainadaky we başga ýurtlara gaçyp giden wagyzçylar suwa çümdürildi. Awgust aýynyň 2-sine çenli suwa çümdürilenleriň sany 1 113-e ýetdi. Ukrainaly bir dogan şeýle diýýär: «Hatda uruş hem şägirt taýýarlamak işini saklap bilmedi. Sebäbi Isa: „Men... soňuna çenli siziň bilen bolaryn“ diýip wada beripdi» (Matta 28:20).

Geliň, käbir täsirli wakalara seredeliň.

63 ýaşly Natalýa Lugansk welaýatynyň Kreminna şäherinde ýaşaýardy. Ol 1990-njy ýyllarda iki gyzy bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Gyzlary suwa çümdürilse-de, Natalýa ösüş etmeýärdi. Uruş başlanda Ýehowanyň Şaýady bolan bir maşgala howpsuz ýere göçenlerinde Natalýany hem alyp gidýärler. Şeýdip, ol Iwano-Frankowsk şäherindäki Ýygnak jaýynda ýaşap başlaýar.

Natalýa şeýle gürrüň berýär: «Ýarylýan bombalaryň sesinden ýaňa, ýylgyrmagyň nämedigem ýatdan çykypdy, ýüzümiň nury öçüpdi. Ýöne dogan-uýalar tüýs gerek wagty söýgi bilen aladamy etdi. Men olaryň eden ýagşylygyny hiç wagt ýadymdan çykarmaryn. Men Ýehowanyň ýürekden söýýändigine göz ýetirdim. Men her gün Mukaddes Kitaby okap başladym. Bir uýa maňa „Ebedi ýaşaň!“ kitabyndan okuw teklip etdi. Şonda hamala Ýehowa maňa elini uzadan ýaly boldy. Häzir men suwa çümdürilip Ýehowanyň Şaýady boldum. Gelen kararyma hijem ökünemok. Men „Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý“ diýen iň wajyp tabşyryga eýermegi ýüregime düwdüm» (Matta 22:37).

Olýa Polşada «Parahatlygy saklaň!» atly ýazgyny saklap dur

Çerkasyda ýaşan Olýa uruş başlamanka wagyzçy bolupdy. Ol 6-njy martda gyzy we agtygy bilen Polşa gaçyp gidýär. Olýa şeýle gürrüň berýär: «Biz öýden diňe sumkalarymyz bilen çykyp gaýtdyk, ýöne dogan-uýalar üçimiziň hem aladamyzy etdi. Olaryň eden ýagşylygyny görüp, Ýehowanyň guramasynyň agzybirdigine we oňa mukaddes ruhy arkaly ýolbaşçylyk edýändigine göz ýetirdim. Şondan soň men Ýehowa özümi bagyş edip, suwa çümdürilmegi ýüregime berk düwdüm. Ol meni agyr günlerde ýeke goýmady. Men Ýehowa diýseň minnetdar. Galan ömrüme diňe Ýehowa gulluk ederin».

Donesk welaýatynda ýaşan 18 ýaşly Ýuliýanyň ene-atasy Ýehowanyň Şaýadydy. Ýöne ol ruhy taýdan ösmeýärdi. Ýuliýa başyndan geçiren zatlaryny şeýle gürrüň berýär: «Men ölerin öýdüp gorkup ýere ýatdym, sebäbi ýaşaýan köçämiz ýykan-ýumran boldy. Ýöne diňe biz diri galdyk. Şol zatlardan soň men Ýehowa doga edip, onuň häsiýetleri barada oýlanyp başladym. Şonda Ýehowa bilen dostlugym hasam berkäp, ömrümi oňa bagyş edesim geldi. Dogalaryma jogap alanymdan soň, Ýehowanyň meni güýçli söýýändigine göz ýetirdim. Men öň Ýehowany gowy tanamaýardym, ýöne häzir Ol meniň ýakyn dostum». Ýuliýa 23-nji iýulda suwa çümdürildi.

11 ýaşly Dawid Germaniýada suwa çümdürilmezden öň

11 ýaşly Dawid uruş başlanda maşgalasy bilen Germaniýa gaçyp gidýär. Ol dokuz ýaşynda wagyzçy bolupdy. Ol goýan maksatlary barada şeýle diýýär: «Men ýakyn dostum Ýehowany gowy görýärin. Şonuň üçin özümi oňa bagyş etdim. Suwa çümdürilip Ýehowanyň maşgalasyna goşulan günüm, begenjimden ýaňa gözýaşymy saklap bilmedim. Men adamlara Ýehowa we onuň niýetleri barada gürrüň bermegi gowy görýärin. Şonuň üçin pioner bolmagy maksat goýdum. Şeýle-de ýygnak hyzmatçysy bolup, dogan-uýalara-da kömek edesim gelýär. Ýöne 2018-nji ýyldan bäri, meniň esasy maksadym Beýtelde gulluk etmek. Sebäbi şol ýyl Lwow şäherindäki Beýtele baryp görüpdim».

Kiýewde ýaşan Olena 2011-nji ýylda wagyzçy bolupdy, ýöne ruhy taýdan gowşap, 10 ýyllap wagyz etmeýär. 2020-nji ýylda ýaşulular onuň bilen habarlaşyp, «Ýehowa dolanyň» atly broşýurany berýärler. Olena şeýle gürrüň berýär: «Men ýene-de Mukaddes Kitap okuwyny geçip, ýygnaklara gatnap başladym. Ýöne biraz wagtdan ýene-de hemme zady taşladym. Uruş başlanda Ýehowa dogalaryma jogap berdi, meni gorady, wepaly söýgüsini görkezdi, kalbyma rahatlyk berdi. Men uruş sebäpli Rumyniýa gaçyp gaýtdym we Ýehowanyň Şaýatlaryny tapdym. Dogan-uýalar meni gujak açyp garşy aldylar, mähir bilen aladamy etdiler. Şonda hamala Ýehowa aýazly howada üstüme ýyljajyk ýorgan atan ýaly boldy. Men 24-nji iýulda suwa çümdürildim. Ýehowanyň maňa sabyrly garaşanyna diýseň minnetdar. Men „güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir“ diýen sözleriň dogrudygyna göz ýetirdim» (Filipililer 4:13).

Aşakdaky maglumat 2022-nji ýylyň 2-nji awgustyna çenli berlen hasabat. Maglumatlary Ukrainadaky doganlar habar berdi. Hasabatda getirilen sanlar mundanam köp bolmagy mümkin, sebäbi Ukrainanyň käbir welaýatyndaky dogan-uýalar bilen habarlaşmak kyn:

Urşuň ýetiren zyýany

  • 43 wagyzçy aradan çykdy

  • 97 wagyzça şikes ýetdi

  • 22 568 wagyzçy başga şähere gaçmaly boldy

  • 586 wagyzçynyň öýi tutuşlygyna ýumruldy

  • 613 wagyzçynyň öýüne uly zyýan ýetdi

  • 1 632 wagyzçynyň öýüne sähel zyýan ýetdi

  • 5 sany Ýygnak jaýy ýumruldy

  • 10 sany Ýygnak jaýyna uly zyýan ýetdi

  • 37 sany Ýygnak jaýyna sähel zyýan ýetdi

Berlen kömek

  • Ukrainadaky 27 sany Betbagtçylykda kömek edýän komitet (BKEK) dogan-uýalaryň aladasyny edýär

  • BKEK 53 836 wagyzçyny howpsuz ýere göçürdi

  • 24 867 wagyzçy başga ýurda gaçdy, şol ýerdäki dogan-uýalar olara kömek etdi