Esasy materiala geçiň

Başga şäherlerden gaçyp baran 60 dogan-uýa Lwow şäherindäki Ýygnak jaýynda Ýatlama agşamynda

29 APREL, 2022
UKRAINA

HASABAT No. 7 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

210 000-den gowrak adam Ýatlama agşamyna gatnaşdy

HASABAT No. 7 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

Uruş bolsa-da, tutuş Ukrainadaky dogan-uýalar Ýatlama agşamyna gatnaşyp bildi. Ukrainanyň günbataryndaky ýygnaklar başga şäherlerden gaçyp gelen ildeşlerini myhman aldylar. Dogan-uýalar toparlara bölünip, Ýatlama agşamyna Ýygnak jaýlarynda, öýünden çykyp bilmedikler bolsa wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Harkow şäherinde dogan-uýalar Ýatlama agşamyny ýerzeminde geçirýär

Ýatlama agşamy güni köp şäherlerde howpy duýdurýan signal günuzyn ýaňlanyp durdy. Ýöne Ýatlama agşamy başlamazyndan sähel öň, onuň sesi öçdi. Donesk welaýatynyň Družkowka şäherinden Sergiý dogan şeýle gürrüň berýär: «Biz Ýatlama agşamyny geçirmäge hiç zat päsgel bermesin, sag-aman geçireli diýip doga etdik. Geň galaýmaly, Ýatlama agşamy başlamanka, ok-ýaragyň, howpy duýdurýan signalyň sesi ýatdy».

Kiýewiň golaýyndaky Nemeşaýewo obasynda ýaşaýan garry hemem ýarawsyz dogan-uýalar bir aýdanam köp wagtlap ýygnaga gatnaşyp bilmändi. Olar: «Ýatlama agşamyna bir gatnaşyp bileli» diýip, Ýehowa doga etdiler. Ýygnak ýaşulusy Witaliý şol dogan-uýalaryň Ýatlama agşamyna gatnaşmagy üçin elinde baryny etdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Şol gün çyra-da ýokdy, howa-da sowukdy. Ýöne biz şem ýakdyk. Sazam bolmansoň, gyzym skripkada saz çalyp berdi, bizem hezil edip aýdym aýtdyk. Şeýdip, Ýatlama agşamyny sag-aman geçirdik».

Uruş gidip duran ýerde ýaşaýan ýygnak ýaşulysy Oleksandr şeýle diýýär: «Ýatlama agşamy döwri geçirilen wagyz kampaniýasynda biz hat ýazyp bilmedik, sebäbi öýlerimiz ýykan-ýumrandy. Ýöne biz şonda-da çykalga tapdyk. Tanyş-bilişlerimizi, ýerzeminde ýanymyzda oturan adamlary Ýatlama agşamyna çagyrdyk. Olaryň köpüsi Ýehowanyň Şaýatlary barada eşidibem görmändir. Şonuň üçin olar Ýatlama agşamyna geldiler».

Bir är-aýal elektrik togy bolmansoň, Ýatlama agşamyny şem ýakyp geçirýär. Olar golaýyndaky oba baryp, generatordan telefonlaryna zarýad berdiler

Heniz Ukrainadaky köp ýygnaklardan doly hasabat gelmedi. Ýöne gelen hasabata görä, 210 000-den gowrak adam Ýatlama agşamyna gatnaşdy.

Ukrainaly bir dogan Ýatlama agşamy barada şeýle diýdi: «Maýagyň deňizçilere kenary görmäge kömek edişi ýaly, Ýatlama agşamy hem Ýehowanyň höküm gününiň ýetip gelýändigini iman gözi bilen görmäge kömek etdi».

Ukrainanyň käbir welaýatyndaky, şäherlerindäki dogan-uýalar bilen habarlaşyp bolanok. Ýöne ýerli doganlar 2022-nji ýylyň 21-nji apreline çenli şu maglumatlary ýetirdiler:

Betbagtçylyk

  • 35 wagyzçy aradan çykdy

  • 60 wagyzça şikes ýetdi

  • 43 792 imandaşymyz başga şähere gaçmaly boldy

  • 374 dogan-uýanyň öýi tutuşlygyna ýumruldy

  • 347 imandaşymyzyň öýüne uly zyýan ýetdi

  • 874 imandaşymyzyň öýüne sähel zyýan ýetdi

  • 1 Ýygnak jaýy ýumruldy

  • 10 Ýygnak jaýyna uly zyýan ýetdi

  • 27 Ýygnak jaýyna sähel zyýan ýetdi

Kömek

  • Ukrainadaky 27 sany Betbagtçylykda kömek edýän komitet dogan-uýalaryň aladasyny edýär

  • BKEK 44 971 wagyzçyny howpsuz ýere göçürdi

  • 19 961 imandaşymyz başga ýurda gaçdy, baran ýerindäki dogan-uýalar olara gerek zadyny ýetirdi