23 MAÝ, 2022
UKRAINA
HASABAT No. 8 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli
Aladaçyl doganlar ruhlandyrýarlar
Ukrainada ýagdaý gitdigiçe erbetleşýär. Şonuň üçin Ukrainanyň filialy dogan-uýalara has köp üns berip, olara çopançylyk idegini etmek kararyna geldi. Jogapkär doganlar uruş bolýan ýerden gaçyp gaýdan müňlerçe dogan-uýalary ruhlandyrdy. Olaryň idemegi dogan-uýalary ruhlandyryp, kyn gününde söýget boldy. Filial komitetindäki doganlar Ukrainanyň günbatar şäherlerine gaçyp baran dogan-uýalary ruhlandyryp gaýdansoň, Uzgorod şäherindäki Ýygnak jaýynda 30-a golaý dogan-uýa bilen ýaşaýan bir uýa şeýle gürrüň berdi: «Doganlar ideg edensoň, hamala Ýehowa meni gujagynda göteren ýaly boldy».
Doganlar wagtyny gaýgyrman, hatda Betbagtçylykda kömek edýän 27 komitetdäki 100-e golaý dogan-uýany hem ideg etdiler. BKEK-de gulluk edýän Ihor dogan şeýle diýýär: «Aýalym ikimizi BKEK-de gulluk etmäge bellänlerinde biz uruş bolýan ýerden göçüp gaýdypdyk, özümizem gaty ýadawdyk. Filial komitetiniň bir agzasy işi köp bolsa-da, wagt tapyp bizi ünsli diňledi. Onuň aladamyzy edýändigini görüp begendik. Biz edil bäbek ýaly ejizdik. Elimizden hiç zat gelmeýärdi, näme edip, näme goýjagymyzy bilmeýärdik. Diňe Ýehowa doga edýärdik. Hudaýam dogalarymyzy jogapsyz goýmady».
Uruş gidip duran ýerde 4 Ýygnak jaýy ýumruldy, 8 sanysyna uly zyýan ýetdi, 33 sanysyna bolsa sähel zyýan ýetdi.
Ukrainanyň käbir welaýatyndaky, şäherlerindäki dogan-uýalar bilen habarlaşyp bolanok. Ýöne ýerli doganlar 2022-nji ýylyň 17-nji maýyna çenli şu maglumatlary ýetirdiler:
Betbagtçylyk
37 wagyzçy aradan çykdy
74 wagyzça şikes ýetdi
45 253 imandaşymyz başga şähere gaçmaly boldy
418 dogan-uýanyň öýi tutuşlygyna ýumruldy
466 imandaşymyzyň öýüne uly zyýan ýetdi
1 213 imandaşymyzyň öýüne sähel zyýan ýetdi
4 Ýygnak jaýy ýumruldy
8 Ýygnak jaýyna uly zyýan ýetdi
33 Ýygnak jaýyna sähel zyýan ýetdi
Kömek
Ukrainadaky 27 sany Betbagtçylykda kömek edýän komitet dogan-uýalaryň aladasyny edýär
BKEK 48 806 wagyzçyny howpsuz ýere göçürdi
21 786 imandaşymyz başga ýurda gaçdy, baran ýerindäki dogan-uýalar olara gerek zadyny ýetirdi