Esasy materiala geçiň

Dogan-uýalar kömek üçin gelen zatlary daşap ýörler

10 IÝUN, 2022
UKRAINA

HASABAT No. 9 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

HASABAT No. 9 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

Ukrainadaky 27 sany Betbagtçylykda kömek edýän komitet uruş sebäpli ejir çeken dogan-uýalara entegem gerekli kömegi berip dur. Uruş başlaly bäri, kömek üçin Polşadan 250 tonnadan gowrak zat geldi. Olaryň arasynda iýmit, egin-eşik we arassaçylyk üçin ähli gerek zatlar bar. Ukrainanyň asuda şäherlerindäki dogan-uýalaram 80 tonnadan köpräk azyk önümlerini iberdi.

BKEK-de gulluk edýän dogan-uýalar köplere kömek etdiler. Kiýewde ýaşaýan Walentina uýa şeýle minnetdarlyk hatyny ýazdy: «Uruş başlanda şäherde galar ýaly bolmady. Janymy halas etmek üçin Çerkas oblastyna göçmeli boldum. Şu ýere gelenime iki aýdanam köp wagt boldy. Bärdäki dogan-uýalar ýerli-ýerden aladamy edip, birgiden azyk önümlerini we arassaçylyk üçin gerekli zatlary getirip berdiler. Olaryň berýän kömegine näçe sagbolsun aýtsamam az. Bir gezek gelen zatlaryň arasynda dört ýaşlyja Blanka diýen gyzjagaz owadan suratly hat iberipdir. Hatdaky surat henizem göz öňümden gidenok. Dogan-uýalara, esasanam, Ýehowa eden ýagşylyklary üçin ýürekden minnetdar».

Çagalar ruhlandyryjy hatjagazlary ýazýarlar, suratlary çekýärler

Sewerodonesk şäherinden 83 ýaşly Walentina atly ýene bir uýa şeýle hat ýazdy: «Heniz uruş başlamanka, ýekeje oglum aradan çykdy. Men ýeke ýaşaýardym. Şäheri uzakly gün bombalaýardylar. Men gaty gorkýardym. Suw, tok, gaz ýokdy, Internetem zordan işleýärdi. Ýöne doganlar öz janyny orta goýup, maňa kömege ýetişdiler. Goý, olaryň janlary sag bolsun!

Biraz wagtdan doganlar meniň bilen ýarawsyz ýene iki uýany uruş bolmaýan Dnipro şäherine göçürdiler. Ol ýerdäki doganlar maňa ýaşar ýaly ýer tapyp berdiler. Häzir men bir maşgalanyň öýünde ýaşaýaryn, olar meniň öz oglum-gyzym ýaly aladamy edýär. Hatda ýygnaga gatnaşyp biler ýaly, telefonam alyp berdiler. Dogan-uýalaryň söýgüsini we aladasyny ömürboýy ýatdan çykarmaryn».

Ukrainadaky imandaşlarymyzy eliniň aýasynda göterýändigi üçin Ýehowa Atamyza alkyş baryny aýdýarys. Ýehowanyň gullukçylary hiç wagt «hor bolmaz» diýen sözlerem ýüregimize giňlik berýär (Zebur 34:10).

Ukrainanyň käbir welaýatyndaky, şäherlerindäki dogan-uýalar bilen habarlaşyp bolanok. Ýöne ýerli doganlar 2022-nji ýylyň 7-nji iýunyna çenli şu maglumatlary ýetirdiler:

Betbagtçylyk

  • 42 wagyzçy aradan çykdy

  • 82 wagyzça şikes ýetdi

  • 46 145 imandaşymyz başga şähere gaçmaly boldy

  • 469 dogan-uýanyň öýi tutuşlygyna ýumruldy

  • 540 imandaşymyzyň öýüne uly zyýan ýetdi

  • 1 405 imandaşymyzyň öýüne sähel zyýan ýetdi

  • 5 Ýygnak jaýy ýumruldy

  • 8 Ýygnak jaýyna uly zyýan ýetdi

  • 33 Ýygnak jaýyna sähel zyýan ýetdi

Kömek

  • Ukrainadaky 27 sany Betbagtçylykda kömek edýän komitet dogan-uýalaryň aladasyny edýär

  • BKEK 50 663 wagyzçyny howpsuz ýere göçürdi

  • 22 995 imandaşymyz başga ýurda gaçdy, baran ýerindäki dogan-uýalar olara gerek zadyny ýetirdi