Esasy materiala geçiň

16 NOÝABR, 2022
UKRAINA

HASABAT No.13 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

Öýden-öýe wagyz etmek ýene-de ýola goýuldy

HASABAT No.13 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

2022-nji ýylyň awgust aýynda Ukrainanyň howpsuz ýerlerinde öýden-öýe wagyz etmek ýene-de ýola goýuldy. Dogan-uýalar gullugyň bu görnüşine höwes bilen gatnaşýarlar. Mukaddes Kitapdaky hoş habara köp adamlar seslendi. Okuw geçmäge razylaşan bir adam şeýle sözleri aýtdy: «Uruş sebäpli adamlaryň ejir çekişini görüp, biziň kynçylygymyzy diňe Hudaýyň çözüp biljekdigine göz ýetirdim». Geliň, wagyzda bolan käbir wakalar hakda gürrüň edeliň.

Laniwsi ýygnagynda gulluk edýän Ruslan dogan birbada öýden-öýe wagyz etmäge biraz çekinýär. Ol aýaly bilen Ýehowa doga edip batyrgaýlyk soraýar we hoş habara seslenjek adamlary tapmaga kömek etmegini haýyş edýär. Şondan iki sagat geçmänkä, olar sekiz sany adam bilen gürrüňdeş bolýar. Şol adamlaryň ählisi Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge razylaşýar. Ruslan bilen aýaly dogasyna jogap alandygyna begenýär.

Kremens ýygnagynda gulluk edýän Olga uýa wagyz edip ýörkä ýanyna bir adam ylgap gelip: «Siz Hudaý barada gürrüň berýärsiňizmi?» diýip sorady. Soňra ol: «Men çilim çekýärin, köp arak içýärin. Tizden men Hudaýyň kürsüsiniň öňünde durmaly boljakdygyma düşünýärin. Ýöne men Hudaýyň ýanyna çilimkeş we arakhor adam hökmünde barasym gelmeýär» diýýär. Netijede, şol ýerde ýaşaýan doganlar ýaňky adam bilen okuw geçip başlaýar.

Lwow-Rasne-Shidniý ýygnagynda gulluk edýän Wasil dogan wagyz topary bilen bir oba wagyz etmäge gidýär. Ol öýden-öýe wagyz edip ýörkä, bir aýal bilen gürrüňdeş bolýar. Wasil dogan şol aýala birnäçe ýyl mundan öňem wagyz edipdi. Şonda aýal: «Men Ýehowanyň Şaýatlary bilen gürleşmeýärin» diýip, Wasilä gaharly jogap beripdi. Wasil bu saparam onuň gapysyny kakyp, okuw geçmegi teklip edýär. Geň galaýmaly, şol aýal Mukaddes Kitap hakda has köpräk bilesi gelýändigini aýdýar. Netijede, aýal Mukaddes Kitap okuwyna razylaşýar.

Illins ýygnagynda gulluk edýän Sergiý dogan 2021-nji ýylda suwa çümdürilipdi, şol sebäpli ol entek öýden-öýe wagyz edip görmändi. Sergiý başda gaty alada edýär, şonuň üçinem wagyz etmäge gowy taýýarlyk görýär. Ol şeýle diýýär: «Men wagyz üçin teklipleriň wideolaryny gaýta-gaýta gördüm. Indi öwrenen zatlarymy aýtmaga batyrgaýlyk gerekdi». Sergiý öýden-öýe wagyz edip başlanda, onuň gorkusy zym-zyýat bolup, gaýgysy şatlyga öwrüldi.

Rozdil ýygnagynda gulluk edýän Nikol uýa hem 2022-nji ýylyň awgust aýynda suwa çümdürilmedik wagyzçy bolýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men öýden-öýe wagyz etmekden gaty gorkýardym. Ýöne wagza edip görenimden soň, adamlar bilen ýüzbe-ýüz gepleşip, Ýehowa barada wagyz etmegiň hasam şatlyk berýändigine düşündim».

Iki uýa öýden-öýe wagyz edýär

Aşakda Ukrainadaky ýagdaý barada 2022-nji ýylyň 11-nji noýabryna çenli gelen hasabat getirilýär. Ol ýerli doganlaryň hasabatyna esaslanýar. Hasabatdaky käbir sanlar köp bolmagy mümkin, sebäbi ýurduň käbir etraplary bilen habarlaşmak kyn bolýar.

Dogan-uýalar hakdaky maglumat

  • 46 wagyzçy aradan çykdy

  • 97 wagyzçy ýaralandy

  • 12 569 wagyzçy howpsuz ýere göçürildi

  • 590 öý ýumruldy

  • 645 öýe uly zyýan ýetdi

  • 1 722 öýe az zyýan ýetdi

  • 6 sany Ýygnak jaýy ýumruldy

  • 19 Ýygnak jaýyna uly zyýan ýetdi

  • 63 Ýygnak jaýyna az zyýan ýetdi

Berlen kömek

  • Ukrainada 27 sany «Betbagtçylykda kömek edýän komitet» (BKEK) dogan-uýalaryň aladasyny edýär

  • BKEK 53 948 wagyzçyny howpsuz ýere göçürdi

  • 25 983 wagyzçy daşary ýurda göçdi. Olara ýerli dogan-uýalar kömek etdiler