Esasy materiala geçiň

Týaçew şäherindäki Kongresler köşgi gaçgaklar üçin taýýarlandy

8 MART, 2022
UKRAINA

Hasabat No. 1 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

Hasabat No. 1 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

Ukrainanyň Mariupol, Harkow, Gostomel we başga-da şäherleriniň bombalanýandygy sebäpli dogan-uýalaryň ýagdaýy gün-günden kynlaşýar. Käbirleri bir hepdeläp ýerzeminde oturmaly boldy. Olaryň iýere zady azdy. Elektrik togy kesilensoň, Internet we telefon işlemeýärdi, dogan-uýalar bilen habarlaşyp bolmaýardy.

Gynansagam, Mirnograd şäherinde ýaşaýan 28 ýaşly doganymyz Dmitriý Rozdorskiý minanyň üstünden basyp agyr ýaralandy, soňam aradan çykdy. Ol ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýärdi. Biz atyşyk bolýan şäherlerde ýaşaýan we dogan-garyndaşlaryndan mahrum bolan imandaşlarymyz üçin doga-dileg edýäris (2 Selanikliler 3:1).

Bomba atylanda Owruç şäherindäki Ýygnak jaýyna uly zyýan ýetdi

Ukraina barada 2022-nji ýylyň 7-nji martyna çenli gelen hasabat:

Betbagtçylyk

  • 2 wagyzçy aradan çykdy

  • 8 wagyzça şikes ýetdi

  • 20 617 sany imandaşymyz başga şähere gaçmaly boldy

  • 25 sany dogan-uýanyň öýi tutuşlygyna ýumruldy

  • 29 imandaşymyzyň öýüne uly zyýan ýetdi

  • 173 imandaşymyzyň öýüne sähel zyýan ýetdi

  • 5 sany Ýygnak jaýyna zyýan ýetdi

Kömek

  • Ukrainadaky 27 sany Betbagtçylykda kömek edýän komitet dogan-uýalaryň aladasyny edýär

  • BKEK 6 548 wagyzçyny howpsuz ýere göçürdi

  • 7 008 sany imandaşymyz başga ýurda gaçdy, baran ýerindäki dogan-uýalar olara gerek zadyny ýetirdi

  • Ukrainanyň günbatarynda ýerleşýän Çernowsy, Iwano-Frankowsk, Lwow, Zakarpatskiý şäherlerinde gaçgaklar üçin bir Kongresler köşgüni we 30-a golaý Ýygnak jaýyny taýýarladylar.