Esasy materiala geçiň

Çep tarapda: Kiýewde ýumrulan jaý. Sag tarapda ýokarda: Dogan-uýalar ýerzeminde JW Library-dan Hudaýyň Sözüni okap ruhlanýar. Sag tarapda aşakda: Ukrainadan gaçyp baran bir maşgala Slowakiýada myhmançylykda

11 MART, 2022
UKRAINA

Hasabat No. 2 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

Hasabat No. 2 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

Mariupol şäherinde urşuň gazaply bolandygy üçin adamlar toksuz, suwsuz kösenýär. Hatda Internet, telefon hem işlemeýär. Köp jaýlaryň aýnalary weýran boldy. Adamlar iýjek-içjegini zordan tapýarlar. 2 500-den gowrak dogan-uýa Mariupol şäherinden çykyp bilmedi. Hökümet Buçada, Çernigowda, Gostomelde, Irpende, Kiýewde, Sumyda ýaşaýanlary howpsuz ýere göçürdi. Olaryň arasynda dogan-uýalar hem bardy.

36 ýaşly pioner bolup gulluk edýän ýaşuly dogan aýaly we ene-atasy bilen Gostomel şäherinden gaçmaly boldy. Ol başyndan geçiren zatlaryny şeýle gürrüň berýär:

«Öýümiziň üstünden harby uçarlar uçýardy. Köçelerden harby ulaglar eýläk-beýläk geçýärdi. Ýerzemindekäk, esgerler öýümize kürsäp girdiler. Olaryň biri ýerzeminde adam bardyr öýdüp, birnäçe gezek atdy. Atan oky ejemiň sumkasyna degdi. Hudaýa şükür, bize hiç zat bolmady. Üç-dört sagatlap sessiz-üýnsüz, hatda gymyldaman oturdyk. Daşardan ok-ýaragyň, bombalaryň sesi eşidilýärdi... Ertesi irden ýola düşenimizde, ýanymyzda uruş turup başlady. Şähere tanklar girdi... Şäherden çykyp gitmek howpludy, galmak ondanam beterdi.

Uruş sebäpli bar zat üýtgedi. Biz Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýermegi, ertirki günüň aladasyny etmezligi, barymyza kaýyl bolmagy, howp-hatarlarda Ýehowa has köp bil baglamagy öwrendik».

Ýehowa Hudaý Ukrainadaky dogan-uýalaryň çekýän jebrini görýär, ahy-nalasyny eşidýär. Ol gullukçylaryny hiç haçan taşlamaz (2 Petrus 2:9).

Bir maşgala ýerzeminde gizlenýär. Soňra howpsuz ýere göçürilýär

Ukraina barada 2022-nji ýylyň 10-njy martyna çenli gelen hasabat:

Betbagtçylyk

  • 2 wagyzçy aradan çykdy

  • 8 wagyzça şikes ýetdi

  • 25 407 sany imandaşymyz başga şähere gaçmaly boldy

  • 25 sany dogan-uýanyň öýi tutuşlygyna ýumruldy

  • 59 imandaşymyzyň öýüne uly zyýan ýetdi

  • 222 imandaşymyzyň öýüne sähel zyýan ýetdi

  • 7 sany Ýygnak jaýyna zyýan ýetdi

Kömek

  • Ukrainada 27 sany Betbagtçylykda kömek edýän komitet döredildi

  • BKEK 10 566 wagyzçyny howpsuz ýere göçürdi

  • 9 635 sany imandaşymyz başga ýurda gaçdy, baran ýerindäki dogan-uýalar olara gerek zadyny ýetirdi