16 MART, 2022
UKRAINA
Hasabat No. 3 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli
Mariupol şäherinde bomba ýarylanda, iki sany uýamyzyň aradan çykandygy hakda gynançly habar geldi. Urşuň gazaply dowam edýändigi üçin 2 000-den gowrak dogan-uýa şäherden çykyp bilenok. Ýöne ýaňy-ýakynda 150-den gowrak Ýehowanyň Şaýady şäherden çykdy. Ýolda atyşyk bolandygy sebäpli Betbagtçylykda kömek edýän komitet (BKEK) bilen işleşýän doganlar Mariupol şäherindäki dogan-uýalara derman, iýmit, suw we başga-da gerek-ýarak zatlary ýetirip bilmedi. Ýygnak jaýynyň we Kongresler köşgüniň golaýyna bomba düşdi. Şol wagt Ýygnak jaýynyň ýerzemininde 200-e golaý dogan-uýa bardy. Hudaýa şükür, olaryň hijisine zyýan ýetmedi. Ýöne ulaglaryndan nam-nyşan galmady. Şonuň üçin olara şäherden çykmak hasam kyn boldy.
Mariupol şäherinden maşgalasy bilen gaçan ýaşuly dogan (aşakdaky suratda) şeýle gürrüň berýär: «Biz jaýsyz, işsiz galdyk, dostlarymyz bilen habarlaşyp bilmedik. Bir günde baryp bolýan ýere alty günde bardyk. Şäherden çykyp barýarkak, ýolboýy ýarylmadyk bombalaryň tüsseläp durandygyny gördük. Barmaly ýerimize barýançak, dogan-uýalar iýer-içer ýaly zat we gijesine ýatar ýaly ýer tapyp berdiler. Biz gökdäki Atamyz Ýehowanyň aladamyzy edýändigini gözümiz bilen gördük. Indi biz Ýehowa has köp bil baglaýarys».
Ukrainadaky dogan-uýalar Ýewropanyň dürli ýurtlaryna gaçdylar. Meselem, ýygnak hyzmatçysy bolup gulluk edýän dogan aýaly we 7, 11, 16 ýaşlaryndaky çagalary bilen Portugaliýa gaçdy. Şol ýerde onuň dogan-garyndaşlary bardy, olar Ýehowanyň Şaýadydy. Dogan maşgalasy bilen serhetde 11 sagat durdy, soňam 4 gün ýol (4 000 km) söküp, dogan-garyndaşlarynyňka bardy. Olar ýygnak duşuşygynyň öň ýany bardylar, portugal dilini bilmeseler-de, ýadaw bolsalar-da ýygnaga gatnaşdylar. Ýygnakdakylar olaryň şol ýagdaýda-da şatlygyny ýitirmeýändigini görüp ruhlandylar.
Bir uýamyz bolsa maşgalasy bilen Germaniýa gaçyp gitdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Mukaddes Kitaby okamak, gowy zatlar hakda oýlanmak, täze dünýäni göz öňüne getirmek güýç berdi, imanymyzy berkitdi... Ýehowanyň bizi eliniň aýasynda göterýändigini, doganlar arkaly kömek edýändigini gördük. Ukrainada-da, Wengriýada-da we Germaniýada-da dogan-uýalar bizi güler ýüz bilen garşy alyp, kömegini gaýgyrmadylar».
Dogrudanam, Ýehowa Ukrainadaky dogan-uýalaryň aladasyny edýär (Zebur 145:14).
Ukrainanyň käbir welaýatyndaky, şäherlerindäki dogan-uýalar bilen habarlaşyp bolanok. Ýöne ýerli doganlar 2022-nji ýylyň 16-njy martyna çenli şu maglumatlary ýetirdiler:
Betbagtçylyk
4 wagyzçy aradan çykdy
19 wagyzça şikes ýetdi
29 789 sany imandaşymyz başga şähere gaçmaly boldy
45 sany dogan-uýanyň öýi tutuşlygyna ýumruldy
84 imandaşymyzyň öýüne uly zyýan ýetdi
366 imandaşymyzyň öýüne sähel zyýan ýetdi
16 sany Ýygnak jaýyna zyýan ýetdi
Kömek
Ukrainada 27 sany Betbagtçylykda kömek edýän komitet döredildi
BKEK 20 981 wagyzçyny howpsuz ýere göçürdi
11 973 sany imandaşymyz başga ýurda gaçdy, baran ýerindäki dogan-uýalar olara gerek zadyny ýetirdi