Olar höwes bilen gulluk edýärler — Ýuwaş okeanyň adalary
OTUZ BÄŞ ýaşlaryndaky Rena atly uýamyz Awstraliýada Ýehowa yhlasly gulluk edýän maşgalada önüp-ösdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Biz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine birnäçe gezek göçüpdik. Ejem bilen kakam çagalygym gyzykly hem şatlykly geçer ýaly elinde baryny etdi. Meniňem iki çagam bolanda, olaryň hem durmuşynyň şeýle gyzykly bolmagyny isledim».
*. Şonda biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň Awstraliýadaky hem-de Täze Zelandiýadaky filiallaryna hat ýazyp, nirelerde wagyzçylaryň ýetmeýändigini soradyk *. Geň galaýmaly, olar şol žurnalda okan Tonga adalaryna göçmegimizi teklip etdiler».
Renanyň ýoldaşy Şan kyrk ýaşlarynda. Onuň hem şeýle ruhy maksatlary bardy. Ol şeýle diýýär: «Ikinji çagamyz bolanda, „Garawul diňi“ žurnalynda bir maşgala barada okapdyk. Şol maşgala öz ýahtasynda Ýuwaş okeanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Tonga adalaryna aýlanyp, wagyz edipdirlerŞan bilen Rena ogly Jakeb hem gyzy Ski bilen Tongada bir ýyla golaý gulluk etdiler. Ýöne gozgalaň turansoň, olar Awstraliýa bialaç dolanmaly boldular. Muňa garamazdan, olar wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek maksadyndan el çekmediler. 2011-nji ýylda olar Awstraliýanyň gündogaryndan 1 500 km uzaklykda ýerleşýän Ýuwaş okeanyň kiçijik Norfolk adasyna göçdüler. Bu olara nähili täsir etdi? Häzir 14 ýaşyndaky Jakeb şeýle diýýär: «Ýehowa biziň diňe bir aladamyzy etmän, eýsem, gullugymyz hem gyzykly bolar ýaly bereket berdi!»
MAŞGALA BILEN GULLUK ETMEK
Köp maşgalalar Şan doganyň maşgalasy ýaly wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde höwes bilen gulluk edýärler. Olary göçmäge näme höweslendirýär?
«Adamlaryň köpüsi hoş habar bilen gyzyklanýardy. Bizem olar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny yzygider geçmek isleýärdik». Barnet
35 ýaşlaryndaky är-aýal Barnet bilen Simonyň 12 ýaşly Iston hem-de 9 ýaşly Kaleb atly ogullary bar. Olar Awstraliýanyň Kwinslend ştatynyň çetinde ýerleşýän Berktaun şäherine göçdüler. Barnet şeýle diýýär: «Ýehowanyň Şaýatlarynyň bu ýerde wagyz edip başlanyna bary-ýogy 3-4 ýyl boldy. Adamlaryň köpüsi hoş habar bilen gyzyklanýardy. Bizem olar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny yzygider geçmek isleýärdik».
50 ýaşlaryndaky Mark bilen Karen Awstraliýanyň Sidneý şäheriniň golaýyndaky birnäçe ýygnaklarda gulluk edipdiler. Soňra olar üç çagasy, ýagny gyzy Jesika, ogullary Jim hem Jek bilen Awstraliýanyň Demirgazyk Ýer ştatynyň çetinde ýerleşýän Nulunbaýa göçdüler. Mark şeýle diýýär: «Men adamlary gowy görýärin, şonuň üçinem olara kömek eder ýaly haýsy ýygnakda köp iş bolsa we köpräk wagyz etmeli bolsa, şol ýere gidesim gelýärdi». Karen bolsa göçmäge ýaýdanýardy. Ol: «Mark bilen ýygnakdaky dogan-uýalar meni ruhlandyransoň, hany, synanşyp göreýin diýdim. Indi bolsa göçenime begenýärin!» diýýär.
2011-nji ýylda Benýamin bilen Karolin gyzlary Jad (8 ýaşly) hem Briýa (6 ýaşly) bilen Awstraliýanyň Kwinslend ştatyndan Timor adasyndaky Timor-Leste diýen kiçijik ýurda göçüp geldiler. Benýamin şeýle diýýär: «Men öň aýalym Karolin bilen Timor-Lestede ýörite pioner bolup gulluk edipdim. Şol ýerde wagyz etmek şeýle hezildi, dogan-uýalaram bizi goldaýardy. Bu ýerden gitmeli bolanymyzda, gaty gynandyk, ýöne dolanyp gelmegi ýüregimize düwüpdik. Çagalarymyz bolanda bolsa, maksadymyzdan el çekmedik-de, ony biraz soňa goýduk». Karolin bolsa şeýle diýýär: «Biz çagalarymyz ruhy taýdan berk bolup ýetişer ýaly, olaryň missionerleriň, beýtelçileriň we ýörite pionerleriň arasynda ulalmagyny isledik».
GÖÇMEK ÜÇIN TAÝÝARLYK GÖRÜŇ
Isa şägirtlerine: «Siziň haýsy biriňiz bina gurmakçy bolanyňyzda... ilki oturyp, çykdajylary hasaplamaz?» diýdi (Luka 14:28). Şol sebäpli maşgalaňyz bilen başga ýere göçmekçi bolsaňyz, öňünden oýlanmaly. Munuň üçin nämäni ara alyp maslahatlaşmaly?
RUHY TAÝDAN BERKEMEK: Benýamin şeýle diýýär: «Biz dogan-uýalara ýük bolman, gaýtam, olara kömek edesimiz gelýärdi. Şonuň üçin biz göçmezden öň ruhy taýdan berkemegi maksat edindik. Biz köpräk wagyz edip başladyk hem-de ýygnakdaky işlere yhlasly gatnaşdyk».
Ýokarda agzalan Jakeb şeýle diýýär: «Biz Norfolk adasyna göçmänkäk, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk eden maşgalalar barada „Garawul diňi“ we „Oýanyň!“ žurnallaryndan köp makalalary okadyk. Soňra olaryň nähili kynçylyklara duş gelendigi we Ýehowanyň nädip olaryň aladasyny edendigi barada gürrüň etdik». Onuň 11 ýaşly gyz jigisi Ski bolsa: «Men ejem, kakam bilenem, özümem ençeme gezek doga etdim» diýýär.
ÝÜREGIŇI TAÝÝARLAMAK: Rena şeýle diýýär: «Dogan-garyndaşlarymyz, dost-ýarlarymyz golaýda ýaşaýandygy üçin, olara öwrenişipdim. Şol sebäpli ýaşaýan ýerimizden göçesim gelmeýärdi. Ýöne men goýup gaýtjak
zatlarym barada däl-de, maşgalamyza göçmegimiziň nähili peýda berjekdigi hakynda oýlanýardym».MEDENIÝETI ÖWRENMEK: Köp maşgalalar göçjek ýeri barada köpräk biljek bolýarlar. Mark şeýle diýýär: «Biz Nulunbaý barada köp zat okadyk. Şol ýerde ýaşaýan doganlar ýerli ýaşaýjylar hem olaryň medeniýeti barada köpräk bilmegimiz üçin bize höwes bilen gazetleri ugradýardylar».
Norfolk adasyna göçen Şan dogan bolsa şeýle diýýär: «Esasanam, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge jan etmeli. Eger göwnaçyk, mähirli, dogruçyl hem zähmetsöýer bolsaň, islendik ýerdäki adamlara öwrenişip bolýar».
KYNÇYLYKLARA DÖZ GELMEK
Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde üstünlikli gulluk edýän dogan-uýalar ýerli şertlere öwrenişmegiň we dogry garaýyşda bolmagyň kynçylyklary ýeňmäge kömek edýändigini aýdýarlar. Ine käbir mysallar:
Rena şeýle diýýär: «Men täze şertlere öwrenişmeli boldum. Mysal üçin, Norfolk adasynda deňizde tupan turan günleri gämiler kenara gelip bilmeýärler. Şonuň üçin azyk harytlary gymmatlaýar. Menem nahar taýýarlanymda, tygşytly bolmagy öwrendim». Onuň ýoldaşy Şan bolsa: «Biz bir hepdelik çykdajymyzy öňünden hasaplamagy öwrendik» diýýär.
Olaryň ogly Jakeb başga kynçylyk barada aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Täze ýygnagymyzda bizden başga bary-ýogy ýedi sany dogan-uýa bardy. Olaryň hemmesiniň ýaşy uludy. Şonuň üçin dostlaşar ýaly deň-duşlarym ýokdy. Ýöne men uly ýaşly dogan-uýalar bilen wagza çykyp, derrew dostlaşdym».
21 ýaşly Jim hem şeýle kynçylyga duş gelipdi. Ol şeýle diýýär: «Iň golaý ýygnak Nulunbaýdan 725 km uzaklykda ýerleşýär. Şonuň üçin kongresler biziň üçin örän ähmiýetli. Biz kongrese irräk baryp, dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolup ruhlanýarys. Biz her ýyl bolýan kongresleri örän wajyp saýýarys!»
«GÖÇÜP GELENIMIZE GATY BEGENÝÄRIN!»
Mukaddes Ýazgylarda: «Rebbiň berekedi baý edýändir» diýilýär (Sül. tym. 10:22). Bütin dünýäde wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edýän ençeme dogan-uýalar bu sözleriň hakykatdygyna göz ýetirdiler.
Mark şeýle diýýär: «Çagalarymyzyň ikisi Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýan dogan-uýalara Ýehowanyň bereket berýändigine doly göz ýetirdiler. Muny bolsa hiç hili pula satyn alyp bolmaýar. Dogrudanam, biziň göçmegimiz çagalarymyza gowy täsir etdi. Bu biziň alan iň uly berekedimiz».
Şan şeýle diýýär: «Men aýalym hem çagalarym bilen hasam ysnyşdym. Ýehowanyň olar üçin nämeler edendigini gürrüň berenlerinde, gaty begenýärin». Ogly Jakeb: «Men bu ýerde wagtymy gyzykly geçirýärin. Göçüp gelenimize gaty begenýärin!» diýip, onuň sözleri bilen razylaşýar.