Esasy materiala geçiň

Gana bolan garaýşym üýtgedi

Gana bolan garaýşym üýtgedi

Gana bolan garaýşym üýtgedi

Bir lukman gürrüň berýär

BIR GEZEK lukmanlaryň öňünde bir adamyň nämeden ölendigini anyklap çykyş etdim. Syrkaw howply çiş keselinden ölen eken. Men: «Hassa köp gan goýberilendigi üçin gemoliz (eritrositleriň dargamagy) we böwregiň işleýşi bozulypdyr» diýdim.

Şonda bir professor ýerinden turdy-da, gaharly: «Sen näme oňa ganyň başga topary goýberildi diýjek bolýaňmy?» diýdi. Men merhumyň böwregi düşürilen suratlary görkezip: «Ýok, şu suratlardan böwrekdäki köp gyzyl gan öýjükleriniň dargandygyny, şeýdibem böwregiň işjeňliginiň bozulandygyny görse bolýar» diýdim *. Oturanlaryň gahary gelip başlady, meniň bolsa aljyrap agzym gurady. Üstesine-de, men ýaş lukmandym, ol bolsa näçe ýylyň professorydy. Ýöne men şonda-da ýan bermedim.

Şol döwür men Ýehowanyň Şaýady däldim. Men 1943-nji ýylda Ýaponiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Sendaý şäherinde doguldym. Kakam patolog we psihiatr lukmany bolansoň, menem lukmançylyk ugrundan okamagy ýüregime düwdüm. Lukmançylyk mekdebiniň ikinji ýyl talybykam, 1970-nji ýylda Masuko atly gyza öýlendim.

Patolog bolup işe başlaýaryn

Okuwymy doly gutarýançam, aýalym işlemeli boldy. Lukmançylyk kitaplaryny näçe köp okadygymça, ynsan bedeniniň gaty täsin ýaradylandygyna haýran galýardym. Ýöne şonda-da Ýaradyjynyň bardygy hakda oýlanmaýardym. Gözleg geçirip tapan zatlarym meni bagtly eder öýdýärdim. Lukmanlyk derejesine ýetemsoň, patolog ugrundan keseliň alamatlaryny, sebäplerini we netijelerini öwrenmegi dowam etdim.

Rak keselinden ölen adamlaryň jesedini öwrenip, men soňabaka gan goýbermegiň peýdalydygyna şübhelenip başladym. Soňky derejä ýeten rak keselli adamlarda gan köp gidip, gan azlyk ýüze çykyp başlaýar. Himiýa bejeregisinden soň adamyň gany hasam azalýar, şonuň üçin lukmanlar köplenç syrkawa gan goýberýärler. Ýöne men gan goýberilenden soň rak başga ýerlere-de ýaýraýarmyka diýýärin. Adatça, gan goýberilenden soň, adamyň immuniteti pese düşüp başlaýar. Immunitet peselip, rak hasam ýaýraýar, şeýdibem adamyň ölümine sebäp bolýar *.

Makalanyň başynda gürrüň edilen waka 1975-nji ýylda boldy. Professor gematolog ugrundan (ölüm howply çiş keselleriniň öňüni alýan) ökde lukmandy we şol keselleri bejerýärdi. Şonuň üçinem syrkawyň gan goýberilensoň ölendigini aýdanymda, onuň gahary geldi. Ýöne men şonda-da soňuna çenli çykyş etdim, olam biraz köşeşdi.

Kesel we ölüm bolmaz

Bir gün aýalymyň ýanyna garryja aýal gelipdir, ol Ýehowanyň Şaýady eken. Ol gürrüňiniň arasynda «Ýehowa» diýen sözi aýdypdyr. Aýalymam oňa: «Ol näme diýmek?» diýip sorapdyr. Şonda ol: «Ýehowa hak Hudaýyň ady» diýip jogap beripdir. Masuko Mukaddes Kitaby çagalygyndan okaýardy, ýöne onuň kitabynda Hudaýyň adyna derek «REB» diýip ýazylandy. Şonda Masuko Hudaýyň adynyň bardygyny bilipdir.

Masuko onuň bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlady. Ýarygije sagat 1-de işden gelenimde, aýalym maňa begenip: «Mukaddes Kitapda keselçilik we ölüm bolmaz diýilýän eken» diýdi. Menem: «Gaty gowy!» diýdim. Olam: «Täze dünýä ýetip gelýär, senem wagtyňy biderek ýere gidirme» diýdi. Şonda ol işden çyk diýjek bolýandyr öýdüp, gaharym geldi we biraz çekeleşdik.

Aýalym şonda-da ýan bermedi. Ol doga edip, meniň ýüregime täsir edäýjek aýatlary okap berdi. Şonda Nesihat 2:22, 23-nji aýatlardaky sözler ýüregime jüňk boldy: «Gök astynda çeken agyr zähmetinden, maksat-myradyndan ynsana ne peýda? Onuň... hatda gijelerine göwni ynjalyk tapmaýar. Bu-da biderek ekeni». Tüýs maňa degişli aýat eken! Menem gije-gündiz bar ünsümi lukmançylyga bersemem, şatlyk tapmaýardym.

1975-nji ýylyň iýul aýynda dynç güni irden aýalym ýygnaga gitdi, menem onuň yzyndan gitdim. Masuko meni Ýygnak jaýynda görüp haýran galdy. Dogan-uýalar meni güler ýüz bilen garşy aldylar. Şondan soň her dynç güni ýygnaga barýardym. Bir aýdan soň, bir dogan bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladym. Ýehowanyň Şaýatlarynyň öýümize gelenine üç aý bolansoň, Masuka-da suwa çümdürildi.

Gana bolan garaýşym üýtgedi

Mukaddes Kitapdan mesihçileriň gandan gaça durmalydygy barada bildim (Resullar 15:28, 29; 1 Musa 9:4). Men gan goýbermegiň şol wagtlaram peýdalydygyna şübhelenýärdim. Şonuň üçin Hudaýyň gan baradaky tabşyrygyna gulak asmak kyn bolmady *. Men: «Eger Ýaradyjy bar bolsa, şeýle tabşyryk berýän bolsa, onda aýdýanlary dogry» diýýärdim.

Şeýle-de men Adam atanyň günäsi sebäpli adamlaryň keselleýändigini we ölýändigini bildim (Rimliler 5:12). Şol wagtlar men arterioskleroz keselini öwrenýärdim. Adam garradygyça gan damarlary inçelip, aňsatlyk bilen üzülip bilýär. Şeýdibem, adam ýürek keselli bolýar, beýnisiniň gan aýlanyşygy we böwreginiň işjeňligi bozulýar. Bikämil adamlarda şeýle zatlar bolaýmaly. Şol zatlary bilenimden soň, lukmançylyga bolan höwesim ýuwaş-ýuwaşdan gaçyp başlady, sebäbi diňe Ýehowa Hudaý keseli we ölümi aýryp bilýär.

Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanyma ýedi aý bolanda, 1976-njy ýylyň martynda men lukmançylyk uniwersitetinde gözleg geçirmegimi bes etdim. Men işsiz galaryn öýdüp alada etdim, ýöne başga bir hassahanadan iş tapdym. 1976-njy ýylyň maý aýynda bolsa suwa çümdürildim. Men: «Iň gowusy doly wagtly gulluga ýa-da pioner gullugyna başlaýyn» diýdim. Şeýdibem, 1977-nji ýylyň iýul aýynda pioner gullugyna başladym.

Hudaýyň gana bolan garaýşyna hormat goýýaryn

1979-njy ýylyň noýabrynda Masuko bilen kömek gerek ýere Çiba göçdük. Men ol ýerde ýarym günlük iş tapdym. Işe baran ilkinji günüm işdeşlerim ýanyma gelip, maňa: «Senem-ä Ýehowanyň Şaýady ekeniň, syrkawa gan goýbermeli bolsa näme etjek?» diýdiler.

Men sypaýyçylyk bilen olara Hudaýyň gan baradaky tabşyrygyna gulak asjakdygymy aýtdym. Şeýle-de syrkawy gansyz bejeribem bolýandygyny we oňa kömek etmek üçin elimde barymy etjekdigimi düşündirdim. Bir sagada golaý gürrüň edenimizden soň, hirurg: «Bolýar, ýöne köp gan ýitiren hassa gelse, ýagdaýy özümiz çözeris» diýdi. Hirurg ýüzi agyr adamdy, ýöne şol günden soň onuň bilen dostlaşdyk. Ol meniň garaýşyma hemişe hormat goýýardy.

Imanym synalýar

Çibada gulluk edýärkäk, Ebinada Ýehowanyň Şaýatlarynyň baş edarasynyň gurluşygy gidip durdy. Aýalym ikimiz hepdede bir gezek Beýteliň gurluşygyna kömek edýän meýletinçileriň saglygyna seredýärdik. Birnäçe aýdan soň, bizem Ebinadaky Beýtele gulluk etmäge çagyrdylar. Şeýdip, 1981-nji ýylyň martynda 500-den gowrak meýletinçileriň ýaşaýan ýerine göçdük. Men irden hammamlary, hajathanalary arassalaýardym, öýlän bolsa hassalara seredýärdim.

Syrkawlaryň arasynda Ilma Izlob atly bir uýa bardy. Ol 1949-njy ýylda Awstraliýadan Ýaponiýa missioner bolup göçüp gelipdi. Onda leýkoz keseli bardy, lukmanlar oňa birnäçe aý ömrüniň galandygyny aýdypdyrlar. Ilma gan alyp ömrüni uzaltmakdan ýüz öwürdi we ölýänçä Beýtelde galmagy ýüregine düwdi. Şol döwürler eritrositleri ýokarlandyrýan eritroprotein ýaly dermanlar ýokdy. Ilmanyň gemoglobini azalyp, käte 3 ýa-da 4 grama ýetýärdi. Adatça, adamyň gemoglobini 12—15 grama ýetmeli. Menem elimden gelen kömegi etdim. Ilma ýedi ýyla golaý ýaşady we ölýänçä Hudaýyň Sözüne bolan sarsmaz imanyny gowşatmady. Ol 1988-nji ýylyň ýanwar aýynda aradan çykdy.

Ýaponiýanyň filialynda gulluk edýän wagtymyz meýletinçi dogan-uýalary operasiýa etmeli ýagdaýlaram az bolmaýardy. Golaý hassahanadaky lukmanlar olary gansyz bejermek üçin elinde baryny etdiler. Köplenç meni operasiýanyň gidişine gözegçilik etmek üçin çagyrýardylar, arasynda operasiýa menem gatnaşýardym. Men şol lukmanlara Ýehowanyň Şaýatlarynyň gana bolan garaýşyna hormat goýandygy üçin örän minnetdar. Olar bilen işleşip, Ýehowa barada gürrüň bermäge köp mümkinçilik boldy. Hatda olaryň biri suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady hem boldy.

Ýehowanyň Şaýatlaryny gansyz bejergi bermäge jan eden lukmanlaryň tejribesi lukmançylyga uly kömek boldy. Olar gansyz bejergi bermegiň peýdaly taraplarynyň köpdügine göz ýetirdiler. Olaryň bejergi beren hassalary çalt aýaga galdy we başga ýerine zyýan ýetmedi.

Iň ökde Lukmandan öwrenýärin

Men medisinadaky täze-täze zatlary öwrenip durýaryn. Ýöne, esasanam, iň ökde Lukman Ýehowadan öwrenýärin. Ol adamyň diňe daş keşbini däl-de, içki dünýäsinem görýär (1 Şamuwel 16:7). Lukman bolamsoň menem syrkawlaryň diňe keselini anyklamak däl-de, olaryň ýürekden aladasyny etmek isleýärin. Şeýtsem, hassa aýaga galmaga kömek edip bilerin.

Men häzirem Beýtelde gulluk edýärin we adamlara Ýehowa, onuň gana bolan garaýşy barada höwes bilen öwredýärin. Iň ökde Lukman Ýehowadan keseliň we ölümiň soňuna çykmagyny dileýärin (Ýasusi Aýzawa gürrüň berdi).

[Çykgytlar]

^ par. 4 Bir kitapda aýdylmagyna görä, «gemolitiki transfuzion reaksiýalaryň iň pes görnüşi göwreli aýallarda, gan goýberilen we transplantasiýa edilen adamlarda» bolýar (Modern Blood Banking and Transfusion Practices by Denise M. Harmening). Şeýle ýagdaýlarda gan goýberilmezinden öň syrkawyň bedenindäki antitelalaryň nähili işlejekdigini bilip bolmaýar. Başga bir kitapda bolsa: «Syrkawyň gany bilen azajyk goýberilen gan gabat gelmese-de, gemoliz ýüze çykyp bilýär. Böwrek işlemegini bes edende hassanyň ýagdaýy erbetleşýär, sebäbi böwrekler gany arassalap bilmeýär» diýilýär (Dailey’s Notes on Blood).

^ par. 8 1988-nji ýylyň awgust aýynda çykan bir žurnalda: «Operasiýadan öň gan goýberilmedik rak keselli adamlara garanyňda operasiýadan öň gan goýberilen syrkawlaryň gutulmagy üçin köp wagt gerek bolýar» diýilýär (Journal of Clinical Oncology).

^ par. 16 Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşir eden «Gan janyňy halas edýärmi?» atly broşýurasyndan gan barada köpräk biliň.

[Ýazgy]

«Syrkawy gansyz bejeribem bolýandygyny we oňa kömek etmek üçin elimde barymy etjekdigimi düşündirdim»

[Ýazgy]

«Olar gansyz bejergi bermegiň peýdaly taraplarynyň köpdügine göz ýetirdiler»

[Surat]

Ýokarda: Nutuk bilen çykyş edýärin

Sagda: Aýalym Masuko bilen