Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ARHIWIMIZDEN

«Bu iş kime ynanyldy?»

«Bu iş kime ynanyldy?»

BIRNÄÇE günläp ýel turup, ýagyş ýagypdy. Emma 1919-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda hepdäniň duşenbe güni howa diýseň gowy boldy. Şol gün günortan Sidar-Poýntda (ABŞ, Ogaýo ştaty) geçiriljek kongresi diňlemek üçin 1000-e golaý adam ýygnandy. Aslynda, ol ýere 2 500 töweregi adam ýerleşýärdi. Agşama golaý gaýykda, ulagda we otluda ýene 2000-den gowrak adam geldi. Sişenbe güni kongrese şeýle köp adam geldi welin, olar uly agaçlaryň aşagynda diňlemeli boldular.

Adamlaryň üstüne çalaja Günüň şöhlesi düşýärdi. Eri kölünden öwüsýän ýakymly şemal bolsa, zenanlaryň başgabyny ýuwaşjadan yraýardy. Bir dogan şeýle ýatlaýar: «Daş-töwerek owadan seýilgäh ýalydy. Hiç hili goh-galmagal ýokdy. Men özümi edil Jennetde ýaly duýdum».

Daş-töweregiň owadanlygyny dogan-uýalaryň şatlygy bilen deňeşdireniňde hiç zat bolup galýardy. Ýerli gazetiň birinde şeýle ýazylypdy: «Olaryň ýüzi nur saçýardy. Olar gaty şadyýan we mähirlidi». Hawa, bu kongres dogan-uýalaryň her biri üçin ýatdan çykmajak waka boldy. Sebäbi şondan birnäçe ýyl öň olar agyr synaglary başdan geçiripdiler. Şol döwürde uruşlar sebäpli yzarlamalar bolýardy, ýygnaklarda agzalalyk höküm sürýärdi, Bruklindäki Beýtel ýapylypdy, Hudaýyň Patyşalygynyň tarapyny tutan dogan-uýalaryň köpüsini türmä basypdylar, şol sanda 8 sany ýolbaşçy dogan tussag edilip, 20 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi *.

Şol kyn döwürde Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň käbiri aljyraňňylyga we göwnüçökgünlige düşüp, wagyz etmegini hem bes etdiler. Emma käbir dogan-uýalar hökümet işgärleri tarapyndan bolýan garşylyklara döz geldiler. Bir polisiýa işgäriniň aýtmagyna görä, berk duýduryş berlendigine garamazdan, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler «Hudaýyň sözüni soňuna çenli wagyz etmegi» ýüregine düwdüler.

Agyr synaglara garamazdan, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler wagyz işine «Halypamyzyň ýolbaşçylyk edýändigini görýärdiler... we hemişe Atadan görkezme sorap doga edýärdiler». Häzir bolsa olar Sidar-Poýntda geçirilýän kongresde duşuşdylar. Bir uýanyň aýtmagyna görä, «wagyz işiniň täze güýç bilen ilerläp başlamagy» ençeme dogan-uýalary haýran galdyrdy. Iň wajyp zat bolsa, olar bu işi dowam etmek isleýärdiler.

«AA» — TÄZE GURAL

Dogan-uýalar bir hepdeläp kongresiň meýilnamasynyň we çakylyklaryň ýüzündäki «AA» belginiň nämedigini bilmek islediler. Hepdäniň anna güni, ýagny «Işgärler güni» Josef Ruterford dogan kongrese gatnaşýan 6 000 sany adama bir syry aýan etdi. Ol «AA» belginiň wagyz üçin niýetlenen «Altyn asyr» atly täze žurnaly aňladýandygyny aýtdy *.

Ruterford dogan mesh edilen ýoldaşlary hakda şeýle diýdi: «Olar „Altyn asyryň“, ýagny Mesihiň şöhratly hökümdarlygynyň başlandygyny iman gözi bilen görýärler... Olar adamlara Altyn asyryň gelendigini yglan etmekligi özlerine borç hasaplaýarlar we oňa Hudaýyň tabşyrygy hökmünde garaýarlar».

Umyt we teselli beriji «Altyn asyr» žurnaly hakykaty täze usul bilen ýaýratmaga ýardam edýärdi. Wagyzçylar öýden-öýe aýlanyp, adamlara žurnala ýazylmagy teklip etmelidi. Bu işi ýerine ýetirmäge kimiň gatnaşmak isleýändigi soralanda, oturanlaryň ählisi ýerinden turdular. Soňra olar «Isanyň yzyna eýerýänler» hökmünde güýçli hyjuw we şatlyk bilen şeýle aýdym aýtdylar: «Ýa Reb, nuruňy we hakykatyňy aýan et». J. M. Norris dogan şeýle ýatlaýar: «Dogan-uýalaryň sesinden ýaňa agaçlar yranyşy hiç haçan göz öňümden gitmeýär».

Kongres tamamlananda, oňa gatnaşanlar ilkinjileriň hatarynda žurnala ýazylmak üçin nobata durdular. Şonda köp dogan-uýalar Mabel Filbrik uýanyňky ýaly duýgyny başdan geçirdiler. Ol: «Bu işi ýene-de dowam edip bilýändigimiz diýseň begendirýär!» diýdi.

«BU IŞ KIME YNANYLDY?»

Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň 7 müňe golaýy bu işi ýerine ýetirmäge isleg bildirdi. «Guramaçylykly usul» atly kitapçada we «Bu iş kime ynanyldy?» (rus.) diýen broşýurada şeýle düşündirildi: «Bu işe täze döredilen Gulluk komiteti gözegçilik etmelidi. Bu komitet dogan-uýalara görkezme berer ýaly ýygnaklarda ýolbaşçy doganlary bellemelidi. Meýdançalar 150 — 200 öý aralygynda bölünmelidi. Penşenbe güni agşam geçirilýän Gulluk duşuşygynda dogan-uýalar biri-birine wagyzda bolan wakalary gürrüň berýärdiler we hasabat tabşyrýardylar».

Herman Filbrik dogan: «Biziň ählimiz öýümize dolanyp gelenimizde, adamlara žurnala ýazylmagy teklip edip başladyk» diýýär. Adamlar olary höwes bilen diňleýärdi. Býula Kowi uýa şeýle ýatlaýar: «Esasan-da, elhenç uruşdan we köp betbagtçylyklardan soň her bir adam „Altyn asyr“ hakda aýdylýan habary höwes bilen kabul edýärdi». Artur Klaus dogan bolsa: «Şeýle köp adamyň žurnala ýazylmaga isleg bildirmegi dogan-uýalar üçin garaşylmadyk sowgat boldy» diýip ýazdy. Bary-ýogy iki aýyň içinde «Altyn asyr» žurnalynyň ýarym milliona golaý nusgasy paýlanyldy we 50 müň adam bu žurnala ýazylmaga isleg bildirdi.

1920-nji ýylyň 1-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Patyşalyk baradaky hoş habar» atly makalada «hoş habaryň bütin dünýäde wagyz edilmelidigi» aýdyldy. Aleksandr Makmillan dogan «bu işiň dogrudan-da häzir amala aşyrylýandygyny» belläp geçdi. Şol makalada ähli mesh edilen mesihçiler «bütin ýer ýüzünde ýaşaýan adamlara gökdäki Patyşalygyň höküm sürüp başlandygy barada wagyz etmäge» höweslendirildi. Şu günler bu iş Mesihiň doganlaryna «ynanyldy». Olar millionlarça yhlasly dogan-uýalar bilen bilelikde Mesihiň höküm sürýändigi barada wagyz edýärler.

^ abzas 5 «Ýehowanyň Şaýatlary — Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary» (rus.) atly kitabyň 6-njy babyndaky «Synag döwri (1914—1918)» diýen makala serediň.

^ abzas 9 1937-nji ýylda «Altyn asyr» žurnalynyň ady «Teselli», 1946-njy ýylda bolsa «Oýanyň!» diýip atlandyryldy.