Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz nädip karara gelýärsiňiz?

Siz nädip karara gelýärsiňiz?

«Ýehowanyň isleginiň nämeden ybaratdygyna düşünjek boluň». EFES. 5:17

AÝDYMLAR: 11, 22

1. Hudaýyň Sözündäki tabşyryklara eýermegiň nähili peýdasy bar?

ÝEHOWA Sözi arkaly bize ençeme tabşyryklary berdi. Meselem, ol ahlaksyzlyk, butparazlyk, ogurlyk we arakhorlyk ýaly zatlary ýigrenýär (1 Kor. 6:9, 10). Hudaýyň ogly Isa Mesih hem şägirtlerine wajyp tabşyryk berdi: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdüriň. Olara meniň ähli tabşyran zatlarymy berjaý etmegi öwrediň. Ine, men dünýäniň soňuna çenli elmydama siziň bilen bolaryn» (Mat. 28:19, 20). Hudaýyň kada-kanunlary we tabşyryklary bizi goraýar. Eger biz olara gulak assak, ynsabymyz arassa, kalbymyz rahat we maşgalamyz has-da bagtly bolar. Iň esasy zat bolsa, Ýehowanyň tabşyryklaryna, şol sanda wagyz etmek babatdaky görkezmä ýürekden eýersek, onuň razylygyny gazanarys we ençeme bereketleriň eýesi bolarys.

2, 3. a) Näme üçin Mukaddes Ýazgylarda her bir mesele babatda anyk görkezme berilmeýär? b) Biz şu makalada nähili soraglara serederis? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

2 Mukaddes Ýazgylarda her bir ýagdaý üçin anyk tabşyryk berilmeýär. Meselem, Ýazgylarda mesihçileriň nähili egin-eşik geýmelidigi barada jikme-jik aýdylmaýar. Bu Ýehowanyň akyldarlygyny aýan edýär. Her bir medeniýetiň özüne mahsus egin-eşigi we däp-dessurlary bar. Üstesine-de, olar wagtyň geçmegi bilen üýtgäp durýar. Eger Mukaddes Ýazgylarda egin-eşik we daş keşp babatda jikme-jik görkezme berlen bolsa, onda häzir olara eýermek kyn bolardy. Ine şol sebäpli-de, Hudaýyň ylhamlanan Sözünde iş saýlamak, saglygyň aladasyny etmek we dynç almak babatda köp zat aýdylmaýar. Şonuň üçin bu meselelerde her bir maşgalabaşynyň we mesihçiniň özi karara gelýär.

3 Ýöne bu gelýän kararlarymyza Ýehowanyň biperwaý garaýandygyny aňladýarmy? Käte biz durmuşymyza güýçli täsir edýän wajyp kararlara gelmeli bolýarys. Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelmeýän her bir kararymyzy gökdäki Atamyz makullaýarmy? Anyk görkezme berilmedik ýagdaýynda gelýän kararlarymyzyň Ýehowa ýaraýandygyny bilmäge näme kömek eder?

GELÝÄN KARARYMYZYŇ ÄHMIÝETI BARMY?

4, 5. Gelýän kararlarymyz özümize we başgalara nähili täsir edýär?

4 Käbir adamlar gelýän kararlarymyzyň känbir ähmiýeti ýok diýip pikir edýärler. Emma biz Ýehowa ýaraýan karara gelmek üçin onuň Sözündäki kada-kanunlary we prinsipleri bilmeli hem-de olara eýermeli. Meselem, biz Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin gan babatda beren tabşyrygyny berjaý etmeli (Gel. çyk. 9:4; Res. iş. 15:28, 29). Hudaýa doga etsek, Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna görä karara gelmäge kömek eder.

5 Gelýän kararlarymyz ruhy saglygymyza güýçli täsir edýär. Biziň her bir gelýän kararymyz Ýehowa bilen dostlugymyza gowy ýa-da erbet täsir edip bilýär. Eger biz dogry karara gelsek, Onuň bilen dostlugymyz berkär. Emma ýekeje nädogry gelnen karar Ýehowa bilen dostlugymyza uly zyýan ýetirer. Şeýle-de biz oýlanyşyksyz karara gelsek, dogan-uýalara ruhy taýdan zyýan ýetirip, olary büdredip hem bileris. Hatda dogan-uýalaryň arasyndaky agzybirlik hem bozular. Hawa, biziň nähili karara gelýändigimiziň ähmiýeti bar (Rimliler 14:19; Galatýalylar 6:7-nji aýatlary okaň).

6. Biz nädip karara gelmeli?

6 Mukaddes Ýazgylarda anyk görkezme berilmese näme etmeli? Biz gelýän kararlarymyzy hemmetaraplaýyn barlap, özümiziň däl-de, Ýehowanyň islegine görä karara gelmeli. Şonda Ol gelýän kararymyzy patalar (Zebur 37:5-i okaň).

ÝEHOWANYŇ ISLEGINE DÜŞÜNJEK BOLUŇ

7. Mukaddes Ýazgylarda anyk görkezme berilmese näme etmeli?

7 Belki-de, siz: «Mukaddes Ýazgylarda anyk görkezme berilmese, Ýehowa nämäniň ýaraýandygyny nädip bilmeli?» diýersiňiz. Efesliler 5:17-de: «Ýehowanyň isleginiň nämeden ybaratdygyna düşünjek boluň» diýilýär. Mukaddes Ýazgylarda anyk görkezme bolmasa, biz nädip Ýehowanyň islegine düşünip bileris? Munuň üçin Hudaýa doga etmeli we mukaddes ruh arkaly berýän görkezmesine eýermeli.

8. Ýehowanyň islegine düşünmäge Isa näme kömek etdi? Mysal getiriň.

8 Geliň, Isanyň Atasynyň islegine görä nädip karara gelendigine seredeliň. Isa gudrat arkaly iki gezek uly märekäni doýurdy, emma ol ilki Hudaýa doga etdi (Mat. 14:17—20; 15:34—37). Şeýtan çölde Isanyň ajygandygyny bilip, ony synamak üçin daşlary çörege öwürmegi teklip etdi. Emma Isa ondan boýun gaçyrdy (Matta 4:2—4-nji aýatlary okaň). Sebäbi ol Atasynyň pikirine we bu gudraty etmeli däldigine düşünýärdi. Isa güýjüni öz peýdasy üçin ulanmagyň Hudaýyň islegine gabat gelmeýändigini bilýärdi. Ol Şeýtanyň teklibinden ýüz öwrüp, Ýehowanyň görkezmesine we goldawyna bil baglaýandygyny görkezdi.

9, 10. Paýhasly karara gelmäge näme kömek eder? Mysal getiriň.

9 Isa ýaly bizem paýhasly karara gelmek üçin, Ýehowanyň görkezmesine eýermeli. Munuň üçin şu maslahata gulak asmaly: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular. Öz gözüňe akyldar görünme; Rebden gork we ýamandan gaça dur» (Sül. tym. 3:5—7). Mukaddes Ýazgylar Ýehowanyň pikirine düşünip, Oňa nämäniň ýaraýandygyny bilmäge kömek edýär. Ýehowa nämäniň ýaraýandygyna düşünsek, onuň görkezmesine ýürekden eýereris (Ezek. 11:19).

10 Geliň, muňa düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Aýdaly, bir aýal dükanda owadan köwüş görýär we ony satyn alasy gelýär. Emma köwüş gaty gymmatdy we ol: «Men şunça puly sowsam, ýanýoldaşym näme diýerkä?» diýip, içini gepledýär. Ýanýoldaşy ýanynda bolmasa-da, onuň näme diýjekdigini bilýär. Näme üçin? Sebäbi ol gazançlarynyň çäklidigine düşünýär. Bu oňa ýanýoldaşynyň pikirini bilmäge kömek edýär. Şonuň ýaly bizem gökdäki Atamyz Ýehowanyň garaýşyny bilsek, Onuň islegine has gowy düşüneris.

BIZ ÝEHOWANYŇ PIKIRINE NÄDIP DÜŞÜNIP BILERIS?

11. Mukaddes Ýazgylary okap, öwrenenimizde özümize nähili soraglary bermeli? (« Hudaýyň Sözüni öwreneniňizde, özüňize şu soraglary beriň» atly çarçuwa serediň).

11 Ýehowanyň pikirine düşünmek üçin biz çuňňur şahsy okuwyny geçirmeli. Biz Hudaýyň Sözüni okap, öwrenenimizde özümize şu soragy berip bileris: «Bu ýerde Ýehowa, onuň adyl kadalary we pikiri barada näme diýilýär?» Bizem Ýehowa nagma aýdan Dawudyňky ýaly garaýyşda bolmaly. Ol şeýle diýdi: «Ýa Reb, ýollaryňy maňa salgy ber, ýodalaryňy maňa öwret. Meni Öz hakykatyňda gezdir, maňa öwret; çünki Sen meniň halasgär Hudaýymsyň; men bütin gün Saňa umyt baglaýaryn» (Zeb. 25:4, 5). Mukaddes Ýazgylardan bir parçany okanymyzda, şu soraglar barada oýlanyp bileris: «Men öwrenen zatlarymy durmuşymda nädip ulanyp bilerin? Ony ýene nirede ulanyp bilerin? Öýde, işde, mekdepde we wagyzda nädip ulanyp bilerin?» Eger biz öwrenen zatlarymyzy nirede ulanmalydygyny bilsek, ony nädip ýerine ýetirip biljekdigimize düşünmek aňsat bolar.

12. Edebiýatlarymyz we ýygnak duşuşyklary Ýehowanyň pikirine düşünmäge nädip kömek edýär?

12 Ýehowanyň pikirine düşünmegiň ýene bir usuly — onuň guramasy arkaly berýän görkezmesine eýermek. Meselem, «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksi» we «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanma» bize Ýehowanyň pikirine düşünip, paýhasly karara gelmäge kömek edýär. Şeýle-de ýygnak duşuşyklarynda aýdylýan zatlary ünsli diňlemek, jogap bermek we çykyş etmek hem köp peýda getirýär. Öwrenýän zatlarymyz barada oýlanmak Ýehowanyň pikirine has gowy düşünmäge we onuň garaýşyny özümiziňkiden ýokary tutmaga ýardam edýär. Ýehowanyň bolluk bilen berýän ruhy iýmitinden doly peýdalansak, onuň islegine has-da gowy düşüneris. Şeýtsek, mähriban Atamyz biziň gelýän kararlarymyzy patalar.

KARARA GELENIŇIZDE ÝEHOWANYŇ PIKIRINI GÖZ ÖŇÜNDE TUTUŇ

13. Ýehowanyň pikirine düşünmeklik paýhasly karara gelmäge nädip kömek edýär? Düşündiriň.

13 Geliň, Ýehowanyň pikirine düşünmegiň paýhasly karara gelmäge nädip kömek edýändigine seredeliň. Patyşalygyň wagyzçylary hökmünde, biz Hudaýa köpräk gulluk etmek üçin pioner bolmak isleýändiris. Munuň üçin durmuşymyzy sadalaşdyryp başlandyrys. Ýöne köp zatlardan geçsek, bagtsyz bolaryn öýdüp biynjalyk bolýandyrys. Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda pioner bolup gulluk etmelidigi barada tabşyryk berilmeýär we käbir dogan-uýalar ýaly bizem pioner bolmasak-da Ýehowa wepaly gulluk edip bileris. Emma Isa Patyşalygyň hatyrasy üçin zadyndan geçýän adamlaryň ençeme bereketleri aljakdygyny aýtdy (Luka 18:29, 30-njy aýatlary okaň). Mundan başga-da Mukaddes Ýazgylarda «agzymyzdan çykýan erkin sowgatlaryň» we hakyky seždäni goldamak üçin edýän tagallamyzyň Ýehowany begendirýändigi aýdylýar (Zeb. 119:108; 2 Kor. 9:7). Diýmek, biz Ýehowanyň pikirine düşünmek üçin ondan görkezme sorap, doga etmeli. Bu bize peýdaly we gökdäki Atamyza ýaraýan karara gelmäge ýardam eder.

14. Egin-eşik meselesinde Ýehowanyň pikirine düşünmäge näme kömek edýär?

14 Geliň, ýene bir mysala seredeliň. Aýdaly, siz döwrebap egin-eşik geýmegi gowy görýärsiňiz. Ýöne bu käbir dogan-uýalary büdretmegi mümkin. Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda şeýle egin-eşikleri geýmegiň gadagandygy barada aýdylmaýar. Emma Ýehowa muňa nähili garaýar? Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen şeýle diýdi: «Gelin-gyzlar özlerini saç örümleri, altyndyr kümüşler, gymmatbaha eşikler bilen däl-de, ýaraşykly, salykatly egin-eşik we sagdyn düşünje bilen bezesinler. Olaryň özlerini Hudaýa wepaly gelin-gyzlara ýaraşýan ýagşy işleri bilen bezemeklerini isleýärin» (1 Tim. 2:9, 10). Bu maslahat erkek adamlara-da degişli. Biz özümizi Ýehowa bagyş etdik, şol sebäpli egin-eşik we daş keşp babatda diňe öz garaýşymyzy göz öňünde tutman, başgalara nähili täsir etjekdigi barada oýlanmaly. Pesgöwünlilik we söýgi häsiýeti dogan-uýalaryň garaýşyny, duýgularyny göz öňünde tutup, olara hormat goýmaga höweslendirýär (1 Kor. 10:23, 24; Flp. 3:17). Hawa, Mukaddes Ýazgylar bize bu babatda Ýehowanyň pikirine düşünmäge we oňa ýaraýan karara gelmäge kömek edýär.

15, 16. a) Ahlaksyz zatlaryň pikirini etsek Ýehowa nähili täsir eder? b) Dynç almak üçin saýlan zatlarymyzyň Ýehowa ýaraýandygyny nädip bilse bolýar? ç) Wajyp karara gelmeli bolanda näme etmeli?

15 Mukaddes Ýazgylara görä, Ýehowa adamlaryň edýän zalymlygyny, «oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny» görende gynanýar (Gelip çykyş 6:5, 6-njy aýatlary okaň) *. Bu bize hatda ahlaksyz zatlar barada pikir etmegiňem nädogrudygyna düşünmäge ýardam edýär. Sebäbi şeýle pikirler adamy ahlaksyzlyga, ýagny Mukaddes Ýazgylarda ýazgarylýan agyr günäleri etmäge iterip bilýär. Aslynda, bu zatlar Ýehowanyň garaýşyna laýyk gelmeýär. Ýakup şägirt şeýle diýdi: «Gökden inýän akyldarlyk, ilki bilen, päk, soňra parahat, paýhasly, gulak asmaga taýyn, rehimdarlyga we ýagşy işlere baý, ala tutmaýan hem-de ikiýüzli däldir» (Ýak. 3:17). Şol sebäpli biz nädogry pikirleri we höwesleri döredýän göwün açmakdan gaça durmaly. Paýhasly mesihçi dynç almak üçin, Ýehowanyň ýigrenýän kitaplaryny okamak, filmleri görmek we wideoýunlary oýnamak barada asla pikirem etmez. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň bu zatlara bolan garaýşy aýdyň görkezilýär.

16 Köplenç adamlaryň gelýän kararlary biri-birinden tapawutlansa-da, olar Ýehowa ýaramly bolup biler. Emma biz geljek kararymyzyň dogry ýa-da nädogrudygyny bilmesek, ýaşululardan ýa-da ruhy taýdan ösen mesihçilerden maslahat sorasak paýhasly bolar (Tit. 2:3—5; Ýak. 5:13—15). Elbetde, başgalardan bize derek karara gelmegi sorasak nädogry bolardy. Mesihçiler ýagşy bilen ýamany saýgarmagy öwrenmeli (Ýew. 5:14). Biziň her birimiz Pawlusyň ylhamlanyp ýazan şu sözlerine eýermeli: «Sebäbi her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» (Gal. 6:5).

17. Ýehowa ýaraýan karara gelsek nähili bereket alarys?

17 Biz Ýehowanyň garaýşyna görä karara gelenimizde, oňa has-da ýakynlaşýarys (Ýak. 4:8). Ýehowanyň razylygyny gazanyp, bereket alýandygymyza örän begenýäris. Bu biziň gökdäki Atamyza bolan imanymyzy berkidýär. Şol sebäpli, geliň, Hudaýyň garaýşyna düşünmäge kömek edýän Mukaddes Ýazgylardaky kanunlara we prinsiplere görä ýaşalyň. Elbetde, biz Ýehowa barada öwrenmegi dowam etmeli (Eýp. 26:14). Eger tagalla etsek, paýhasly karara gelip biler ýaly häzirden akyldarlyk, bilim we düşünje gazanyp bileris (Sül. tym. 2:1—5). Bikämil adamlaryň pikirleri we niýetleri üýtgäp durýar, şol sebäpli mezmurçynyň: «Rebbiň maslahaty ebedidir, ýüreginiň pikirleri nesiller boýy berk durýandyr» diýen sözlerini unutmalyň (Zeb. 33:11). Dogrudan-da, akyldar Hudaýymyz Ýehowanyň garaýşyna görä pikirlensek we hereket etsek, dogry karara geleris.

^ abzas 15 Gelip çykyş 6:5 Bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny Reb gördi. 6 Ol adamzady ýaradandygyna ökündi we ýürekden gynandy.