Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gyzyldan gymmatly zady agtaryň

Gyzyldan gymmatly zady agtaryň

Siz haçanam bolsa gyzyl tapyp görüpdiňizmi? Elbetde, ony sanlyja adamlar tapýar. Emma millionlarça adamlar gyzyldanam gymmatly Hudaýyň akyldarlygyny edinýärler. Ony hatda «sap altyna... çalşyp bolmaýar» (Eýp. 28:12, 15).

MUKADDES ÝAZGYLARY öwrenýän akýürekli adamlary gyzyl gözleýänlere meňzetse bolýar. Olar Hudaýyň Sözündäki bahasyna ýetip bolmajak «akyldarlygy» gazanmak üçin köp tagalla etmeli we gözleg geçirmeli. Geliň, gyzyl tapmagyň üç usulyna seredeliň we mundan näme öwrenip biljekdigimiz barada oýlanalyň.

BIR BÖLEJIK GYZYL TAPDYM

Aýdaly, siz derýanyň kenaryndan ýöräp barýarsyňyz. Birdenkä, Günüň şöhlesine ýalpyldaýan bir zada gözüňiz düşýär. Siz onuň nämedigini görjek bolup golaýyna barýarsyňyz. Görseňiz, bir bölejik gyzyl ýatyr. Ol edil kiçijik monjuk ýaly bolsa-da, ony tapmak gymmatbaha göwherdenem kyn. Siz ony tapandygyňyza juda begenip, ýene köpräk gyzyl tapmak üçin daş-töweregiňize seredýärsiňiz.

Belki-de, bu mysal size Mukaddes Ýazgylardaky umyt beriji habary eşiden pursadyňyzy ýada salýandyr. Ilkinji gezek Ýehowanyň Şaýatlary bilen gürrüňdeş bolanyňyzda başdan geçiren duýgularyňyz edil şu günki ýaly ýadyňyzdadyr. Meselem, ilkinji sapar hak Hudaýyň adyny eşiden wagtyňyz ýadyňyza düşýärmi? (Zeb. 8:1). Ýa-da siz Ýehowa bilen dostlaşyp bolýandygyny bileniňizde, örän begenensiňiz (Ýak. 2:23). Şonda siz gyzyldanam gymmatly zady tapandygyňyza göz ýetirensiňiz! Emma siz ýene-de has köp gymmatly dürdäneleri tapmak isleýänsiňiz.

BIR TOKGA GYZYL TAPDYM

Käte derýadyr çeşmäniň boýunda gyzylyň kiçiräk ýa-da ownujak böleklerine duş gelse bolýar. Adatça, erjellik bilen gyzyl gözleýänler diňe bir möwsümde bahasy on müňlerçe dollara barabar bolan birnäçe kilogram gyzyl tapýarlar.

Megerem, siz Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlanyňyzda, özüňizi edil gyzylyň bol ýerine düşen adam ýaly duýansyňyz. Siz Ýazgylardaky aýatlary birin-birin okap we oýlanyp, bilimiňizi has-da artdyransyňyz. Bu bolsa size ruhy taýdan ösmäge kömek edendir. Şeýle-de siz Mukaddes Ýazgylardaky gymmatly hakykaty erjellik bilen öwrenip, Ýehowa nädip ýakynlaşyp bolýandygyna we ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin «özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklamalydygyna» düşünensiňiz (Ýak. 4:8; Ýahd. 20, 21).

Gyzyl gözleýän adam ýaly, Hudaýyň Sözündäki dürdäneleri tapmak üçin eliňizde baryny edýärsiňizmi?

Erjellik bilen gyzyl gözleýän adam ýaly sizem ruhy dürdäneleri tapmak üçin köp tagalla edýänsiňiz. Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny bileniňizden soň özüňizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek üçin gerekli ädimleri ädip başlansyňyz (Mat. 28:19, 20).

AGTARMAGYŇYZY DOWAM EDIŇ!

Gyzyl gözleýän adamlar wulkan atylansoň emele gelýän gaýalardan ownuk gyzyl böleklerini tapýarlar. Emma käbir gyzyl bölejikleri magdanyň içinde bolýandygy üçin, ilki gaýany çuň gazyp, magdany çykarýarlar, soňra ony eredip, gyzyl alýarlar. Magdanyň içinde birbada gyzyl ýok ýaly bolup görünmegi mümkin. Näme üçin? Sebäbi bir tonna ýokary hilli magdandan bary-ýogy 10 gram gyzyl alynýar. Emma gyzyl gözleýän adamlar elini sowatmaýar.

Şonuň ýaly bizem «Mesih hakdaky esasy taglymatlary öwrenmek bilen çäklenmän», has köpräk bilmek üçin jan etmeli (Ýew. 6:1, 2). Mukaddes Ýazgylardan peýdaly hem täze-täze zatlary öwrenmek üçin köp tagalla etmeli. Biz Mukaddes Ýazgylary hatda ençeme ýyldan bäri öwrenýän bolsak-da, şahsy okuwymyzy netijeli geçirýändigimizi barlap bileris.

Munuň üçin öwrenmek islegiňizi artdyryň. Jikme-jikliklere köpräk üns beriň. Eger siz tagalla etseňiz, Mukaddes Ýazgylardaky gyzyldan gymmatly «akyldarlygy» hem görkezmäni gazanarsyňyz (Rim. 11:33). Bilimiňizi artdyrar ýaly, öz diliňizdäki gözleg geçirmek üçin niýetlenen esbaplary ulanyň. Ygtybarly görkezme almak we soraglaryňyza jogap tapmak üçin Mukaddes Ýazgylary ünsli okaň. Tejribeli dogan-uýalardan haýsy aýatlaryň we makalalaryň olara kömek edendigini hem-de ruhlandyrandygyny soraň. Şeýle-de şahsy okuwynda öwrenen zatlaryňyzy başgalara gürrüň beriň.

Elbetde, biz muny diňe bilimimizi artdyrmak üçin etmeýäris. Sebäbi Pawlus resul «bilim tekepbir edýär» diýip duýdurdy (1 Kor. 8:1). Şol sebäpli pesgöwünli bolmak we imanyňyzy berkitmek üçin jan ediň. Eger siz şahsy ýa-da maşgala okuwyny yzygider geçirseňiz, her gün Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagy öwrenersiňiz we adamlara kömek etmek islegiňiz artar. Galyberse-de, gyzyldan gymmatly zady tapandygyňyza begenip, özüňizi bagtly duýarsyňyz! (Sül. tym. 3:13, 14).