Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?

Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?

«Her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň; aýal hem ärine çuňňur hormat goýsun». EFES. 5:33

AÝDYMLAR: 52, 3

1. Toý güni şatlykly pursat bolsa-da, durmuş guranlar nämäni unutmaly däl? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

TOÝ tutýan ýigit bilen gyzyň owadanlygyny we şatlygyny söz bilen beýan edip bolmaýar. Tanyşlyk döwri olaryň biri-birine bolan söýgüsi has-da güýjäp, indi birek-birege ömürboýy wepaly bolmaga taýyn bolýarlar. Elbetde, täze maşgala gurlanda durmuş düýpgöter üýtgeýär. Nikany döreden Hudaý durmuş gurmak isleýän adamlaryň bagtly hem agzybir ýaşamagy üçin Mukaddes Ýazgylar arkaly maslahat berýär (Sül. tym. 18:22). Emma Mukaddes Ýazgylarda durmuş guranlaryň «täze kynçylyklarynyň» boljakdygy açyk aýdylýar (1 Kor. 7:28). Şol kynçylyklary nädip ýeňmeli? Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?

2. Är-aýal söýginiň haýsy görnüşlerini bildirmeli?

2 Mukaddes Ýazgylarda söýginiň wajypdygy nygtalýar. Nikanyň berk bolmagy üçin är-aýal biri-birine mähirli söýgini (grekçe filia), birek-biregi ysnyşdyrýan söýgini (eros), çaga dünýä inende bolsa garyndaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan söýgini (storge) bildirmeli. Emma maşgalany bagtly etmek üçin, esasan, prinsipe esaslanýan söýgini (agape) görkezmeli. Bu söýgi barada Pawlus resul şeýle diýdi: «Her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň; aýal hem ärine çuňňur hormat goýsun» (Efes. 5:33).

ÄR-AÝALYŇ BORJY

3. Är-aýalyň arasyndaky söýgi nähili bolmaly?

3 Pawlus resul: «Eý ärler, Mesihiň ýygnagy söýüp, onuň üçin janyny gurban edişi ýaly, siz hem aýalyňyzy elmydama söýüň» diýdi (Efes. 5:25). Isanyň şägirtlerini söýşi ýaly biz hem biri-birimizi söýsek, onuň göreldesine eýerip bileris (Ýahýa 13:34, 35; 15:12, 13-nji aýatlary okaň). Är-aýalyň arasyndaky söýgi şeýle güýçli bolýar welin, olar hatda biri-biri üçin janyny bermäge-de taýyn bolýarlar. Emma maşgalada agzalalyk dörände, är-aýalyň biri-birinden göwni geçýär. Muňa garamazdan, «agape» söýgüsi «ähli zada çydaýandyr, ähli zada iman edýändir, ähli zada umyt baglaýandyr, ähli zada döz gelýändir». Şeýle «söýgi ebedi dowam eder» (1 Kor. 13:7, 8). Är-aýal biri-birini söýmek we wepaly bolmak babatda beren wadasyny unutmasa, Hudaýyň kämil kada-kanunlary esasynda islendik kynçylygyň hötdesinden gelip bilerler.

4, 5. a) Erkek adamyň maşgalada nähili borjy bar? b) Aýal äriniň baştutanlygyna nähili garaýyşda bolmaly? ç) Bir är-aýal nähili özgerişlik etmeli boldy?

4 Pawlus resul är-aýalyň borjy barada şeýle diýdi: «Goý, aýallar ärlerine Mesihe tabyn bolşy ýaly tabyn bolsunlar. Sebäbi bedeniň halasgäri bolan Mesih ýygnagyň başy bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr» (Efes. 5:22, 23). Bu tabşyryk aýallaryň mertebesini peseltmeýär. Gaýtam, bu olara Hudaýyň kömekçi hökmünde beren borjuny ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Sebäbi Hudaý: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýipdi (Gel. çyk. 2:18). «Ýygnagyň başy» bolan Isa Mesih ýaly erkek adam hem baştutanlyk borjuny söýgi bilen ýerine ýetirmeli. Şonda aýal özüni arkasynda dag bar ýaly duýar we ýanýoldaşyna hormat goýmak, goldamak, tabyn bolmak aňsat bolar.

5 Keti 1 uýa durmuşa çykandan soňra köp zatda özgerişlik etmeli bolýar. Ol şeýle diýýär: «Durmuşa çykmankam öz elim, öz ýakamdy. Emma indi ýanýoldaşyma bil baglamagy öwrenmeli boldum. Bu bolsa hemişe aňsat däldi. Ýöne biz Ýehowanyň tabşyryklaryna gulak asyp, biri-birimize has-da ýakynlaşdyk». Ketiniň ýanýoldaşy Fred şeýle diýýär: «Maňa öňem karara gelmek kyn bolýardy welin, indi has-da kyn. Sebäbi men hem özümiň, hem aýalymyň garaýşyny göz öňünde tutmaly bolýaryn. Emma Ýehowa doga edip, ondan görkezme soranymda we aýalymy ünsli diňlänimde, maşgaladaky borjumy ýerine ýetirmek günsaýyn aňsatlaşýar. Häzir men maşgalamyň has-da jebisleşendigini duýýaryn!»

6. «Doly agzybir» edýän söýgi düşünişmezligi çözmäge nädip kömek edýär?

6 Är-aýal bikämildigine düşünse we «sabyrly bolup, bir-birini ýürekden bagyşlasa», nikasyny berkider. Hawa, är-aýalyň ikisi hem ýalňyşýar, emma olar biri-birini bagyşlap, goýberilen ýalňyşlykdan özlerine sapak edinýärler we «doly agzybir edýän» söýgini bildirmegi öwrenýärler (Kol. 3:13, 14). Mukaddes Ýazgylarda: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir... Ýalňyşlyklary hasaba alýan däldir» diýilýär (1 Kor. 13:4, 5). Şol sebäpli düşünişmezlik dörände, mümkin boldugyndan, çaltrak çözmäge çalyşmaly. Hawa, är-aýal öz arasynda döreýän meseläni ertire goýmaly däl (Efes. 4:26, 27). Elbetde: «Göwnüňe degenim üçin bagyşla» diýip, ýürekden ötünç soramak üçin pesgöwünlilik hem mertlik gerek bolýar. Emma şeýtmek bilen, är-aýal düşünişmezligi derrew çözüp, birek-birege has-da ýakynlaşýar.

MÄHIRLI BOLMAK WAJYP

7, 8. a) Mukaddes Ýazgylarda är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk barada näme diýilýär? b) Är-aýal biri-birine näme üçin ünsli we mähirli bolmaly?

7 Mukaddes Ýazgylarda jynsy gatnaşyk meselesinde dogry garaýyşda bolmaga kömek edýän maslahatlar berilýär (1 Korinfliler 7:3—5-nji aýatlary okaň). Är-aýal biri-biriniň duýgusyna we zerurlygyna ünsli bolmaly. Eger erkek adam mähirli bolmasa, aýaly jynsy gatnaşykdan şatlyk tapyp bilmez. Erkek adam aýaly bilen özüni «paýhasly alyp barmaly» (1 Pet. 3:7). Är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk mejbury ýa-da zorluk bilen däl-de, iki tarapyň hem razylygy bilen bolmaly. Köplenç aýala garanyňda erkek adamyň jynsy gatnaşyk etmek islegi güýçli bolýar. Nähili bolaýanda-da, är-aýal bu meselede biri-biriniň duýgusyny göz öňünde tutmaly.

8 Mukaddes Ýazgylarda jynsy gatnaşykda birek-birege nädip söýgi bildirmelidigi aýdylmasa-da, mähirli bolmagyň wajypdygy aýdylýar (Nag. 1:2; 2:6). Şol sebäpli är-aýal biri-birine ünsli we mähirli bolmaly.

9. Mesihçi ýanýoldaşy bolmadyk adama näme üçin azgyn höwes bilen seretmeli däl?

9 Biz Hudaýy we adamlary ýürekden söýsek, hiç kime ýa-da hiç bir zada maşgala gatnaşyklaryny gowşatmaga ýol bermeris. Käbir adamlar pornografiýa görmegi endik edinip, ýanýoldaşyna bolan söýgüsi sowady, hatda maşgala ojagyny dargatdy. Biz pornografiýanyň islendik görnüşinden ýa-da nädogry jynsy höwesleri oýarýan beýleki zatlardan gaça durmaly. Şeýle-de ýanýoldaşyň bolmadyk adam bilen hiç hili näz-kereşme etmeli däl. Biz Hudaýyň ähli zady, hatda pikirimizi hem bilýändigini unutmasak, ahlak taýdan arassa galyp, Ýehowany razy ederis (Matta 5:27, 28; Ýewreýler 4:13-nji aýatlary okaň).

MAŞGALADA KYNÇYLYK DÖRÄNDE

10, 11. a) Şu günler adamlar aýrylyşmaklyga nähili garaýar? b) Mukaddes Ýazgylarda aýry ýaşamak barada näme diýilýär? ç) Är-aýala aýry ýaşamak babatda howlukmaç karara gelmezlige näme kömek eder?

10 Şu günler maşgalada döreýän kynçylyklary çalt çözmegiň deregine, är-aýal biri-birinden aýry ýaşamak ýa-da aýrylyşmak kararyna gelýär. Meselem, käbir ýurtlarda maşgala guranlaryň ýarysyndan gowragy aýrylyşýar. Hudaýyň halkynyň arasynda şeýle ýagdaýa duş gelmesek-de, mesihçi är-aýallaryň arasynda hem dartgynly ýagdaýlar bolýar.

11 Mukaddes Ýazgylarda şeýle tabşyryk berilýär: «Aýal aýry ýaşamak üçin ärinden gitmesin. Emma gidäýen ýagdaýynda-da, başga birine durmuşa çykmasyn ýa-da äri bilen ýaraşsyn; erkek adam hem aýalyny taşlamasyn» (1 Kor. 7:10, 11). Är-aýal aýry ýaşamaklyga adaty zat hökmünde garamaly däl. Käbir adamlar aýry ýaşamak bilen kynçylygy çözeris öýdýärler, emma olar ýagdaýy has-da kynlaşdyrýarlar. Isa Atasynyň «erkek adam ata-enesini goýup, aýaly bilen biriger» diýen sözlerine salgylanyp, soňra: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýdi (Mat. 19:3—6; Gel. çyk. 2:24). Bu sözler är-aýalyň biri-birinden aýry ýaşamaly däldigini görkezýär. Ýehowa nikanyň ömürlik bolmagyny isleýär (1 Kor. 7:39). Biz gelýän kararlarymyz üçin Ýehowanyň öňünde jogap bermelidigimizi unutmasak, köp kynçylyklaryň öňüni alarys.

12. Är-aýalyň aýry ýaşamak karara gelmegine näme sebäp bolup biler?

12 Maşgalada dartgynly ýagdaýyň döremegine köplenç är-aýalyň bir-birinden köp zada garaşmagy sebäp bolýar. Adam bagtly ýaşamak barada eden isleg-arzuwlary puja çykanda, özüni aldanan ýaly duýup, durmuşyndan nägile bolup başlaýar we gaharjaň bolýar. Şeýle-de olaryň alan terbiýesiniň, häsiýetleriniň, dogan-garyndaşlar bilen gatnaşmaklyga, pul meselesine we çaga terbiýelemeklige bolan garaýşynyň tapawutlanýandygy üçin maşgalada kynçylyklar döreýär. Emma mesihçi är-aýallar Hudaýyň görkezmesine eýerip, ähli kynçylyklary bilelikde çözýärler. Bu öwgä mynasypdyr!

13. Är-aýal haýsy ýagdaýlarda aýry ýaşap biler?

13 Käbir ýagdaýlarda är-aýal aýry ýaşamak kararyna gelmegi mümkin. Meselem, ýanýoldaşy maşgalany eklemese, janyna howp salsa ýa-da Ýehowa gulluk etmäge bütinleý garşy çyksa, wagtlaýyn aýry ýaşasa bolýar. Şeýle kyn ýagdaýa düşen mesihçi uýa ýa-da dogan ýaşululardan kömek soramaly. Bu tejribeli doganlar olara Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýermäge kömek eder. Şeýle-de är-aýallar Ýehowadan mukaddes ruhuny dilese, bu olara Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermäge we Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmäge kömek eder (Gal. 5:22, 23) 2.

14. Mukaddes Ýazgylarda ýanýoldaşy Ýehowa gulluk etmeýän mesihçilere nähili maslahat berilýär?

14 Käbir adamlar hakykata gelmänkä durmuş gurýarlar. Şeýle ýagdaýda mesihçiniň ýanýoldaşy Ýehowa gulluk etmese-de, ondan aýrylmazlyk maslahat berilýär (1 Korinfliler 7:12—14-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylara görä iman etmeýän adam hem Hudaýa gulluk edýän adam bilen durmuş gurandygy üçin «mukaddes edilendir». Hatda olardan bolan çagalar hem «mukaddes» hasaplanyp, Hudaý olary hem goraýandyr. Pawlus resul munuň sebäbini şeýle düşündirdi: «Eý aýal, sen äriň bilen galsaň, ony halas etmäge mümkinçiligiň bardygyny bilmeýärmiň? Eý är, sen aýalyň bilen galsaň, ony halas etmäge mümkinçiligiň bardygyny bilmeýärmiň?» (1 Kor. 7:16). Dogrudan-da, dogan-uýalaryň köpüsi ýanýoldaşyna hakykata gelmäge kömek edip bildiler.

15, 16. a) Ýanýoldaşy Hudaýa gulluk etmeýän aýallara Mukaddes Ýazgylarda nähili maslahat berilýär? b) Ýanýoldaşy aýry ýaşamak islese mesihçi näme etmeli?

15 Petrus resul mesihçi aýallara ärlerine tabyn bolmak babatda şeýle diýdi: «Olar Hudaýyň Sözüni diňlemeýän bolsalar, onda aýdýan sözleriňize däl-de, edim-gylymyňyza seredip iman ederler. Sebäbi olar siziň arassa, päk ýaşaýşyňyzy we çuňňur hormatyňyzy görerler». Mesihçi aýallar hemişe Hudaý barada gürrüň bermegiň deregine, Ýehowanyň nazarynda has gymmatly bolan «ýuwaş we ýumşak häsiýeti» bilen ýanýoldaşyna hakykaty kabul etmäge kömek edip biler (1 Pet. 3:1—4).

16 Hudaýa gulluk etmeýän ýanýoldaşy aýry ýaşamak kararyna gelse mesihçi näme etmeli? Mukaddes Ýazgylarda şeýle maslahat berilýär: «Iman etmeýän adam aýry ýaşamak üçin ýanýoldaşyndan gitmekçi bolsa, goý, gitsin; şeýle ýagdaýda mesihçi dogan ýa-da uýa ýanýoldaşy bilen galmaga borçly däldir, ýöne Hudaý sizi parahat ýaşamaga çagyrandyr» (1 Kor. 7:15). Mesihçi Hudaýa iman etmeýän ýanýoldaşyny saklajak bolmaly däl. Emma bu mesihçiniň täzeden durmuş gurup bilýändigini aňlatmaýar. Aýry ýaşamaklyk käte parahatlygy döredip bilýär. Belki-de, wagtyň geçmegi bilen ýanýoldaşy ýene-de maşgalasyna dolanmak islär, hatda Ýehowa gulluk edip başlar.

MAŞGALADA NÄMÄNI BIRINJI ORUNDA GOÝMALY?

Hudaýa gulluk etmegi birinji orunda goýmaklyk maşgalany bagtly edýär (17-nji abzasa serediň)

17. Är-aýal nämäni birinji ýerde goýmaly?

17 Biz «soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygyny bilýäris» (2 Tim. 3:1—5). Emma biz ruhy taýdan berk bolsak, bu dünýäniň ýaramaz täsirine garşy durup bileris. Pawlus resul şeýle diýdi: «Wagt az galandyr... Durmuş guranlar mundan beýläk maşgala durmuşyny birinji orunda goýmasynlar... Dünýäden peýdalanýanlar ondan doly peýdalanmaýanlar ýaly bolsun; sebäbi dünýäniň ýagdaýy üýtgäp durýandyr» (1 Kor. 7:29—31). Bu sözler är-aýallara öz borçlaryna biperwaý garamalydygyny aňlatmaýar. Emma olar wagtyň az galandygy üçin Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýmaly (Mat. 6:33).

18. Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?

18 Şu kyn günlerde aýrylyşýan adamlaryň sany gitdigiçe köpelýär. Muňa garamazdan, maşgalany bagtly edip bolýar. Eger biz Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlara we Ýehowanyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýersek, Hudaýyň döreden nikasyny gorap bagtly bolarys (Mar. 10:9).

^ 1) 5-nji abzas. Atlary üýtgedilen.

^ 2) 13-nji abzas. «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitapdaky «Mukaddes Ýazgylaryň aýrylyşmaga we aýry ýaşamaga garaýşy» diýen çarçuwa serediň (sah. 251—253).