Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

«Bermegiň has bagtly edýändigine» düşündim

«Bermegiň has bagtly edýändigine» düşündim

MEN 12 ýaşymda adamlara gymmatly zadymy berip biljekdigime düşündim. Kongrese gelen bir dogan maňa bile wagyz etmegi teklip etdi. Men wagyz edip görmesem-de, onuň bilen razylaşdym. Ol Hudaýyň Patyşalygy baradaky birnäçe broşýurany elime tutduryp: «Sen köçäň şu tarapyndan, men bolsa bu tarapyndan gideýin» diýdi. Men tolgunsam-da, öýme-öý wagyz edip başladym. Az salymyň içinde broşýuralaryň ählisini paýlandygyma özümem geň galdym. Şonda men adamlara zerur zady berip biljekdigime düşündim.

Men 1923-nji ýylda Çatem (Kent graflygy, Angliýa) şäherinde dünýä indim. Şol döwürde köp adamlar hasrat çekýärdiler. Birinji jahan urşy tamamlansa-da, ýaşaýyş adamlaryň arzuw edişi ýaly bolmady. Ata-enem baptist buthanasynyň ruhanylarynyň diňe öz peýdasyna çapýandygyny görüp, lapykeç bolýardy. Men 9 ýaşlarymdakam, ejem Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň halkara jemgyýetiniň (Ýehowanyň Şaýatlarynyň öňki ady) duşuklaryna gatnaşyp başlaýar. Şonda bir uýa maňa we beýleki çagalara Mukaddes Ýazgylar hem-de «Hudaýyň arfasy» diýen kitap boýunça sapak geçýärdi. Men aýdylýan zatlary höwes bilen diňleýärdim.

TEJRIBELI DOGANLARDAN ÖWRENÝÄRIN

Men ýetginjekkäm adamlara Hudaýyň Sözündäki umyt beriji habary gürrüň bermegi gowy görýärdim. Köplenç ýeke özüm öýden-öýe wagyz etsem-de, beýleki dogan-uýalar bilen hem wagyz etmegi öwrenýärdim. Bir gezek men gartaşan dogan bilen tigirli meýdançamyza gitdim. Şonda deňimizden geçip barýan ruhanyny görüp: «Seret, geçi barýar» diýdim. Dogan tigrini saklady-da, töňňäniň üstünde oturmagy haýyş edip, şeýle diýdi: «Kimiň geçi ýa goýundygyny çözmäge saňa kim ygtyýar berdi? Ony Ýehowanyň özi çözer. Gel, gowusy adamlara hoş habary wagyz etmekden şatlyk tapaly». Şol wagtlar men «bermegiň has bagtly edýändigine» düşündim (Mat. 25:31—33; Res. iş. 20:35).

Başga dogandan bolsa bermekden şatlyk tapmak üçin sabyrlylygyň we çydamlylygyň gerekdigini öwrendim. Doganyň aýaly Ýehowanyň Şaýatlaryny halamaýardy. Bir gün wagyzdan soň, dogan meni çaý içmäge öýüne çagyrýar. Şonda aýaly ýanýoldaşynyň wagyz etmäge gidendigine jany ýanyp, bize çaý gutujyklaryny zyňyşdyryp başlaýar. Emma dogan ýylgyryp, çaýlary ýerinde goýýar. Birnäçe ýyl geçenden soňra doganyň sabyrlylygy sylaglanýar, ýagny onuň aýaly Ýehowanyň Şaýady bolýar.

Adamlara hoş habary aýtmaga bolan islegim günsaýyn güýçlenýärdi. Şol sebäpli 1940-njy ýylyň martynda men ejem bilen Duwr şäherinde suwa çümdürildim. 1939-njy ýylyň sentýabr aýynda Beýik Britaniýa bilen Germaniýanyň arasynda uruş turanda, men 16 ýaşymdadym. 1940-njy ýylyň iýun aýynda men Dýunkerk söweşinde ýaralanan müňlerçe esgerleri ýük maşyna mündürip durandyklaryny gördüm. Söweşde aman galan esgerleriň ýüzünde hiç hili umyt ýokdy. Şonda meniň olara Hudaýyň Patyşalygy barada aýdasym geldi. Şol ýylyň ahyrlarynda Britaniýa döwleti ýene-de duşmanyny bombalap başlady. Men her gün agşam nemesleriň bombalaýan uçarlarynyň şäherimiziň üstünden geçýändigini görýärdim. Bombalaryň şuwwuldysyny, esasan-da, ýere düşüp ýarylyşyny eşideniňde iniň tikenekläp gidýärdi. Ertesi irden bolsa ýumrulan jaýlary görýärdik. Şonda diňe Hudaýyň Patyşalygynyň gelejege umyt berýändigine has-da ynamym artýardy.

GAÝDUWSYZLYK BILEN GULLUK EDÝÄRIN

1941-nji ýylda durmuşym bütinleý özgerdi, men henizem özümi bagtly duýýaryn. Men Çatem şäherindäki gämi ussahanasynda işleýärdim we gowy hak tölenýän kärim bardy. Emma Ýehowanyň gullukçylary urşa gatnaşmaly däldigini bilýärdiler. 1941-nji ýyllarda biz harby önümleri öndürmek we bejermek bilen bagly işlere gatnaşmagyň nädogrudygyna düşündik (Ýah. 18:36). Ussahanada suwasty gämileriň ýasalýandygy üçin, men işden çykyp, doly wagtly gulluga başlamagy ýüregime düwdüm. Ilki meni Saýrensester (Kostwold) diýen owadan şäherde gulluk etmäge bellediler.

18 ýaşym dolanda meni harby gulluga çagyrdylar. Gulluga gitmekden boýun gaçyrandygym üçin meni 9 aýlyk türmä basdylar. Meni ýeke adamlyk kamera salyp, gapyny ýapanlarynda özümi gaty erbet duýupdym. Şondan biraz wagt geçensoň, türmäniň goragçylary we tussaglar meni näme üçin türmä basandyklaryny sorap başladylar. Şonda men öz ynançlarym barada olara höwes bilen gürrüň berdim.

Türmeden boşanymdan soňra meniň bilen Leonard Smit * dogany dogduk mekanymyz bolan Kentde wagyz etmäge bellediler. 1944-nji ýyldan başlap duşmanlar Kentiň üstüne müňlerçe raketalary goýberýär. Faşistler Ýewropanyň käbir ýerlerini basyp alypdy. Biz şol basylyp alnan ýer bilen Londonyň aralygynda galypdyk. Ýokarymyzdan bolsa raketalar geçýärdi. Olar halklary köpçülikleýin gyrmak üçin ulanylýardy. Biz uçaryň motorynyň sesini eşidenimizde, onuň ýene sanlyja sekuntdan ýere gaçyp ýaryljakdygyny bilýärdik. Şol döwürler biz bir maşgala bilen okuw geçýärdik. Bomba ýarylan wagty hiç birimize zeper ýetmez ýaly demir stoluň aşagynda gizlenýärdik. Kynçylyklara garamazdan, maşgala agzalarynyň bäşisi hem suwa çümdürildi.

DAŞARY ÝURTDA WAGYZ EDÝÄRIN

Irlandiýada pioner gullugyna başlan döwrüm adamlary kongrese çagyrýaryn (aşakda)

Uruş tamamlanandan soňra men Irlandiýanyň günorta tarapynda iki ýyl pioner bolup gulluk etdim. Biz Irlandiýanyň Angliýadan tapawutlaýandygyny asla bilmeýän ekenik. Biz öýme-öý aýlanyp, adamlara özümizi tanyşdyryp, myhman almagy haýyş edýärdik. Şeýle-de köçede wagyz edenimizde žurnallarymyzy paýlaýardyk. Emma katolik dininiň giňden ýaýran ýerinde şeýle etmeklik ýerliksizdi. Bir gezek bizi zalymlyk bilen urjak bolanlarynda, men polisiýa işgärine arz etdim. Emma ol: «Siz näme şeýle boljakdygyny bilmeýärdiňizmi?» diýdi. Biz ruhanylaryň ygtyýarynyň şeýle güýçlüdigini bilmeýärdik. Eger biri edebiýatlarymyzy alaýsa, ruhanylar ony işinden çykardýardylar. Olar hatda bizem bolýan öýümizden kowdular.

Tizden biz başgaça hereket etmelidigine düşündik. Biz ýaşar ýaly ýer tapanymyzdan soň, tigirli bolýan ýerimizden uzagraga, ýagny şol ruhanylaryň ýok ýerlerine wagyz etmäge gitdik. Golaýdaky öýlere bolsa iň soňunda wagyz edýärdik. Kilkenni şäherinde ýowuz garşylyklara duçar bolsak-da, biz bir oglan bilen hepdede üç gezek okuw geçýärdik. Men Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty gürrüň bermegi juda gowy görýärdim. Şol sebäpli Gilead mekdebinde okamak üçin arza ýazdym.

1948—1953-nji ýyllarda «Sibiýa» gämisi bilen missionerlik syýahatynda (sag tarapda)

Gilead mekdebinde (Nýu-Ýork ştaty) bäş aý okanymdan soň, meni we üç dogany Karib deňziniň golaýyndaky kiçijik adalara wagyz etmäge bellediler. 1948-nji ýylyň noýabrynda biz uzynlygy 18 metr bolan «Sibiýa» gämisine münüp, Nýu-Ýorkdan ugradyk. Men öň hiç haçan ýelkenli gämide ýüzüp görmänsoň, begenjimden ýaňa uçaýjak bolýardym. Gast Maki dogan ökde deňiz kapitanydy. Ol bize gämide ýüzmegiň esasy tilsimlerini: ýelkeni galdyryp ýygnamagy, kompasyň görkezýän ugruna görä we ýeliň garşysyna ýüzmegi öwretdi. Gast 30 günläp gämini ökdelik bilen sürmegi başardy. Biz ençeme apy-tupandan geçip, ahyry Bagam adalaryna ýetdik.

«ONY UZAKDAKY KENARLARDA YGLAN EDIŇ»

Biz birnäçe aýlap Bagam adalarynda wagyz edenimizden soňra, Wirgin adalaryndan 800 kilometr uzaklykda ýerleşýän adalara tarap ýüzüp, Trinidad adasyna golaýladyk. Bu adalar Puerto-Rikonyň golaýynda ýerleşýärdi. Biz bäş ýyllap çet ýerlerdäki adalarda wagyz etdik. Ol ýerde ýekeje Ýehowanyň Şaýadam ýokdy. Käwagt biz doganlar bilen birnäçe hepdeläp habarlaşyp bilmeýärdik. Emma adalarda Ýehowanyň habaryny wagyz edip, özümizi juda bagtly duýýardyk (Ýer. 31:10).

«Sibiýa» gämisindäki missionerler (çepden saga): Ronald Parkin, Dik Raýd, Gast Maki we Stenli Karter

Biz kenara ýetenimizde, adanyň ýaşaýjylary aýaga galyp, daşymyza üýşýärdiler. Sebäbi olaryň käbiri gämini we akýagyz adamlary hiç haçan görmändiler. Adanyň ýaşaýjylary mähirli, hudaýhon adamlardy we Mukaddes Ýazgylary gowy bilýärdi. Olar bize köplenç balyk, hoz we käbir ir-iýmişleri berýärdiler. Gämide amatly şertler bolmasa-da, biz onda ýatyp-turup, iýip-içýärdik we egin-eşiklerimizi ýuwup, günümizi görýärdik.

Biz kenarda adamlar bilen günuzyn gürrüňdeş bolup, olara Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutugyň boljakdygyny aýdýardyk. Garaňky düşüp başlanda bolsa gäminiň jaňyny kakýardyk. Şonda adamlar topar-topar bolup, elleri çyraly baýyrdan aşak inip başlaýardy. Nutugy diňlemäge gelýän adamlary görenimizde, begenjimiziň çägi bolmaýardy. Olaryň el çyralary asmandaky ýyldyzlara meňzeýärdi. Käte ol ýere ýüzlerçe adam ýygnanýardy. Olar sorag berip, gijäniň ýaryna çenli oturýardylar. Şeýle-de olar aýdym aýtmagy gowy görýändikleri üçin, biz olara Patyşalyk aýdymlarynyň nusgasyny berdik. Biziň dördümiz hiňlenip aýdym aýdanymyzda, olaram bize goşulýardy. Şonda aýdym has-da owadan bolýardy. Bu zatlar henize çenli göz öňümden gitmeýär!

Käte okuw geçýän adamlarymyzyň käbiri biziň bilen beýleki okuw geçýänlerimiziň hem sapagyna gatnaşýardylar. Beýleki adalara wagyz etmäge gidenimizde bolsa, olara gyzyklanan adamlar bilen okuw geçmegi haýyş edýärdik. Olaryň köpüsiniň bu ýumşa örän çynlakaý garaýandyklary juda begendirýärdi.

Şu günler şol goh-galmagalsyz, çägesöw, ýalpak kenarly we palma agaçlaryna bürenip oturan adalar indi köp gelim-gidimli ýere öwrüldi. Biz köplenç bir adadan beýleki ada gijelerine ýüzýärdik. Şonda delfinler gämimiziň gapdalyndan ýüzüp, her hili oýunlary görkezýärdi. Suwy böwsüp barýan gäminiň sesi örän täsindi. Asuda deňze düşýän Aýyň şöhlesi kümüş kimin öwşün atyp, giň ummana ýaýylyp gidýärdi.

Biz 5 ýyllap adalarda wagyz edenimizden soňra, gämimizi motorly gaýyga çalyşmak üçin Puerto-Riko tarap ýüzdük. Ol ýerde men Maksin Boýd atly missioner uýa bilen tanyşdym we ony gowy gördüm. Maksin örän owadandy we hoş habary çagalygyndan bäri yhlasly wagyz edýärdi. Ol Dominikan Respublikasynda missioner bolup gulluk edýär. Emma 1950-nji ýylda katolik buthanasynyň goldamagy bilen häkimiýetler Maksini ýurtdan çykarýar. Men gämi toparynyň agzasy bolandygym üçin Puerto-Rikoda bir aý galyp bilýärdim. Emma soňra ýene ada gidip, birnäçe ýyl wagyz etmelidim. Şol sebäpli men öz-özüme: «Ronald, eger sen bu gyzy gowy görýän bolsaň, çaltrak hereket et» diýdim. Şondan 3 hepde geçensoň, men Maksine söz aýtdym we 6 hepdeden toý etdik. Maksin ikimizi Puerto-Rikoda missioner bolup gulluk etmäge bellediler. Şeýdip, meniň gämili syýahatym tamamlandy.

1956-njy ýylda meni etrap gözegçisi edip bellediler we aýalym ikimiz ýygnaklary idäp başladyk. Dogan-uýalaryň köpüsi garyp ýaşaýardy, ýöne biz olary höwes bilen ideg edýärdik. Meselem, Potala Pastilo obasynda iki sany köp çagaly mesihçi maşgala bardy. Men olara fleýtada saz çalyp berýärdim. Bir gezek men Ilda atly gyzjagazdan: «Biziň bilen wagza gidesiň gelýärmi?» diýip soradym. Ol: «Hawa, ýöne men gidip bilmäýmesem. Meň köwşüm ýoga» diýdi. Biz oňa köwüş alyp berdik we ony wagza äkitdik. Aradan köp ýyl geçende, ýagny 1972-nji ýylda Maksin ikimiz Bruklindäki Beýtele bardyk. Şonda biz ýakynda Gilead mekdebini tamamlan bir uýa duşduk. Ony Ekwadora gulluk etmäge belläpdirler we biraz wagtdan şol ýere gitmelidi. Ol bize: «Siz meni tanamadyňyzmy? Men şol Pastilodaky köwüşsiz gyzjagazda!» diýdi. Görüp otursak, bu Ilda ekeni! Biz begenjimizden ýaňa gözýaşymyzy saklap bilmedik.

1960-njy ýylda bizi Puerto-Rikodaky filialda gulluk etmäge çagyrýarlar. Bu filial San Huanadaky kiçiräk iki gatly jaýda ýerleşýärdi. Ilkibaşda, men Lenart Jonson dogan bilen köp zähmet çekdim. Lenart dogan we onuň aýaly Dominikan Respublikasyndaky ilkinji Ýehowanyň Şaýady bolanlaryň biridi we 1957-nji ýylda Puerto-Riko gelýärler. Puerto-Riko gelenimize biraz wagt bolansoň, Maksin adamlara žurnala ýazylmagy teklip edip başlaýar. Haýran galaýmaly, bary-ýogy bir hepdede müňden gowrak adam žurnala ýazylmaga isleg bildirýär. Maksin işini örän gowy görýärdi, sebäbi ol adamlaryň ruhy saglygy barada gaty alada edýärdi.

Men Beýtelde gulluk edýändigime begenýärin, sebäbi ol ýerde adamlara iň gowy zadymy berip bilýärin. Emma käte kynçylyklar hem bolýardy. Meselem, 1967-nji ýylda Puerto-Rikoda ilkinji gezek halkara kongresi geçirilende maňa köp jogapkärli işler ynanyldy. Puerto-Rikoda gurnalan kongrese Neýtan Norr dogan hem geldi. Şol wagt ol Ýehowanyň Şaýatlarynyň işine ýolbaşçylyk edýärdi. Ol kongrese gelen missionerler üçin ulag taýýarlan däldirin öýdýär. Ýöne aslynda bu beýle däldi. Norr dogan maňa tamasyny ödemändigimi we guramaçylykly bolmalydygymy aýdyp berk käýedi. Men onuň bilen dawalaşyp durmadym, ýöne özüme adalatsyzlyk edilen ýaly duýup, gaty ruhdan düşdüm. Emma biz ýene-de Norr dogany gördük. Şonda ol Maksin ikimizi bolýan otagyna çagyryp, ýörite biziň üçin nahar bişirdi.

Biz Puerto-Rikoda gulluk edenimizde, birnäçe gezek Angliýa öýümize gidipdik. Ejem ikimiz hakykaty kabul etsek-de, kakam heniz kabul etmändi. Emma ejem Beýtelden nutuk bilen çykyş etmäge gelýän doganlary köplenç myhman alýardy. Doganlaryň pesgöwünliligi kakam güýçli täsir etdi. Kakam olaryň ikiýüzli ruhanylardan düýpgöter tapawutlanýandygyna göz ýetirdi. Şeýdip, 1962-nji ýylda ol özüni Ýehowa bagyş etdi.

Toý edenimizden soň Puerto-Rikoda we toýmuzyň 50 ýyllygy (2003)

2011-nji ýylda aýalym Maksin aradan çykýar. Men onuň direlmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Direlişe bolan umyt maňa teselli berýär. Maksin bilen 58 ýyl bile bolanymyzda, Puerto-Rikoda Ýehowanyň halkynyň 650-den 26 müňe ýetendigini gördük. 2013-nji ýylda Puerto-Rikodaky filial ABŞ-nyň Uolkill şäherindäki filial bilen birleşdirildi. Meni hem şol ýerde gulluk etmäge çagyrdylar. Adada 60 ýyl gulluk edenimden soň, özümi edil puertorikolylaryň biri, ýagny Gün ýaşanda «ko-ki, ko-ki» diýip aýdym aýdýan kiçijik agaç gurbagasy ýaly duýýaryn. Emma hoşlaşmagyň wagty gelipdi.

«HUDAÝ ŞATLYK BILEN BERÝÄN ADAMY SÖÝÝÄNDIR»

Men henizem Beýtelde Hudaýa gulluk edýärin. Häzir men 90-dan geçenem bolsam, Beýtel maşgalasynyň agzalaryny ideg edip we ruhlandyryp, özüme tabşyrylan ýumşy şatlyk bilen ýerine ýetirýärin. Uolkile gelenim bäri 600-den gowrak dogan-uýany ideg edendigimi aýtdylar. Olaryň köpüsi biynjalyk edýän zatlary ýa-da maşgala kynçylyklary barada gürrüň berýärdiler. Käbirleri Beýtelde üstünlikli gulluk etmek üçin näme etmelidigini bilesi gelýärdi. Täze çatynjalar bolsa maşgala babatda maslahat soraýarlar. Käbir dogan-uýalar indi Beýtelde gulluk etmeýärler. Men gürrüňdeş bolan dogan-uýalarymyň ählisine köplenç şeýle diýýärdim: «„Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir“. Şonuň üçin tabşyrylan ýumşy şatlyk bilen ýerine ýetiriň. Sebäbi siz muny Ýehowa üçin edýärsiňiz» (2 Kor. 9:7).

Gullugyň islendik görnüşinde bolşy ýaly, Beýtel gullugynda hem şatlygyňy ýitirmezlik üçin tabşyrylan işiň örän wajypdygyny hemişe özümize ýatladyp durmaly. Beýtelde edilýän işleriň ählisi mukaddes hasaplanylýar. Sebäbi biz «wepaly we paýhasly hyzmatkäre» bütin dünýädäki doganlarymyza ruhy iýmiti taýýarlamaga kömek edýäris (Mat. 24:45). Emma biz nirede gulluk etsek-de, Ýehowany şöhratlandyryp bilýäris. Şol sebäpli, geliň, Hudaýyň tabşyran ýumşuny şatlyk bilen ýerine ýetireliň, çünki «Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir».

^ abzas 13 Leonard Smit doganyň terjimehalyny «Garawul diňinden» okap bilersiňiz (w12 15/4).