Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýoganes Raute wagyzda (Megerem, 1920-nji ýyllarda)

ARHIWIMIZDEN

«Ýehowany şöhratlandyrmak bilen bol bereket alýaryn»

«Ýehowany şöhratlandyrmak bilen bol bereket alýaryn»

1915-NJI ýylyň 1-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda Birinji jahan urşy barada şeýle diýilýär: «Häzir Ýewropada bolýan elhenç urşy öňki ýyllarda bolan uruşlar bilen asla deňeşdirip bolmaýar». Dogrudan-da, Birinji jahan urşy 30-a golaý döwlete güýçli zyýan ýetirýär. Şeýle-de žurnalda harby çaknyşyklar sebäpli, «käbir ýurtlarda, esasan-da, Germaniýada we Fransiýada Patyşalyk habaryny wagyz etmek has-da kynlaşandygy» bellenilýär.

Ýeriň ähli künjeginde harby çaknyşyklar möwç urýardy. Şol döwürde Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler bitaraplygy saklamaklyk meselesine doly düşünmeýärdiler. Emma olar hoş habary wagyz etmek üçin elinde baryny edýärdiler. Meselem, Wilgelm Hildebrant Patyşalyk işine goşant goşmak isleýärdi, şol sebäpli ol birnäçe sany fransuz dilinde «Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň her aýky kitapçasyny» sargaýar. Ol Fransiýada kitap paýlaýan (doly wagtly gullukçy) däl-de, nemes esgeridi. Wilgelm parahatlyk baradaky habary wagyz etse-de, fransuzlar onuň egnindäki harby eşigi görüp, duşmandyr öýdýärdi.

«Garawul diňi» žurnalynda aýdylmagyna görä, uruş döwri Wilgelm ýaly Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz eden başga-da nemesler bardy. Meselem, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň biri bolan Lemke harby deňiz flotunda gulluk edýärdi. Ol bäş sany deňizçi ýoldaşynyň hoş habara seslenendigini aýdýar. Ol şeýle ýazýar: «Men hatda gämide bolsam-da, Ýehowany şöhratlandyrmak bilen bol bereket alýaryn».

Georg Kaýzer esger bolup urşa gitse-de, yzyna hak Hudaýyň gullukçysy bolup dolanýar. Muňa näme sebäp bolýar? Ol bir sebäp bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň edebiýatyny okaýar. Hakykat oňa şeýle güýçli täsir edýär welin, ol gaýdyp eline ýarag almaýar we gullugyny nyzamly däl görnüşde dowam edýär. Uruş gutaransoň, Georg ençeme ýyllap pioner bolup yhlasly gulluk edýär.

Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler bitaraplyk meselesine doly düşünmeseler-de, olaryň garaýşy we edýän işleri urşy goldaýan adamlaryňkydan düýbünden tapawutlanýardy. Meselem, syýasy we dini ýolbaşçylar uruşlary aç-açan goldaýardylar. Emma Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler «Parahatlyk Şazadasyna» wepaly bolmaga jan edýärdiler (Iş. 9:6). Şol döwürde mesihçileriň käbiri doly bitaraplygy saklap bilmese-de, Mukaddes Ýazgylardaky hakykata bolan ynamy güýçlüdi. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän Konrat Mörter: «Men Hudaýyň Sözüni okap, mesihçileriň adam öldürmeli däldigine göz ýetirdim» diýýär (Müs. çyk. 20:13) *.

Hans Hölterhof elde sürülýän arabaly «Altyn asyr» žurnalyny paýlaýar

Germaniýada harby gullukdan azat edýän kanun bolmasa-da, 20-den gowrak Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler harby gulluga gitmekden boýun gaçyrýar. Olaryň käbirini psihiki taýdan keselli hasaplaýardylar. Meselem, Gustaw Kuýatyny dälihana ýerleşdirip, akyl-huşuna täsir edýän däri-dermanlary berýärler. Hans Hölterhofy hem harby gulluga gitmekden ýüz öwrendigi üçin türmä basýarlar. Emma ol türmede-de uruş bilen bagly işleri etmekden boýun gaçyrýar. Şonda garawullar onuň el-aýagy gurşup, hereket edip bilmez ýaly baglap goýýarlar. Emma onuň hiç hili ýan bermeýändigini görenlerinde, oňa hamala ölüm jezasy berilýän ýaly gorkuzýardylar. Şeýle ýowuz synaglara garamazdan, Hans tä uruş gutarýança doly aýypsyzlygyny saklaýar.

Harby gulluga çagyrylan beýleki doganlaram eline ýarag almakdan ýüz öwrüp, özlerini gullugyň nyzamly bolmadyk görnüşine bellemeklerini haýyş etdiler *. Şeýle doganlaryň biri Ýoganes Rautedi. Ony demirýolda işlemäge belleýärler. Konrad Mörteri sanitar, Raýnhold Weberi bolsa şepagat dogan edip belleýärler. Awgust Krafsigi hem käbir işleri etmäge belleýärler. Şeýdip, ol gönüden-göni söweşe gatnaşmakdan azat bolýar. Awgust dogan muňa örän begenendigini aýdýar. Bu we beýleki Mukaddes Ýazgylary öwrenýän doganlar Ýehowany söýýändigi we wepaly galmak isleýändigi sebäpli, oňa gulluk etmek üçin elinde baryny edýärdiler.

Uruş döwri Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň bitaraplygy saklamagy hökümet ýolbaşçylarynyň gözüne ilmän galmaýar. Soňky ýyllarda Germaniýada hoş habaryň wagyz edilýändigi üçin Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler müňlerçe sapar kazyýete çekilýär. Şonda doganlara kömek etmek üçin Magdeburgdaky (Germaniýa) Beýtelde ýuridiki bölüm döredilýär.

Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowanyň Şaýatlary bitaraplyk meselesine has gowy düşünip başlaýarlar. Ikinji jahan urşy başlanda olar harby gulluga gitmekden bütinleý ýüz öwrüp, bitaraplygy saklaýarlar. Şol sebäpli olary Germaniýanyň duşmany hasaplap, zalymlyk bilen yzarladylar. Emma bu barada «Arhiwimizden» atly makalanyň indiki sanlarynda has giňişleýin bileris (Merkezi Ýewropadaky arhiwimizden).

^ abzas 7 Britaniýaly Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň Birinji jahan urşunda nähili kynçylyklary başdan geçirendigi barada «Garawul diňi» žurnalyndaky «Arhiwimizden — „Synag sagadynda“ berk durdular» diýen makaladan okap bilersiňiz (w13 15/5).

^ abzas 9 1904-nji ýylda çykan «Müňýyllygyň şapagy» atly kitabyň 6-njy tomunda we 1906-njy ýylyň 15-nji awgustynda çykan «Sion garawul diňinde» şeýle etmek maslahat berlipdi. 1915-nji ýylyň sentýabrynda çykan «Sion garawul diňinde» Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň syýasy işlere bolan garaýşy we eden işleri gürrüň berilýär. Emma bu makala nemes dilinde ýok.