Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ruhy taýdan ösmegiň wajypdygyna düşünýärsiňizmi?

Ruhy taýdan ösmegiň wajypdygyna düşünýärsiňizmi?

«Ýygnakda okamagyňy, öwüt-ündew bermegiňi we öwretmegiňi dowam et». 1 TIM. 4:13

AÝDYMLAR: 45, 42

1, 2. a) Işaýa 60:22-däki sözler şu soňky günlerde nädip ýerine ýetýär? b) Ýehowanyň guramasynda nähili zerurlyk bar?

IŞAÝA pygamber: «Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi» diýip ýazdy (Iş. 60:22). Bu pygamberlik şu günler ýerine ýetýär. 2015-nji gulluk ýylynda Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany 8 million 220 müň 105-e ýetdi. Aýadyň soňky bölegi bizi has-da ruhlandyrýar. Gökdäki Atamyz: «Men-Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin» diýip wada berýär. Kem-kemden tizligini artdyrýan otlydaky ýolagçylar ýaly, bizem şägirt taýýarlamak işiniň has-da ilerleýändigini görýäris. Wagyz işiniň şeýle uly depginde alnyp barylmagy bize nähili täsir etmeli? Biz Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly wagyz edýärismi? Dogan-uýalaryň köpüsi pioner ýa-da kömekçi pioner bolup gulluk edýärler. Käbir dogan-uýalar bolsa wagyzçylaryň az ýerinde gulluk edýärler ýa-da gurluşyk işlerine gatnaşýarlar. Eýsem, şeýle dogan-uýalaryň yhlasly gullugy bizi ruhlandyrmaýarmy?!

2 Munuň şeýledigine garamazdan, «işçiler» azlyk edýär. Meselem, her ýyl ortaça 2 müň ýygnak döredilýär. Şol täze döredilen ýygnaklaryň hersinde 5 ýaşuly dogan gulluk edip biler ýaly, her ýyl 10 müň hyzmatçy «gözegçi» edip bellenmeli. Bu bolsa ýygnakda hyzmatçy bolup gulluk etmek üçin müňlerçe doganlaryň talaplara laýyk gelmelidigini görkezýär. Aslynda, «Halypamyzyň işinde» hem doganlara, hem uýalara edere iş köp (1 Kor. 15:58).

RUHY TAÝDAN ÖSMEK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

3, 4. Siz nähili ruhy maksatlary goýup bilersiňiz?

3 1 Timoteos 3:1-i okaň. Grek dilinden terjime edilen «islemek» sözi goýan maksadyňa görä hereket etmegi aňladýar. Başgaça aýdanyňda, golaýda däl-de, uzakda duran zady almaga jan etmegi aňladýar. Pawlus resulyň ulanan sözi ruhy taýdan ösmek üçin tagalla etmegiň wajypdygyny görkezýär. Aýdaly, bir dogan ýygnakda hyzmatçy bolmagy arzuw edýär. Emma ol munuň üçin gerekli häsiýetleri ösdürmelidigine düşünýär. Şeýdip, ol ilki hyzmatçy bolmaga jan edýär we wagtyň geçmegi bilen maksadyna ýetýär. Soňra gözegçi bolmak üçin talaplara laýyk gelmek barada oýlanýar. Görşümiz ýaly, ol her gezegem ýygnakda goşmaça borçlary almak üçin gerekli häsiýetleri ösdürmäge jan edýär.

4 Şonuň ýaly, pioner bolmak, Beýtelde gulluk etmek ýa-da Patyşalyk zallarynyň gurluşygyna gatnaşmagy arzuw edýän we maksadyna ýetmek üçin elinde baryny edýän dogan-uýalar hem öwgä mynasypdyr. Mukaddes Ýazgylar biziň ählimizi ruhy taýdan ösmäge höweslendirýär. Geliň, bu babatda berilýän käbir maslahatlara seredeliň.

RUHY TAÝDAN ÖSMÄGE JAN EDIŇ

5. Ýaşlaryň nähili mümkinçilikleri bar?

5 Ýaşlar gujur-gaýratly bolany üçin Ýehowa köpräk gulluk edip bilýärler (Süleýmanyň tymsallary 20:29-y okaň). Meselem, käbir ýaş doganlar Beýteliň çaphanasynda gulluk edip, Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary çykarmaga kömek edýärler. Köp dogan-uýalar bolsa Patyşalyk zallarynyň gurluşyk ýa-da bejeriş işlerine gatnaşýarlar. Käbir ýaşlar tejribeli dogan-uýalar bilen betbagtçylyga uçran adamlara kömek edýärler. Şeýle-de olaryň köpüsi pioner bolup, ýerli halka ýa-da başga dilde gepleýän adamlara hoş habary wagyz edýärler.

6—8. a) Bir dogan garaýşyny nädip özgertdi we bu oňa nähili täsir etdi? b) Biz nädip Ýehowanyň «ýagşylygyny dadyp» bileris?

6 Elbetde, sizem Hudaýa akýürekden gulluk etmegiň wajypdygyna düşünýänsiňiz. Ýöne siz Aron doganyňky ýaly duýgulary başdan geçirýän bolmagyňyz mümkin. Aron mesihçi maşgalada önüp-ösýär. Emma ol: «Meniň duşuşyklara we wagza asla gidesim gelmeýärdi» diýýär. Aron Hudaýa şatlyk bilen gulluk etmek isleýärdi, emma muňa nämäniň päsgel berýändigine düşünip bilmeýärdi. Ol bu ýagdaýa nädip hötde gelýär?

7 Aron Mukaddes Ýazgylary yzygider okamagy, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmagy we olarda jogap bermegi maksat edinýär. Esasan-da, ol yzygider doga edip başlaýar. Bu oňa Ýehowa bolan söýgüsini artdyrmaga we ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Wagtyň geçmegi bilen, Aron pioner gullugyna başlaýar, betbagtçylyga uçran adamlara kömek edýär we daşary ýurtda gulluk edýär. Häzir ol ýaşuly hem-de Beýtelde gulluk edýär. Aron alan bereketleri barada şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp gördüm we onuň merhemete baý Hudaýdygyna göz ýetirdim. Men özümi oňa borçly hasaplaýaryn we has-da köpräk gulluk etmäge jan edýärin. Şeýdip, men öňküdenem has köp bereketleriň eýesi bolýaryn».

8 Mezmurçy: «Rebbi agtarýanlar bolsa hiç bir zatda mätäçlik çekmez» diýdi (Zebur 34:8—10-njy aýatlary okaň). Eger biz hem Ýehowa janaýaman gulluk etsek, hiç haçan ökünmeris we «(Ýehowanyň) ýagşylygyny dadyp görüň» diýen sözleriň dogrudygyna göz ýetireris. Hawa, Ýehowa ýürekden gulluk edip alýan şatlygymyzy hiç zat bilen deňäp bolmaýar.

TUTANÝERLI BOLUŇ WE BADYŇYZY GOWŞATMAŇ

9, 10. Sabyrly bolmak näme üçin wajyp?

9 Maksadyňa ýetmek üçin käte sabyrly bolmaly (Mika 7:7). Käwagt biz jogapkärli borçlary alýançak ýa-da ýagdaý özgerýänçä garaşmaly bolýarys. Emma Ýehowa öz wepaly gullukçylaryny hemişe goldaýar. Meselem, Hudaý Ybraýym pygambere oglunyň boljakdygyny wada berende, oňa sabyrly bolup, imanyny iş ýüzünde görkezmäge mümkinçilik berýär (Ýew. 6:12—15). Ybraýym pygamber ogly Yshak dünýä inýänçä köp ýyl garaşmaly bolsa-da, ruhdan düşmeýär. Ýehowa hem beren wadasyny berjaý edýär (Gel. çyk. 15:3, 4; 21:5).

10 Elbetde, garaşmak aňsat däl (Sül. tym. 13:12). Garaşýan zadymyz bolmasa, ruhdan düşmegimiz mümkin. Emma wagtymyzy paýhasly ulanyp, ruhy taýdan ösmek we ýygnakda jogapkärli borçlary almak üçin gerekli häsiýetleri ösdüreliň. Munuň 3 usuly bar.

11. Biz nähili häsiýetleri ösdürmeli we bu näme üçin wajyp?

11 Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdüriň. Biz Hudaýyň Sözüni okap oýlananymyzda bilimimizi, pikirlenmek ukybymyzy artdyryp, düşgür, paýhasly, düşünjeli bolmagy we dury pikirlenmegi öwrenýäris. Esasan-da, Hudaýyň halkyna gözegçilik edýän doganlar şeýle häsiýetleri ösdürmeli (Sül. tym. 1:1—4; Tit. 1:7—9). Şeýle-de biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary okanymyzda, ähli zada Hudaýyň garaýşy ýaly garamagy öwrenýäris. Biz her gün dynç alyş, egin-eşik, özüňe timar bermek, pul sowmak we adamlar bilen gatnaşmak ýaly meselelerde karara gelmeli bolýarys. Eger biz Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlarymyza görä hereket etsek, Ýehowa ýaraýan karara geleris.

12. Mesihçi ynamdar adamdygyny nädip görkezip biler?

12 Ynamdar boluň. Biziň ählimiz ynanylan jogapkärçiligi ýürekden ýerine ýetirmäge jan etmeli. Nehemýa Hudaýyň halkynyň ýolbaşçysy hökmünde käbir adamlary jogapkärli borçlary ýerine ýetirmäge bellemelidi. Ol kimleri belleýär? Nehemýa Hudaýdan gorkýan we ynamdar adamlary saýlaýar (Neh. 7:2; 13:12, 13). Şu günlerem «iş dolandyryjylar wepaly bolmaly» (1 Kor. 4:2). Olaryň edýän ýagşy işleri hiç haçan unudylmaz (1 Timoteos 5:25-i okaň).

13. Adalatsyzlyk edenlerinde Ýusupdan nädip görelde alyp bileris?

13 Ýehowanyň «barlap arassalamagyna» ýol beriň. Size adalatsyzlyk etseler näme ederdiňiz? Belki-de, siz meseläni tizräk çözmek islärdiňiz. Emma siz özüňize çendenaşa köp üns berseňiz, ýagdaýy has-da kynlaşdyrarsyňyz. Meselem, Ýusuba doganlary zalymlyk bilen daraşsa-da, ol öýke-kine etmeýär. Birnäçe wagtdan oňa töhmet atyp, türmä basýarlar. Emma ol şonda-da Ýehowa bil baglaýar. Şeýdip, ol «Rebbiň sözüniň ony barlap arassalamagyna» ýol berýär (Zeb. 105:19). Şol synaglar Ýusuby jogapkärli borjy almaga taýýarlaýar (Gel. çyk. 41:37—44; 45:4—8). Siz hem agyr kynçylyklara uçranyňyzda, Ýehowadan akyldarlyk, güýç diläň we ýumşaklyk bilen geplemäge jan ediň. Şonda Ýehowa size hökman kömek eder (1 Petrus 5:10-y okaň).

ÖKDELIK BILEN WAGYZ EDIŇ

14, 15. a) Wagyz edişimize näme üçin hemişe «ünsli bolmaly»? b) Ýagdaýa görä wagyz etmek üçin näme edip bilersiňiz? (Makalanyň başyndaky surata we « Siz başga usullary ulanyp gördüňizmi?» diýen çarçuwa serediň).

14 Pawlus resul Timoteosa: «Ýygnakda okamagyňy, öwüt-ündew bermegiňi we öwretmegiňi dowam et. Ýaşaýşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol» diýip maslahat berdi (1 Tim. 4:13, 16). Timoteos şol wagt tejribeli wagyzçydy. Emma ol has-da netijeli gulluk eder ýaly öwredişine hemişe «ünsli bolmalydy». Hakykaty adamlaryň ýüregine ýetirmek üçin, ol hemişeki ulanýan usullaryny olaryň ýagdaýyna görä üýtgetmelidi. Şu günler bizem onuň göreldesine eýermeli.

15 Biz öýden-öýe wagyz edenimizde, adamlary köplenç öýünden tapyp bilmeýäris. Käbir ýerlerde bolsa köp etažly we goralýan jaýlara asla girip bolmaýar. Eger sizem şeýle kynçylyklara duş gelýän bolsaňyz, başga usullar bilen wagyz etseňiz gowy bolmazmy?

16. Köpçülik ýerlerinde wagyz etmek näme üçin netijeli diýse bolar?

16 Hoş habary wagyz etmegiň ajaýyp usullarynyň biri — köpçülik ýerlerinde wagyz etmek. Dogan-uýalaryň köpüsi gullugyň bu görnüşiniň örän netijelidigini we şatlyk getirýändigini aýdýarlar. Olar demir ýol menziline, ulag duralgalaryna, bazarlara, seýilgählere we şuňa meňzeş ýerlere ýörite baryp wagyz edýärler. Emma munuň üçin düşgürlik gerek. Meselem, adamlar bilen gürrüňe başlamak üçin çagasyna öwgüli sözleri aýdyp, täzeliklerden gürrüň açyp ýa-da iş bilen bagly sorag berip bolýar. Eger adam gyzyklansa, gürrüň edilýän tema bilen bagly bir aýady aýdyp, onuň pikirini sorap bileris. Köplenç şeýle gürrüňdeşlik Mukaddes Ýazgylar esasynda ýene-de gürrüňdeş bolmaga kömek edýär.

17, 18. a) Köpçülik ýerlerinde wagyz etmäge gorkýan bolsak näme etmeli? b) Biz wagyz edenimizde Ýehowany şöhratlandyran Dawutdan nädip görelde alyp bileris?

17 Eger siz köpçülik ýerlerinde wagyz etmäge ýaýdanýan bolsaňyz, ruhdan düşmäň. Nýu-Ýorkda pioner bolup gulluk edýän Eddi dogan köpçülik ýerlerinde wagyz etmäge çekinýärdi. Emma wagtyň geçmegi bilen, ol özüni ynamly duýup başlaýar. Oňa näme kömek edýär? Ol şeýle diýýär: «Aýalym ikimiz maşgala okuwynda wagyzda bolýan garşylyklary ýeňip geçmek we adamlaryň garaýşyny göz öňünde tutmak barada gözleg geçirýäris. Şeýle-de tejribeli dogan-uýalardan maslahat soraýarys». Häzir Eddi köpçülik ýerlerinde höwes bilen wagyz edýär.

18 Eger biz hoş habary ökdelik we ynam bilen wagyz etsek, ruhy taýdan ösýändigimiz has-da aýan bolar (1 Timoteos 4:15-i okaň). Şeýle-de Dawut pygamber ýaly, gökdäki Atamyzy şöhratlandyrarys. Ol şeýle nagma aýtdy: «Men Rebbe her wagt sena ederin, Oňa öwgi mydama agzymda bolar. Janym Reb bilen magtanar; mylakatlylar eşidip begenerler» (Zeb. 34:1, 2). Galyberse-de, pesgöwünli adamlar wagyz edýän habarymyza seslenip, şatlyk bilen hak Hudaýy şöhratlandyrarlar.

RUHY TAÝDAN ÖSÜP, HUDAÝY ŞÖHRATLANDYRYŇ

19. Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň mümkinçiligi çäkli bolsa-da näme üçin şatlygyny ýitirmän bilerler?

19 Dawut Ýehowa şeýle nagma aýtdy: «Ähli ýaradanlaryň saňa şükür eder, ýa Reb; takwalaryň saňa alkyş eder. Adam ogullaryna onuň gudratly işlerini, patyşalygynyň şöhratly şöwkedini bildirmek üçin, olar seniň patyşalygyň şöhratyny aýdyp, gudratyňdan gürrüň bererler» (Zeb. 145:10—12). Bu sözler Ýehowanyň ähli wepaly gullukçylarynyň duýgusyny beýan edýär. Emma keselçilik ýa-da garrylyk sebäpli köp wagyz edip bilmeýän bolsaňyz näme? Siz mümkin boldugyndan ähli adamlara, meselem, lukmanlara ýa-da şepagat uýasyna wagyz edip, mukaddes gullugyňyz bilen Hudaýy şöhratlandyrýandygyňyzy unutmaň. Hatda siz imanyňyz üçin türmä basylan bolsaňyz-da, mümkinçilik dörände hakykaty gürrüň berip Ýehowany begendirýärsiňiz (Sül. tym. 27:11). Ýa-da maşgala agzalaryňyz Hudaýa iman etmese-de, siz ruhy işleri birinji orunda goýmak bilen Hudaýy begendirýärsiňiz (1 Pet. 3:1—4). Siz kyn ýagdaýlarda-da Ýehowany şöhratlandyryp hem ruhy taýdan ösüp bilersiňiz.

20, 21. Ýehowanyň guramasynda size köp iş ynanylan bolsa, başgalara nädip goldaw bolup bilersiňiz?

20 Eger siz ruhy taýdan ösmek üçin tagalla etseňiz, Ýehowa hökman patalar. Siz gün tertibiňizde ýa-da durmuşyňyzda käbir özgerişlikleri etseňiz, adamlara Hudaýyň gymmatly hakykatyny wagyz edip, gelejege umytly garamaga kömek edersiňiz. Galyberse-de, siz ruhy taýdan ösüp we janaýaman gulluk edip, dogan-uýalara ajaýyp görelde görkezersiňiz. Siz Ýehowany söýýän dogan-uýalara pesgöwünlilik bilen hyzmat edip, olaryň söýgüsini, minnetdarlygyny we goldawyny duýarsyňyz.

21 Biz Ýehowa ençeme ýyl ýa-da birnäçe aý bäri gulluk etsek-de, ählimiz ruhy taýdan ösüp bilýäris. Ruhy taýdan berk mesihçiler täze wagyzçylara we ýaňy-ýakynda suwa çümdürilenlere ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edip biler? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.