Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Başgalara öwretmegiň wajypdygyna düşünýärsiňizmi?

Başgalara öwretmegiň wajypdygyna düşünýärsiňizmi?

«Men size oňat sapak bererin». SÜL. TYM. 4:2

AÝDYMLAR: 45, 44

1, 2. Başgalara öwretmek näme üçin wajyp?

ISA, esasan, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi. Emma ol başgalara çopan we mugallym bolmagy öwredýärdi (Mat. 10:5—7). Filipus köp wagyz edýärdi, ýöne ol gyzlarynyň dördüsine-de Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty ökdelik bilen wagyz etmegi öwretdi (Res. iş. 21:8, 9). Şu günler başgalara öwretmek wajypmy?

2 Bütin dünýäde hoş habara seslenýän adamlaryň sany gitdigiçe köpelýär. Şol sebäpli suwa çümdürilmedik wagyzçylar şahsy okuwy geçirmegiň wajypdygyna düşünmeli. Şeýle-de olar hoş habary ökdelik bilen wagyz etmegi we Hudaý baradaky hakykaty düşündirmegi öwrenmeli. Doganlary bolsa ýygnakda hyzmatçy we ýaşuly bolmak üçin talaplara laýyk geler ýaly köp tagalla etmäge höweslendirmeli. Tejribeli mesihçiler olara «oňat sapak berip», ýagny öwredip ruhy taýdan ösmäge kömek edip biler (Sül. tym. 4:2).

HUDAÝYŇ SÖZÜNI ÇUŇŇUR ÖWRENMEGI ÖWREDIŇ

3, 4. a) Pawlus Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmegiň netijeli wagyz etmäge kömek edýändigi barada näme diýdi? b) Okuw geçýänlerimizi Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmäge höweslendirmezden öň näme etmeli?

3 Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmek näme üçin wajyp? Biz bu soragyň jogabyny Pawlus resulyň Kolosdaky mesihçilere ýazan hatyndan tapyp bileris. Ol şeýle ýazdy: «Siziň üçin yzyny üzmän doga edýäris we Hudaýyň niýeti hakdaky dogry bilimden hem-de bütin akyldarlykdan doly bolup, ruhy zatlara çuňňur düşünmegiňizi dileýäris. Şeýle-de Ýehowanyň adyna mynasyp ýaşamagyňyz we her bir oňat işleri edip, miwe bermegiňiz hem-de Hudaý hakda dogry bilimde ösmegiňiz üçin doga edýäris» (Kol. 1:9, 10). Kolosdaky mesihçiler «Ýehowanyň adyna mynasyp ýaşar» ýaly dogry bilim almalydy. Şonda olar «her bir oňat işde... miwe berip», esasan-da, hoş habary ökdelik bilen wagyz edip bilerdi. Şu günlerem Ýehowanyň gullukçylary ökdelik bilen wagyz edip biler ýaly, Mukaddes Ýazgylary her gün çuňňur öwrenmeli we okuw geçýän adamlaryna-da şeýle etmegi öwretmeli.

4 Emma biz başgalara Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmegiň peýdalydygyna düşünmäge kömek etmezden öň, ilki özümiz onuň gymmatyna düşünmeli. Munuň üçin biz Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi endik edinmeli. Meselem, biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Adamlar Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary bilen ylalaşmasalar ýa-da kyn soraglary berseler, Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap berip bilýärinmi? Ýehowa janaýaman gulluk edip biler ýaly, Isanyň, Pawlus resulyň we Hudaýyň beýleki wepaly gullukçylarynyň wagyz edişi barada oýlanýarynmy?» Biziň ählimiz Hudaýyň Sözüni okap, bilimimizi artdyryp durmaly we ondaky maslahatlara eýermegi öwrenmeli. Eger biz okuw geçýänlerimize Mukaddes Ýazgylardan gözleg geçirmegiň köp peýda berýändigini gürrüň bersek, olaryň hem gözleg geçirmäge höwesi artar.

5. Okuw geçýän adama Mukaddes Ýazgylary yzygider öwrenmäge nädip kömek edip bileris?

5 Okuw geçýän adama Mukaddes Ýazgylary her gün öwrenmegi endik etmäge nädip kömek edip bileris? Ilki bilen, oňa sapaga taýýarlanmagy öwretmeli. Şeýle-de «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabyndaky goşmaça maglumatlary we getirilen aýatlary okamagy maslahat berip bileris. Ýa-da ýygnaga taýýarlanmagy we öz sözleri bilen jogap bermegi öwredip bileris. Şeýle-de «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallarynyň her aýda çykýan sanyny okamaga höweslendirip bileris. Eger siziň diliňizde «Garawul diňiniň elektron kitaphanasy» ýa-da «Garawul diňiniň onlaýn kitaphanasy» bar bolsa, olar arkaly gözleg geçirmegi öwredip bilersiňiz. Şonda olar Hudaýyň Sözünden gözleg geçirmegiň peýdalydygyna göz ýetirerler.

6. a) Okuw geçýän adama Mukaddes Ýazgylary höwes bilen öwrenmäge nädip kömek edip bileris? b) Okuw geçýän adam Hudaýyň Sözüniň gymmatyna düşünende näme eder?

6 Elbetde, biz hiç bir adamy Mukaddes Ýazgylary okamaga we çuňňur özleşdirmäge mejbur etmeýäris. Emma Hudaýyň Sözüni höwes bilen öwrener ýaly, Ýehowanyň guramasy arkaly berýän ähli zatlaryndan peýdalanmaly. Şonda okuw geçýän akýürekli adam mezmurçy ýaly: «Maňa bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr... Men Reb Hudaýy özüme pena edindim» diýer (Zeb. 73:28). Şeýle-de Ýehowanyň mukaddes ruhunyň özüne täsir edýändigini duýup, öwrenýän zatlarynyň gadyryny biler.

WAGYZ ETMEGI WE TÄLIM BERMEGI ÖWREDIŇ

7. Isa resullaryna hoş habary wagyz etmegi nädip öwretdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

7 Matta kitabynyň 10-njy babynda Isanyň 12 resulyna wagyz etmek babatda käbir görkezmeleri berendigi aýdylýar. Ol resullaryna umumy däl-de, anyk görkezmeleri berdi 1 . Resullar Isany ünsli diňländen soň, bile wagyz etmäge gitdiler. Şeýle-de olar Isanyň wagyz edişine syn edýärdi. Netijede, olar hem Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen öwredip başladylar (Mat. 11:1). Bizem okuw geçýän adama hoş habary ökdelik bilen wagyz etmegi öwredip bileris. Geliň, munuň iki usulyna seredeliň.

8, 9. a) Isa adamlar bilen nädip gürrüňdeş bolýardy? b) Täze wagyzçylara adamlar bilen gepleşende Isanyň göreldesine eýermäge nädip kömek edip bileris?

8 Gürrüňdeş bolmagy öwretmek. Isa Hudaýyň Patyşalygyny diňe bir märekä däl-de, her bir adama wagyz edýärdi. Bir gezek ol Sihar şäheriniň golaýyndaky Ýakubyň guýusynyň başynda bir aýal bilen täsirli we gyzykly gürrüňdeşlik edýär. Bu gowy netije berýär (Ýah. 4:5—30). Başga bir sapar bolsa ol salgytçy Matta, ýagny Lewi bilen gepleşýär. Injilde olaryň gürrüňdeşligi barada kän zat aýdylmasa-da, Matta Isanyň çakylygyny kabul edip, onuň şägirdi bolýar. Matta öýünde uly oturylyşyk gurnanda, Isanyň myhmanlara gürrüň beren zatlaryny Matta bilen şägirtler hem diňleýär (Mat. 9:9; Luka 5:27—39).

9 Başga bir gezek bolsa Isa Natanyýel bilen mähirli gepleşýär. Natanyýel Nazaretiň ýaşaýjylary barada nädogry pikirdedi. Emma ol Isa bilen gürrüňdeş bolup, garaýşyny özgerdýär we ondan ýene-de köp zatlary öwrenmek isleýär (Ýah. 1:46—51). Bu waka bize täze wagyzçylara adamlar bilen mähirli we sypaýyçylykly gürrüňdeş bolmagy öwretmegiň wajypdygyny görkezýär 2 . Eger biz şeýle goldawy berip bilsek, olar hem adamlar bilen ýürekden gyzyklanmagyň we mähirli gürrüňdeş bolmagyň güýçli täsir edýändigine göz ýetirerler.

10—12. a) Isa hoş habara seslenýän adamlaryň nädip islegini artdyrýardy? b) Biz täze wagyzçylara mugallymçylyk ukybyny ösdürmäge nädip kömek edip bileris?

10 Islegini artdyrmak. Isanyň ýer ýüzünde gulluk etmeli wagty çäklidi. Emma ol hoş habara seslenýän adamlaryň islegini artdyrmaga çalyşýardy. Bir gezek Isa gaýykda oturyp, märekä öwredýär. Şonda Isa Petrusa gudrat bilen köp balyk tutmaga kömek edip, soňra: «Gorkma, sen mundan beýläk adamlary tutýan balykçy bolarsyň» diýýär. Isanyň sözleri hem eden işleri Petrusa we onuň ýoldaşlaryna nähili täsir edýär? «Olar gaýyklaryny kenara çykardylar-da, olary goýup, Isanyň yzyna düşdüler» (Luka 5:1—11).

11 Nikodim hem Isanyň öwredýän zatlary bilen gyzyklanýardy we köp zatlary bilesi gelýärdi. Emma ol Mejlisiň agzasy bolandygy üçin gep-gybatdan çekinip, Isanyň ýanyna barmaga gorkýardy. Isa adamlaryň ýagdaýyna düşünýärdi we olar bilen gürrüňdeş bolmak üçin wagt tapýardy. Şol sebäpli ol Nikodim bilen gije ikiçäk görüşýär (Ýah. 3:1, 2). Biz bu wakalardan näme öwrenýäris? Isa hoş habara seslenýän adamlaryň imanyny berkitmek üçin wagt sarp edýärdi. Biz hem gyzyklanan adamlary ikilenç ideg edenimizde ýa-da okuw geçenimizde Isadan görelde alýarysmy?

12 Eger biz täze wagyzçylar bilen wagyz etsek, hakykaty ökdelik bilen düşündirmäge kömek ederis. Biz olara hatda sähelçe gyzyklanan adamlaryň hem aladasyny etmelidigini öwredip bileris. Şeýle-de ikilenç ideg etmäge we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge gidenimizde olary ýanymyz bilen äkidip bileris. Şonda olar ruhlanar we wagyz edýän adamlarynyň islegini artdyrmagy hem-de Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmegi öwrenerler. Şeýle-de olar wagyzda tutanýerli we sabyrly bolmagy öwrenerler (Gal. 5:22; « Tutanýerli boluň» diýen çarçuwa serediň).

DOGAN-UÝALARYŇ ALADASYNY ETMEGI ÖWREDIŇ

13, 14. a) Başgalar üçin hiç zadyny gaýgyrmadyk Hudaýyň gullukçylarynyň göreldesi size nähili täsir edýär? b) Biz ýaşlara we täze wagyzçylara dogan-uýalaryň aladasyny etmegi nädip öwredip bileris?

13 Mukaddes Ýazgylarda birek-birege hyzmat etmegiň we «hilesiz söýgini» bildirmegiň wajypdygy aýdylýar (1 Petrus 1:22; Luka 22:24—27-nji aýatlary okaň). Isa Hudaýyň ogly bolsa-da, adamlar üçin hiç zadyny, hatda öz janyny hem gaýgyrmady (Mat. 20:28). Dorka hem «köp ýagşy işleri edip, garyplara ýardam edýärdi» (Res. iş. 9:36, 39). Merýem bolsa Rimdäki dogan-uýalar üçin «köp zähmet çekdi» (Rim. 16:6). Biz täze wagyzçylara ýa-da ýaňy-ýakynda suwa çümdürilenlere dogan-uýalaryň aladasyny etmegi nädip öwredip bileris?

Dogan-uýalaryň aladasyny etmegi öwrediň (13, 14-nji abzaslara serediň)

14 Ruhy taýdan ösen mesihçiler ýarawsyz ýa-da gartaşan dogan-uýalaryň ýagdaýyny soramaga gidende, olary ýany bilen äkidip biler. Käbir ýagdaýlarda ene-atalar çagalaryny äkidip biler. Ýaşulular bolsa gartaşan dogan-uýalaryň iýere-içere zadynyň bardygyny ýa-da olara nähili kömegiň gerekdigini bilmek üçin ýygnakdaky wagyzçylaryň birini ýany bilen äkidip biler. Şonda ýaşlar we täze wagyzçylar dogan-uýalaryň aladasyny etmegi öwrenerler. Bir ýaşuly dogan oba wagyz etmäge gidende, dogan-uýalaryň hem hal-ýagdaýyny soramak üçin sowulýardy. Onuň bilen köplenç wagza bir ýaş dogan wajyp zady, ýagny dogan-uýalaryň her biriniň aladasyny etmegi öwrendi (Rim. 12:10).

15. Ýaşulular näme üçin doganlara ruhy taýdan ösmäge kömek etmeli?

15 Ýehowa ýygnakda öwretmegi erkek adamlara tabşyrdy. Şol sebäpli olar öwretmek ukybyny ösdürmäge jan etmeli. Eger siz ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýän bolsaňyz, onda hyzmatçy doganlaryň taýýarlan jemagat nutugyny diňläp, çykyş etmäge kömek edip bilersiňiz. Şonda olar hem Hudaýyň Sözi arkaly ökdelik bilen tälim bermegi öwrenerler (Neh. 8:8) 3.

16, 17. a) Pawlus resul Timoteosa ruhy taýdan ösmäge nädip kömek etdi? b) Ýaşulular doganlara «Hudaýyň sürüsiniň» aladasyny etmegi nädip öwredip biler?

16 Ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýän doganlar azlyk edýändigi üçin beýleki doganlara hem şeýle jogapkärli borjy almaga kömek etmeli. Pawlus resul Timoteosa ýazan hatynda doganlara öwretmek babatda şeýle görkezme berýär: «Oglum, Mesih Isa bilen birlikde bolanlara bildirilýän Hudaýyň merhemeti, goý, saňa-da güýç bersin. Köp adamlaryň öňünde menden eşiden zatlaryňy wepaly adamlara öwret. Şonda olar hem başgalara ökdelik bilen öwredip bilerler» (2 Tim. 2:1, 2). Pawlus resul tejribeli hem ýaşuly dogandy. Ýaş Timoteos onuň bilen eginme-egin işleşip, dogan-uýalaryň aladasyny etmegi öwrendi. Ol öwrenen zatlaryny özleşdirip, wagyzda hem tälim bermekde ussatlyk bilen ulandy (2 Tim. 3:10—12).

17 Pawlus resul Timoteosa öwretmegini dowam edýärdi. Ol ýaş Timoteosy özi bilen gulluk etmäge alyp gidýär (Res. iş. 16:1—5). Ýaşulular hem Pawlusyň göreldesine eýerip, göreldeli hyzmatçylary ýany bilen çopançylyk idegine äkidip bilerler. Şonda olar ýaşulularyň tälim berşinden, imanyndan, sabyrlylygyndan we dogan-uýalara bolan söýgüsinden köp zatlary öwrenerler. Netijede, olar hem «Hudaýyň sürüsiniň» ýürekden aladasyny edýän dogan bolup ýetişer (1 Pet. 5:2).

ÖWRETMEGIŇ ÄHMIÝETI

18. Başgalara Ýehowa gulluk etmegi öwretmek näme üçin wajyp?

18 Ýehowanyň halkynyň köpelýändigi sebäpli başgalara öwretmek örän wajyp. Isa bilen Pawlusyň öwretmek üçin ulanan usullary şu günlerem köp peýda getirýär. Ýehowa gullukçylarynyň ynanylan borçlaryny ökdelik bilen ýerine ýetirmegi öwrenmeklerini isleýär. Hudaý bize tejribesi az dogan-uýalara ýygnakdaky borçlaryny ýerine ýetirmäge kömek etmek hormatyny ynandy. Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýändigi we hoş habar täze usullar bilen wagyz edilýändigi üçin, biz öwretmäge sowuk-sala garamaly ýa-da soňa goýmaly däl.

19. Biz öwretmek üçin edýän tagallamyzyň sylagsyz galmajakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris?

19 Elbetde, başgalara öwretmek üçin wagtyňy hem güýjüňi sarp etmeli bolýar. Emma Ýehowanyň we onuň söýgüli Oglunyň bizi goldajakdygyna hem-de akyldarlyk berjekdigine ynanyp bileris. Biz öwredýän adamlarymyzyň «jan edip... zähmet çekýändigini» görenimizde, begenjimiziň çägi bolmaýar (1 Tim. 4:10). Şeýle-de özümiz hem ruhy taýdan ösmegimizi we Ýehowa wepaly gulluk etmegimizi dowam etmeli.

^ 1) 7-nji abzas. Isanyň beren maslahatlarynyň käbiri: 1) Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek; 2) baryňa kaýyl bolmak; 3) adamlar bilen jedelleşmekden gaça durmak; 4) garşylyga duşanyňda Hudaýa bil baglamak; 5) batyrgaý bolmak.

^ 2) 9-njy abzas. «Wagyz mekdebi» kitabynda adamlar bilen gürrüňdeş bolmak babatda peýdaly maslahatlar berilýär (sah. 62—64).

^ 3) 15-nji abzas. «Wagyz mekdebi» kitabynda mugallymçylyk ukyplaryňy ösdürmek babatda peýdaly maslahatlar berilýär (sah. 52—61).