Biz näme üçin hemişe «oýa bolmaly»?
«Siz Halypaňyzyň haýsy gün geljekdigini bilmeýärsiňiz». MAT. 24:42
AÝDYMLAR: 136, 54
1. Nähili döwürde ýaşaýandygymyza we daş-töwerekde bolýan zatlara üns bermegiň wajypdygyny mysal arkaly düşündiriň. (Makalanyň başyndaky surata serediň).
«HÄZIR Patyşalyk sazlary çalnar». Bu sözler ýene-de sanlyja wagtdan kongresiň başlanjakdygyny görkezýär we dogan-uýalara ýerli-ýerine geçip, kongresde aýdyljak pikirleri diňlemek üçin aňyny hem ýüregini taýýarlamagyň wagtynyň gelendigini ýatladýar. Emma kongresiň tizden başlajakdygyna garamazdan, käbir dogan-uýalar zalda aýlanyp ýa-da başgalar bilen gepleşip, daş-töwerekde bolýan zatlara, ýagny alyp baryjy doganyň ýerine geçendigine, sazyň çalnyp başlandygyna we beýleki dogan-uýalaryň ýerli-ýerinde oturandygyna üns bermeýärler. Bu ýagdaý bize tizden boljak has uly wakanyň golaýlap gelýändigini we oňa taýýar bolmalydygymyza düşünmäge kömek edýär. Ol nähili waka?
2. Isa şägirtlerine näme üçin «oýa boluň» diýdi?
2 Isa şägirtlerine «dünýäniň soňy» barada aýdandan soň: «Hüşgär boluň, oýa boluň, sebäbi siz bellenen wagtyň haçan boljakdygyny bilmeýärsiňiz » diýdi. Soňra birnäçe gezek: «Oýa boluň!» diýip duýdurdy (Mat. 24:3; Markus 13:32—37-nji aýatlary okaň). Mattanyň hoş habarynda hem Isanyň şägirtlerine oýa bolmagy gaýta-gaýta duýdurandygy aýdylýar. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Oýa boluň, sebäbi siz Halypaňyzyň haýsy gün geljekdigini bilmeýärsiňiz... Siz hem taýyn boluň, sebäbi Ynsan ogly siziň garaşmaýan sagadyňyzda geler... Oýa boluň, sebäbi siz onuň haýsy gün ýa-da haýsy sagat boljakdygyny bilmeýärsiňiz» (Mat. 24:42—44; 25:13).
3. Biz Isanyň duýduryşyna näme üçin ünsli bolmaly?
3 Biz hem Isanyň duýduryşyna çynlakaý garaýarys. Sebäbi biz soňky günlerde ýaşaýandygymyzy we «agyr muşakgatyň» başlanmagyna az wagtyň galandygyny bilýäris (Dan. 12:4; Mat. 24:21). Elhenç uruşlar, ahlak kadalarynyň pese gaçmagy, bikanun edilýän işler, ýalan dinleriň köpelmegi, açlyk, her hili keseller, ýertitremeler we Ýehowanyň Şaýatlarynyň Patyşalyk baradaky hoş habary ähli ýerde wagyz edýändikleri ol günüň golaýdygyny görkezýär (Mat. 24:7, 11, 12, 14; Luka 21:11). Biz Halypamyzyň gelip, Hudaýyň islegini amala aşyrjak wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! (Mar. 13:26, 27).
WAGTYŇ AZ GALANDYGYNY UNUTMAŇ!
4. a) Isanyň Armageddonyň başlajak wagtyny bilýändigine näme üçin ynanyp bileris? b) Biz agyr muşakgatyň haçan başlajakdygyny bilmesek-de, nämä ynamly bolup bileris?
4 Biz kongresde nutuklaryň öz başlamaly wagtynyň bardygyny bilýäris. Emma biz agyr muşakgatyň haçan başlanjakdygyny, ýagny gününi we sagadyny, hatda plança ýyldan bolar diýip hem aýdyp bilmeýäris. Isa bu babatda şeýle diýdi: «Şol güni we sagady hiç kim, gökdäki perişdeler-de, Ogul-da bilýän däldir, muny diňe Ata bilýändir» (Mat. 24:36). Emma häzir Isa Armageddonyň haçan başlajakdygyny bilýär. Sebäbi oňa Şeýtanyň dünýäsine garşy söweşmäge ygtyýar berildi (Ylh. 19:11—16). Ýöne biz ol günüň haçan geljekdigini bilmeýändigimiz üçin oýa bolmaly. Ýehowa dünýäniň soňunyň haçan geljekdigini anyk bilýär. Ol Ýehowanyň bellän gününde hökman bolar we ol «eglenmez» (Habakuk 2:1—3-nji aýatlary okaň) *. Biz muňa näme üçin ynanyp bileris?
5. Ýehowanyň pygamberlik sözleriniň hemişe öz wagtynda ýerine ýetýändigini mysal arkaly düşündiriň.
5 Ýehowa wadalaryny hemişe öz wagtynda ýerine ýetirýär. Geliň, onuň ysraýyllylary Müsürden alyp çykan wagty barada gürrüň edeliň. Musa pygamber b. e. öň 1513-nji ýylyň 14-nji nisanynda bolan wakany şeýle beýan edýär: «Dört ýüz otuzynjy ýylyň soňky güni, hut şol güni, Rebbiň halky topar-topar bolup, Müsürden çykdy» (Müs. çyk. 12:40—42). B. e. öň 1943-nji ýylda Ýehowanyň Ybraýym bilen baglaşan ähti güýje girende, şol «430 ýyl» başlandy (Gal. 3:17, 18). Şondan biraz wagt geçende Ýehowa Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen şuny bilip goýgun, seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar we şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer» (Gel. çyk. 15:13; Res. iş. 7:6). Aýatda agzalýan «400 ýyl» b. e. öň 1913-nji ýylda ýaňy süýtden aýrylan Yshagyň üstünden Ysmaýyl gülende başlandy we b. e. öň 1513-nji ýylda ysraýyllylar Müsürden çykanlarynda tamamlanan bolmaly (Gel. çyk. 21:8—10; Gal. 4:22—29). Hawa, Ýehowa halkyny gulçulykdan azat etjek wagtyny dört asyr öňünden anyk belläpdi.
6. Ýehowanyň bizi halas etjekdigine näme üçin ynanyp bileris?
6 Ysraýyllylar Müsür gulçulygyndan azatlyga çykanda, Ýeşuwa şeýle diýdi: «Siziň hemmäňiz bütin ýüregiňiz bilen jan-tenden bilýärsiňiz, çünki Hudaýyňyz Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmady. Onuň her bir sözi amala aşdy, ýekejesi hem hakykata öwrülmän galmady» (Ýeş. 23:2, 14). Biz Ýehowanyň agyr muşakgatda halas etjekdigine berk ynanyp bileris. Emma şu zalym dünýä ýok edilende halas bolup biler ýaly oýa bolmaly.
HALAS BOLMAK ÜÇIN OÝA BOLUŇ
7, 8. a) Gadymy döwürde garawullar nähili borjy ýerine ýetirýärdi we biz mundan näme öwrenýäris? b) Garawullaryň uklap galmagy näme üçin howply?
7 Biz gadym döwürde bolan wakalardan oýa bolmak babatda wajyp zatlary öwrenip bileris. Meselem, Iýerusalim ýaly uly şäherleriň daşyna beýik diwarlar edilýärdi. Şeýle-de diwaryň käbir burçunda ýörite diňler bolýardy. Olar şäheriň ýaşaýjylaryny duşmanlaryndan goraýardy. Garawullar şäheriň diwarlarynda we derwezeleriň agzynda gije-gündiz sakçylyk edýärdi. Olar şäheriň ýaşaýjylaryna abanýan howp barada duýdurýardy (Iş. 62:6). Hawa, garawullar oýa bolup we ýerlerinde durup, özleriniň hem-de ýaşaýjylaryň janlaryny halas edip bilýärdi (Ezek. 33:6).
8 B. e. 70-nji ýylynda tutuş Iýerusalimiň ýaşaýjylarynyň we ýehudy halkynyň üstünden betbagtçylyk inýär. Taryhçy Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, Iýerusalimdäki garawullaryň uklandygy sebäpli rim esgerleri aňsatlyk bilen Antoniýa galasyny basyp alýarlar. Soňra şäheriň diwarlaryny ýumurýarlar, ybadathanany bolsa otlaýarlar.
9. Şu günler köp adamlar nämäni bilmeýärler?
9 Şu günlerem köp ýurtlarda serhedi goramak üçin «garawullary», ýagny esgerleri we kameralary ulanýarlar. Olar serhetden duşmanyň geçmezligi üçin gorag bolup durýar. Emma şol «garawullar» diňe ynsan hökümetleri ýa-da adamlar tarapyndan abanýan howpy görüp bilýär. Olar Mesihiň ýolbaşçylygyndaky Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň edýän işlerinden habarsyz bolup, onuň tizden ähli halklary höküm etjekdigini bilmeýärler (Iş. 9:6, 7; 56:10; Dan. 2:44). Emma olardan tapawutlykda, biz hüşgär we ruhy taýdan oýa bolmaly. Şonda höküm gününde halas bolarys (Zeb. 130:6).
OÝA BOLMAGA PÄSGEL BERÝÄN ZATLARDAN ÄGÄ BOLUŇ
10, 11. a) Biz nämeden seresap bolmaly we näme üçin? b) Iblisiň adamlaryň aňyny küteldendigi nämeden görünýär?
10 Bütin gije gözüni gyrpman, garawulçylyk eden adamy göz öňüne getiriň. Ol halys ýadap, daňa golaý uka gidýär. Şonuň ýaly dünýäniň soňy golaýlap gelýändigi üçin bize-de oýa bolmak kyn bolmagy mümkin. Emma dünýäniň ahyrynyň gelmegine sanlyja wagt galanda uka gitsek, gör, nähili gynançly bolardy! Geliň, oýa bolmaga päsgel berýän üç ýagdaýa seredeliň.
Ýah. 12:31; 14:30; 16:11). Sebäbi Iblis Hudaýyň gelejek babatdaky pygamberliklerine üns berdirmejek bolup, adamlary ruhy tümlükde saklamak üçin her hili duzaklary gurýar. Isa muňa gowy düşünýärdi (Sef. 1:14). Şeýtan ýalan dinler arkaly adamlaryň gözüni kör edýär. Belki-de, siz adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda muňa göz ýetirensiňiz. Iblis «imansyzlaryň aň-düşünjesini küteltdi», şonuň üçin olar dünýäniň soňunyň golaýlandygyna we Mesihiň gökde Patyşa bolandygyna düşünmeýärler (2 Kor. 4:3—6). Şeýle-de siz köplenç adamlaryň: «Bu zatlar meni gyzyklandyrmaýar» diýýänini eşidýänsiňiz. Köp adamlara dünýäniň soňunyň nähili boljakdygy barada aýdanymyzda, olar sowuk-sala garaýarlar.
11 Iblis adamlary ruhy taýdan uklatmak üçin hüwdüleýär. Isa ölüminiň öň ýanynda şägirtlerine üç gezek «dünýäniň hökümdary» barada aýdypdy (12. Biz näme üçin Iblisiň hilelerinden seresap bolmaly?
12 Adamlaryň biperwaýlygy bizi lapykeç edip, ruhy taýdan ukladyp bilýär. Geliň, muňa hiç haçan ýol bermäliň. Sebäbi Pawlus resul hem imandaşlaryna: «Ýehowanyň gününiň ogrynyň gije gelşi ýaly geljekdigini özüňiz hem bilýänsiňiz» diýip ýazdy (1 Selanikliler 5:1—6-njy aýatlary okaň). Isa bolsa şeýle duýduryş berdi: «Taýyn boluň, sebäbi Ynsan ogly siziň garaşmaýan sagadyňyzda geler» (Luka 12:39, 40). Şeýtan tizden «Parahatlyk we howpsuzlyk» diýen ýalan şygar bilen adamlary aldar. Ol adamlaryň aňyna dünýäniň ýagdaýy gowulandy diýen pikiri salar. Biz şeýle ýagdaýda näme ederis? Höküm güni ogry kimin «üstümizi duýdansyz» basmaz ýaly, biz «oýa bolup, hemişe sagdyn pikirlenmeli». Munuň üçin her gün Hudaýyň Sözüni okamaly we Ýehowanyň aýdanlary barada oýlanmaly.
13. Dünýäniň ruhy adamlara nähili täsir edýär we biz oňa nädip garşy durup bileris?
13 Dünýäniň täsiri bizi ruhy taýdan ukladýar. Şu günler adamlar şeýle bir başagaý welin, hatda «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünmeýärler» (Mat. 5:3). Olar «dünýädäki zatlara — ten höwesine, göz höwesine» gyzygýarlar (1 Ýah. 2:16). Şeýle-de dünýäniň hödürleýän zatlary adamlary «lezzeti» has köp söýmäge höweslendirýär we onuň täsiri ýyl-ýyldan güýçlenýär (2 Tim. 3:4). Pawlus resul: «Ten höweslerini kanagatlandyrmagyň aladasyny etmäliň» diýdi. Sebäbi olar bizi ruhy taýdan gowşadýar (Rim. 13:11—14).
14. Luka 21:34, 35-nji aýatlarda nähili duýduryş berilýär?
14 Biz dünýäniň ruhunyň däl-de, Hudaýyň mukaddes ruhunyň özümize täsir etmegine ýol bersek, tizden boljak wakalara has aýdyň düşüneris 1 (1 Kor. 2:12). Adamy ýönekeýje zatlaram ruhy taýdan ukladyp bilýär. Netijede, ol wajyp zatlara üns bermän başlaýar (Luka 21:34, 35-nji aýatlary okaň). Adamlar biziň ruhy taýdan oýa bolýandygymyz üçin ýaňsylaýar. Emma bu bize ruhy taýdan uklamaga sebäp bolmaly däl (2 Pet. 3:3—7). Gaýtam, biz Hudaýyň mukaddes ruhunyň bar ýerine, ýagny ýygnaklara baryp, dogan-uýalar bilen hemişe gatnaşyp durmaly.
15. Petrus, Ýakup hem-de Ýahýa dagy bilen näme boldy we biz nädip şeýle ýagdaýa düşüp bileris?
15 Günäli tenimiz ruhy taýdan oýa bolmaga päsgel berýär. Isa bikämilligiň adamy beden taýdan gowşadyp bilýändigine düşünýärdi. Geliň, onuň ölüminiň öň ýanyndaky gijesi bolan waka seredeliň. Isa aýypsyz galyp biler ýaly, gökdäki Atasyndan güýç sorap doga edýär. Petrusa, Ýakuba we Ýahýa bolsa «oýa bolmagy» tabşyrýar. Emma olar Halypasynyň aýdyşy ýaly, oýa bolmagyň deregine, ýadap halys bolandyklary üçin uklap galdylar. Olar biraz wagtdan wajyp wakalaryň boljakdygyna düşünmeýärdiler. Isa gaty ýadanam bolsa, oýa bolup Atasyna gyzgyn doga etdi. Onuň şägirtleri hem şeýle etmelidiler (Mar. 14:32—41).
16. Luka 21:36-a görä «oýa bolmak» üçin näme etmeli?
16 Ruhy taýdan «oýa bolmak» üçin ýöne bir ýagşy niýetde bolmaly däl-de, «uklamazlyk» üçin eliňde baryny etmeli. Isa Getseman bagynda bolan wakadan birnäçe gün öň şol şägirtlerine Ýehowa gyzgyn doga etmelidiklerini aýdypdy (Luka 21:36-ny okaň). Biz hem ruhy taýdan oýa bolmak üçin hemişe gyzgyn doga etmeli (1 Pet. 4:7).
HEMIŞE OÝA BOLUŇ
17. Ýakynda boljak zatlara taýýar bolmak üçin näme etmeli?
17 Isanyň aýdyşy ýaly, dünýäniň soňy «(biziň) garaşmaýan sagadymyzda geler». Şol sebäpli häzir Şeýtanyň we onuň dünýäsiniň hödürleýän zatlaryna aldanyp, boş arzuw-hyýala çümüp, ruhy taýdan uklamagyň wagty däl (Mat. 24:44). Ýehowa bilen Isa Mukaddes Ýazgylar arkaly bize ýakyn gelejekde boljak zatlary aýdýar we nädip oýa bolmalydygyny öwredýär. Biz ruhy taýdan oýa bolmaga, Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmäge we Patyşalyk işlerini birinji orunda goýmaga jan etmeli. Şeýle-de gelejekde boljak zatlara taýýar bolmak üçin nähili döwürde ýaşaýandygymyza ünsli bolmaly (Ylh. 22:20). Şeýtsek, janymyzy halas ederis.
^ 1) 14-nji abzas. «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!» atly kitabyň 21-nji babyna serediň.
^ abzas 4 Habakuk 2:1 Gözegçilik edýän ýerimde duraryn, diňiň üstüne çykaryn, Rebbiň maňa näme diýjegini bileýin, şikaýatyma näme jogap berjegini göreýin. 2 Reb maňa şeýle jogap berdi: «Aýanlygy ýaz, habarçy bir nazarda okar ýaly ony düşnükli hem aýdyň edip ýaz. 3 Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol kyýamat barada aýdýar, bu ýalan däl, haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez».