Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Umyt edýän zatlaryňyza imanyňyzy berkidiň

Umyt edýän zatlaryňyza imanyňyzy berkidiň

«Iman — umyt edýän zatlarymyzyň gelejekde, hakykatdan-da, boljakdygyna ynanmakdyr». ÝEW. 11:1

AÝDYMLAR: 38, 55

1, 2. a) Mesihçileriň umydy şu dünýädäki adamlaryňkydan nämede tapawutlanýar? b) Biz haýsy wajyp soraglara serederis?

ÝEHOWANYŇ ŞAÝATLARYNYŇ ählisiniň ajaýyp umydy bar. Mesh edilenler ýaly, «başga goýunlar» hem Ýehowanyň ilkibaşdaky niýeti we adynyň mukaddes bolmagy bilen bagly pygamberligiň ýerine ýetişini görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (Ýah. 10:16; Mat. 6:9, 10). Bu islendik adamyň umyt edip biläýjek iň wajyp zatlarynyň biridir. Şeýle-de biz Hudaýyň berjek sylagyna — gökde ýa-da ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýäris (2 Pet. 3:13). Emma şol bir wagtyň özünde biz Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan has-da ösmegini isleýäris.

2 Şu dünýädäki adamlar hem käbir zatlara umyt edýärler, emma olaryň ýerine ýetjekdigine şübhelenýärler. Meselem, millionlarça adamlar utuş gazanmagy arzuw etseler-de, hökman utjakdygyna ynanmaýarlar. Ýöne hakyky iman umyt edýän zadyň hökman «boljakdygyna ynanmagy» aňladýar (Ýew. 11:1). Biz ynamymyzyň berkdigine nädip göz ýetirip bileris? Munuň nähili peýdasy bar?

3. Mesihçiniň imany nämä esaslanýar?

3 Günäli adamlaryň hiç biri iman häsiýeti bilen dünýä inmeýär. Iman öz-özünden döremeýär, ol Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen akýürekli adamlaryň ýüreginde emele gelýär (Gal. 5:22). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowada imanyň bardygy ýa-da bu häsiýetiň oňa zerur bolandygy aýdylmaýar. Ýehowa gudratygüýçli we çäksiz akyldar Hudaý bolany üçin, oňa niýetini amala aşyrmaga hiç kim päsgel berip bilmeýär. Gökdäki Atamyz wadalarynyň amala aşjakdygyna asla şübhelenmeýär, gaýtam, olary eýýäm ýerine ýeten ýaly hasaplaýar. Şol sebäpli ol: «Bu sözler berjaý boldy!» diýýär (Ylham 21:3—6-njy aýatlary okaň). Hawa, mesihçi «ynamdar Hudaý» Ýehowanyň hemişe beren sözünde durýandygyna ynanýar. Onuň imany hem şuňa esaslanýar (Kan. tag. 7:9).

GADYMY DÖWÜRDÄKI ADAMLARDAN GÖRELDE ALYŇ

4. Isa Mesihden öň ýaşan Hudaýa wepaly erkekdir aýallar nämä umyt edýärdiler?

4 Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda berk imany bolan erkekdir aýallaryň 16-synyň ady agzalýar. Pawlus resul olaryň we başga-da köp adamlaryň «iman edendikleri üçin gowy şaýatlyk alandygyny» aýdýar (Ýew. 11:39). Olaryň ählisi Ýehowanyň Şeýtany ýok etjek «nesil» baradaky wadasyny hem-de ilkibaşdaky niýetini amala aşyrjakdygyna «ynanýardylar» (Gel. çyk. 3:15). Emma Hudaýyň bu wepaly gullukçylary wada edilen «nesil», ýagny gökdäki ýaşaýşa ýol açan Isa Mesihden öň aradan çykýarlar (Gal. 3:16). Emma Ýehowa olary ýer ýüzünde boljak Jennetde direltjekdigini wada berýär we onuň bu wadasy hökman ýerine ýeter (Zeb. 37:11; Iş. 26:19; Hoş. 13:14).

5, 6. Ybraýym maşgalasy bilen nämä umyt edýärdi we olar imanyny nädip berkitdiler? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

5 Ýewreýler 11:13-de Hudaýyň geçmişdäki käbir gullukçylary barada şeýle diýilýär: «Olar wada edilen zatlaryň berjaý bolşuny ýaşan döwründe görmeseler-de, ölýänçäler imanda berk durdular; şol wadalary uzakdan görüp, olara sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar». Olaryň biri Ybraýym pygamberdi. Ol wada edilen «nesliň» patyşalygy astynda ýaşamaga umyt edýändigine begenýärdimi? Isanyň özi bilen ylalaşmadyk adamlara aýdan sözleri bu soraga aýdyň jogap berýär. Ol: «Ataňyz Ybraýym meniň edýän işlerimi görmäge umydynyň bardygyna juda begenýärdi. Ol muny görüp, begendi» diýdi (Ýah. 8:56). Şonuň ýaly Sara, Yshak, Ýakup ýaly başga-da köp adamlar «gurujysy we ýaradyjysy Hudaý bolan» Patyşalyga garaşýardylar (Ýew. 11:8—11).

6 Ybraýym we onuň maşgalasy imanyny nädip berkitdiler? Belki, olar Hudaýa wepaly ýaşuly adamlary, perişdeleriň aýdan habaryny diňländirler ýa-da ygtybarly golýazmalary okandyrlar. Esasanam, olar öwrenen zatlaryny unutman, Hudaýyň wadasyna umyt edip, şol hakda oýlanýardylar we ondan görkezmä garaşýardylar. Olar umyt edýän zadynyň ýerine ýetjekdigine ynanyp, Hudaýa wepaly galmak üçin islendik kynçylyga döz gelmäge taýyndylar.

7. Ýehowa biziň imanymyzy berkitmek üçin näme etdi we biz näme etmeli?

7 Ýehowa biziň imanymyzy berkitmek üçin Mukaddes Ýazgylary berdi. Biz «bagtly bolmak» we eden işimiziň «rowaçlanmagy» üçin, ony her gün okamaga çalyşmaly (Zeb. 1:1—3; Resullaryň işleri 17:11-i okaň). Mundan başga-da, Ýehowanyň geçmişdäki gullukçylary ýaly onuň wadalary hakda oýlanyp, tabşyryklaryny ýerine ýetirmeli. Ýehowa «wepaly we paýhasly hyzmatkär» arkaly bize bol ruhy iýmit berýär (Mat. 24:45). Biz Ýehowanyň berýän ruhy iýmitinden doly peýdalansak, Hudaýyň Patyşalygyna umyt eden geçmişdäki gullukçylaryňky ýaly imanymyz berk bolar.

8. Hudaýa doga etmeklik imanyňy nädip berkidýär?

8 Imanyňy berkitmek üçin Hudaýa doga etmek hem örän wajyp. Hudaýyň gadymy döwürdäki gullukçylary edýän dogalaryna jogap alanda, olaryň imany has-da berkeýärdi (Neh. 1:4, 11; Zeb. 34:4, 15, 17; Dan. 9:19—21). Bizem Ýehowa ýüregimizi döküp bileris. Sebäbi ol bizi hemişe diňleýär we synaglara döz gelip, şatlygymyzy ýitirmez ýaly güýç berýär. Edýän dogalarymyza Hudaýyň jogap berýändigini görenimizde, imanymyz has-da berkeýär (1 Ýahýa 5:14, 15-nji aýatlary okaň). Iman — ruhuň miwesi, şol sebäpli biz Isanyň tabşyryşy ýaly, Hudaýdan mukaddes ruhy «dilemeli» (Luk. 11:9, 13).

9. Biz özümizden başga ýene nämeler barada doga etmeli?

9 Biz Hudaýa diňe özümize gerekli zatlar barada doga etmeli däl. Ýehowanyň edýän «ajaýyp... işleriniň sanardan köp» bolandygy üçin, biz oňa her gün minnetdarlyk bildirmeli we şöhratlandyrmaly (Zeb. 40:5). Şeýle-de biz dogalarymyzda «tussagdakylary unutman, olary edil özümiz tussaglykda oturan ýaly ýatlamaly». Mundan başga-da bütin dünýädäki dogan-uýalar, esasan-da, «aramyzda ýolbaşçylyk edýän doganlar» hakda doga etmeli. Edýän doga-dileglerimize Ýehowanyň jogap berýändigini görenimizde, begenjimiziň çägi bolmaýar (Ýew. 13:3, 7).

OLAR AÝYPSYZLYGYNY SAKLADYLAR

10. Siz aýypsyzlygyny saklan Hudaýyň gullukçylaryndan kimleri bilýärsiňiz? Olara berk durmaga näme kömek etdi?

10 Pawlus resul Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda kynçylyga döz gelen Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsiniň adyny agzamaýar. Meselem, ol käbir aýallaryň ogullarynyň aradan çykandygyny we soňra direldilendigini aýdýar. Soňra ol has «gowy direlişi almak üçin azat bolmakdan ýüz öwrüp, ejir çekmegi makul bilen» adamlar hakda aýdýar (Ýew. 11:35). Biz Pawlusyň Hudaýa gulak asyp, onuň islegini berjaý edendigi üçin daşlanyp öldürilen Nabot bilen Zekarýa hakda aýdandygyny anyk bilmeýäris (1 Pat. 21:3, 15; 2 Ýyl. 24:20, 21). Daniýel we onuň üç dosty hem aýypsyzlygyny saklamakdan «azat bolup» bilýärdi. Emma olar Hudaýyň kömek etjekdigine iman edip, batyrgaýlyk bilen geplediler, «ýolbarslaryň agzyny bagladylar», hatda «oduň ýalny olara zyýan ýetirip bilmedi» (Ýew. 11:33, 34; Dan. 3:16—18, 20, 28; 6:13, 16, 21—23).

11. Käbir pygamberler Hudaýa iman edendigi üçin nähili synaga döz geldiler?

11 Mika bilen Ýermeýa pygamber Hudaýa iman edendigi üçin «üstünden güldüler», hatda «türmä basdylar». Başgalar bolsa Ylýas pygamber ýaly «çöllerde, daglarda, gowaklarda we çukurlarda sergezdan boldular». Emma olar «umyt edýän zatlarynyň gelejekde, hakykatdan-da, boljakdygyna ynanýandygy» üçin ähli zada döz gelip bildiler (Ýew. 11:1, 36—38; 1 Pat. 18:13; 22:24—27; Ýer. 20:1, 2; 28:10, 11; 32:2).

12. Synaglaraa hötde gelmekde iň gowy görelde galdyran adam kim we oňa näme kömek etdi?

12 Pawlus resul Hudaýa iman eden erkekdir aýallar barada agzandan soňra, iň gowy görelde galdyran Halypamyz Isa Mesih barada aýdýar. Ýewreýler 12:2-de şeýle diýilýär: «Ol öňünde goýlan şatlyk üçin utanja galmaly bolsa-da, jebir pürsündäki ölüme döz geldi. Şeýdip, ol Hudaýyň tagtynyň sag tarapynda oturdy». Hawa, biz her dürli synaglara çydamlylyk bilen döz gelen Isa barada «çuňňur oýlanyp», onuň imanyndan görelde almaly (Ýewreýler 12:3-i okaň). I asyrda ýaşan Antipas we beýleki şägirtler Isa ýaly ölüme höküm edilseler-de, ýan bermän, aýypsyz galdylar (Ylh. 2:13). Olar hem gadymy döwürdäki Hudaýa iman eden adamlar ýaly «has gowy direlişe» umyt edýärdiler. Şeýdip, olar gökde ýaşamak sylagyna eýe boldular (Ýew. 11:35). 1914-nji ýylda gökde Hudaýyň Patyşalygy berkarar edilensoň, ölüm ukusynda ýatan wepaly mesh edilenleriň ählisi ruhy şahsyýet edilip direldildi. Olar Isa bilen bile gökde adamlaryň üstünden höküm sürerler (Ylh. 20:4).

IMAN BABATDA GÖRELDE GALDYRAN ADAMLAR

13, 14. Rudolf dogan nähili synaglara uçraýar we oňa çydamly bolmaga näme kömek edýär?

13 Şu günlerem millionlarça Hudaýyň gullukçylary Isanyň göreldesine eýerip, ünsüni umyt edýän zatlaryna gönükdirýärler we imanyny gowşatmaga hiç bir zada ýol bermeýärler. Rudolf Graýhen dogan 1925-nji ýylda Germaniýada dünýä inýär. Ol Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň janlandyrylyp çekilen suratlaryny ýatlap şeýle diýýär: «Öýdäki suratlaryň birinde möjek bilen guzynyň, gaplaň bilen owlagyň, göle bilen arslanyň bir ýerde otlap ýörendigi we olary bir çaganyň bakyp ýöreni çekilen... Şol suratlar henize çenli göz öňümden gitmeýär» (Iş. 11:6—9). Rudolf nemesleriň gizlin polisiýasy (gestapo) we soňra Gündogar Germaniýanyň gizlin polisiýasy (ştazi) tarapyndan ençeme ýyllap güýçli yzarlansa-da, onuň ýer ýüzünde Jennetiň boljakdygyna imany gowşamady.

14 Rudolf dogan ýene bir agyr synagy başdan geçirýär. Onuň ejesi Rawensbrýuk konslagerinde garahassalyk keselinden aradan çykýar. Kakasy bolsa ruhy taýdan gowşap, Ýehowanyň Şaýady bolmakdan ýüz öwrendigini görkezýän resminama gol çekýär. Rudolf dogan türmeden boşadylansoň, etrap gözegçisi bolup gulluk edýär we soňra Gilead mekdebinde okamaga çagyrylýar. Mekdebi tamamlandan soň, ony Çilide etrap gözegçisi bolup gulluk etmäge belleýärler. Emma Rudolfyň synagy munuň bilen tamamlanmaýar. Şondan bir ýyl geçensoň, ol Petsi atly missioner uýa öýlenýär. Biraz wagtdan gyzy, soňra bolsa aýaly 43 ýaşynda aradan çykýar. Rudolf bu synaglaryň ählisine döz gelmegi başarýar. 1997-nji ýylyň 1-nji awgustynda çykan «Garawul diňinde» (sah. 20—25, rus.) Rudolf doganyň terjimehaly çap edilýär 1. Ol şol wagt gartaşan we ýarawsyz bolsa-da, pioner hem-de ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýärdi.

15. Synaglara şatlyk bilen döz gelýän dogan-uýalar hakda gürrüň beriň.

15 Ýehowanyň Şaýatlary ýowuz we yzy tükenmeýän yzarlamalara garamazdan, gelejege bolan umydyny ýitirmeýärler. Meselem, Eritreýa, Singapur we Günorta Koreýadaky dogan-uýalaryň köpüsini Isanyň eliňize «gylyç» almaň diýen sözlerine eýerendikleri üçin türmä basýarlar (Mat. 26:52). Tussag edilen ýüzlerçe dogan-uýalaryň arasynda Eritreýada 20 ýyl bäri türmede oturan Isak, Negede we Paulos dagy bar. Şol doganlar ata-enesiniň aladasyny etmekden we durmuş gurmakdan mahrum bolsalar-da, ýowuz synaglarda wepalylygyny saklaýarlar. Web-saýtymyzda bu doganlaryň suraty bar. Olaryň ýüzündäki şatlyk imanlarynyň berkdigini görkezýär. Hatda türmäniň garawullary hem olara hormat goýýarlar.

Siz ýygnagyňyzdaky dogan-uýalaryň imanyndan görelde alýarsyňyzmy? (15, 16-njy abzaslara serediň)

16. Berk iman bizi nädip goraýar?

16 Ýehowanyň gullukçylarynyň ählisi şeýle yzarlamalara duçar bolmasa-da, olaryň imany synalýar. Meselem, köp dogan-uýalar garyplyk, ýurtda turýan gozgalaň ýa-da tebigy betbagtçylyk sebäpli köp kynçylyklary başyndan geçirýärler. Käbir dogan-uýalar bolsa Musa we beýleki pygamberler ýaly eşretli durmuşdan ýa-da abraý gazanmakdan ýüz öwürýärler. Olar baýlyga gyzmazlyk we öz işleri bilen başagaý bolmazlyk üçin bar güýji bilen göreşýärler. Muny nädip başarýarlar? Olar Ýehowany söýýärler we onuň gelejekde ähli adalatsyzlygy ýok edip, wepaly gullukçylaryna ebedi ýaşaýyş sylagyny berjekdigine ynanýarlar (Zebur 37:5, 7, 9, 29-njy aýatlary okaň).

17. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz we indiki makalada nämä serederis?

17 Biz şu makalada yzygider doga etmegiň we Hudaýyň wadalary barada oýlanmagyň imanyňy nädip berkidýändigini bildik. Bular bize synaglarda imanymyzy gowşatman, gaýtam, umyt edýän zatlarymyzyň «boljakdygyna ynamymyzy» artdyrýar. Emma Mukaddes Ýazgylarda agzalýan iman sözi has köp zady öz içine alýar. Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

^ 1) 14-nji abzas. «Synaglar umydymy üzüp bilmedi» atly makalada slowakiýaly Andreý Hanagyň başdan geçirenleri gürrüň berilýär (g02-U 22/4).