Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 4

Ýönekeý agşam nahary gökdäki Patyşamyz barada köp zatlary aýan edýär

Ýönekeý agşam nahary gökdäki Patyşamyz barada köp zatlary aýan edýär

«Bu meniň bedenimi... äht ganymy aňladýandyr» (Mat. 26:26—28).

108-NJI AÝDYM Patyşalyk üçin Ýehowany şöhratlandyryň!

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. a) Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamy näme üçin ýönekeý geçirilýär? b) Şu makalada Isanyň haýsy häsiýetleri barada bileris?

SIZ Isa Mesihiň ölüminiň hatyrasyna bellenilýän her ýylky Ýatlama agşamynyň nähili geçirilýändigini bilýärsiňizmi? Elbetde, onda, esasan, nämeleriň ulanylýandygy köpümiziň ýadymyzdadyr. Sebäbi Halypamyzyň agşam nahary örän ýönekeý geçirilýär. Emma ol biziň üçin iň wajyp waka bolup durýar. Şonuň üçin bizde şeýle sorag döremegi mümkin: «Onda Ýatlama agşamy näme üçin ýönekeý geçirilýär?»

2 Isa ýerde gulluk edende, wajyp hakykatlary ýönekeý, aýdyň we aňsat edip düşündirýärdi (Mat. 7:28, 29). Şonuň ýaly-da, ol öz ölüminiň wajypdygyny, emma ony ýönekeý edip bellemelidigini * görkezdi. Geliň, şu ýyl geçiriljek Ýatlama agşamy we Isanyň aýdan sözleri hem-de eden işleri bilen bagly käbir zatlara seredeliň. Bu bize Isanyň pesgöwünlilik, batyrgaýlyk hem-de söýgi häsiýetine has gowy düşünmäge we onuň göreldesine has yhlasly eýermäge kömek eder.

ISANYŇ PESGÖWÜNLILIGI

Ýatlama agşamynda ulanylýan çörek bilen şerap Isanyň biziň üçin janyny berendigini we häzir gökde Patyşa bolup höküm sürýändigini ýatladýar (3—5-nji abzaslara serediň)

3. Matta 26:26—28-nji aýatlara görä, Isa ölüminiň Ýatlama agşamyny girizende, ony nädip geçirdi we onuň ulanan çörek bilen şeraby nämäni aňladýar?

3 Isa ölüminiň Ýatlama agşamyny girizende, ýanynda 11 wepaly resuly bardy. Ol Pasha baýramyny belländen soň, şol ýerdäki barja zatlary ulanyp, Ýatlama agşamyny ýönekeý edip geçirdi (Matta 26:26—28-nji aýatlary okaň). Isa taýyn duran hamyrmaýasyz çörek bilen şeraby ulandy. Ol resullaryna çörek bilen şerabyň biraz wagtdan olar üçin berjek kämil bedenini we ganyny aňladýandygyny aýtdy. Resullar Isanyň girizen bu täze hem wajyp agşam naharynyň şeýle ýönekeý geçirilýändigine geň galmadyk bolmaly. Näme üçin?

4. Isa Marta nähili maslahat berdi we bu onuň Ýatlama agşamyny näme üçin ýönekeý edip geçirendigine düşünmäge nädip kömek edýär?

4 Şondan birnäçe aý öň, näme bolandygyny ýadymyza salalyň. Isa ýerdäki gullugynyň üçünji ýylynda ýakyn dostlary Lazar, Marta we Merýemiň öýüne myhmançylyga barýar. Isa özüni juda rahat duýýardy. Soňra ol dostlaryna köp zatlary gürrüň berýär. Marta bolsa bu hormatly myhmanyň hatyrasyna süýji tagamlary taýýarlamak bilen başagaýdy. Isa muny görüp, mähir bilen Martanyň garaýşyny düzedýär we oňa hemişe şeýdip azara galmaly däldigini düşündirýär (Luka 10:40—42). Ölümine birnäçe sagat galanda, Isa Marta beren maslahatyna özi hem eýerip, Ýatlama agşamyny ýönekeýje edip geçirýär. Biz mundan Isa barada näme öwrenýäris?

5. Agşam naharynyň ýönekeý geçirilmegi Isa barada nämäni görkezýär we bu Filipililer 2:5—8-nji aýatlardaky sözlere nädip gabat gelýär?

5 Isanyň her bir aýdan sözleri we eden işleri onuň pesgöwünli bolandygyny aýan edýär. Şonuň üçin ýerdäki ömrüniň soňky gijesi hem onuň özüni şeýle pesgöwünli alyp barmagy bizi geň galdyrmaýar (Mat. 11:29). Ol ähli adamlar üçin iň uly töleg tölejekdigini we Ýehowanyň ony direldip, gökde hormatly wezipä bellejekdigini bilýärdi. Emma ol şonda-da öz ölüminiň Ýatlama agşamyny uly dabara bilen bellemedi, sebäbi ol özüne köp üns çekmek islemeýärdi. Gaýtam, ol muny ýönekeý edip geçirdi we şägirtlerine ony her ýyl bellemegi tabşyrdy (Ýah. 13:15; 1 Kor. 11:23—25). Bu ýönekeý, ýöne wajyp agşam Isanyň ulumsy adam bolmandygyny görkezýär. Gökdäki Patyşamyzyň pesgöwünlilik ýaly ajaýyp häsiýetleriniň bardygy bizi diýseň begendirýär! (Filipililer 2:5—8-nji aýatlary okaň).

6. Synaga uçranymyzda, Isanyň pesgöwünliliginden nädip görelde alyp bileris?

6 Biz Isanyň pesgöwünliliginden nädip görelde alyp bileris? Munuň üçin başgalaryň bähbidini özümiziňkiden ýokary tutmaly (Flp. 2:3, 4). Geliň, ýene-de Isanyň ýerdäki ömrüniň soňky gijesi näme edendigine seredeliň. Ol tizden ejir çekip öldüriljekdigini bilse-de, öz ölümi sebäpli hasrat çekjek wepaly resullarynyň ýürekden aladasyny etdi. Isa şol gije olara tälim berdi we ruhlandyryp, berkitdi (Ýah. 14:25—31). Ol özüniň däl-de, başgalaryň aladasyny edip, hasam pesgöwünlidigini görkezdi. Bu biziň üçin, gör, nähili ajaýyp görelde!

ISANYŇ BATYRGAÝLYGY

7. Isa Ýatlama agşamyny girizensoň, batyrgaýlygyny nädip görkezdi?

7 Ýatlama agşamyny girizenine biraz wagt geçensoň, Isa gaty üýtgeşik batyrgaýlyk görkezdi. Näme üçin şeýle diýse bolar? Ol Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde aýyplanyp, jezalandyryljakdygyny bilse-de, Atasynyň islegini berjaý etmegi saýlady (Mat. 26:65, 66; Luka 22:41, 42). Isa soňuna çenli aýypsyz galyp, Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy, onuň hökümdarlygyny aklady we toba edýän adamlara ebedi ýaşamaga ýol açdy. Şeýle-de ol şägirtlerini duş geljek synaglaryna taýýarlady.

8. a) Isa wepaly resullaryna näme diýdi? b) Isanyň ölüminden birnäçe ýyl geçensoňam, şägirtleri onuň batyrgaýlygyndan nädip görelde alýardy?

8 Isa ünsüni gaýgy-aladasyna däl-de, wepaly resullarynyň zerurlyklaryna gönükdirmek bilen hem batyrgaýlygyny görkezdi. Iuda Iskariot gidenden soň, ol ýönekeý agşam naharyny girizýär. Bu biraz wagtdan mesh ediljek we täze ähtiň agzalary bolan şägirtlerine onuň dökülen ganynyň peýdasy hakda ýatlatmalydy (1 Kor. 10:16, 17). Isa şägirtlerine gökde höküm sürmek hormatynyň näderejede gymmatlydygyna düşünmäge kömek etmek üçin, özüniň we Atasynyň olardan nämä garaşýandygyny aýtdy (Ýah. 15:12—15). Şeýle-de Isa resullaryna nähili synaglaryň garaşýandygyny gürrüň berdi. Soňra olary özi ýaly «mert» bolmaga höweslendirdi (Ýah. 16:1—4a, 33). Şondan birnäçe ýyl geçensoňam, Isanyň şägirtleri onuň janaýamazlygyndan we batyrgaýlygyndan görelde alýardylar. Dürli kynçylyklar sebäpli horluk çekseler-de, olar bir-birine direg bolýardy (Ýew. 10:33, 34).

9. Biz Isanyň batyrgaýlygyndan nädip görelde alyp bileris?

9 Şu günlerem biz Isanyň batyrgaýlygyndan görelde alýarys. Meselem, imany üçin yzarlamalara duçar bolýan dogan-uýalarymyzy goldar ýaly, batyrgaýlyk gerek bolýar. Käwagt dogan-uýalary adalatsyzlyk bilen tussag edýärler. Şeýle ýagdaýda kazyýetde ýa-da häkimiýetiň öňünde olary goramak üçin elimizde baryny etmeli (Flp. 1:14; Ýew. 13:19). Şeýle-de biz hoş habary wagyz edip biler ýaly, batyrgaý bolmaly (Res. iş. 14:3). Isa ýaly bizem garşylyga we yzarlama duçar bolsak-da, Patyşalyk habaryny wagyz etmegimizi dowam edýäris. Ýöne käte batyrgaýlygymyz gowşap biler. Şeýle ýagdaýda biz näme edip bileris?

10. Ýatlama agşamynyň öň ýanyndaky hepdelerde biz näme etmeli we näme üçin?

10 Isanyň töleg gurbany arkaly aljak bereketlerimiz barada oýlansak, batyrgaýlygymyz has-da berkär (Ýah. 3:16; Efes. 1:7). Ýatlama agşamynyň öň ýanyndaky hepdelerde töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy artdyrmaga ajaýyp mümkinçiligimiz bar. Şol wagt biz Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okap we doga edip, Isanyň ölüminiň öň ýanynda bolan wakalar hakda oýlanyp bileris. Şonda Ýatlama agşamyna baranymyzda, ondaky nyşanlaryň ähmiýetine we töleg gurbanynyň gymmatyna has aýdyň düşüneris. Isanyň we Ýehowanyň bize bolan söýgüsi, biziň üçin eden zatlary we şol zatlaryň peýdasy hakda oýlananymyzda, umydymyz hasam berkeýär. Bu bolsa bizi kynçylyklara batyrgaýlyk bilen döz gelmäge höweslendirýär (Ýew. 12:3).

11, 12. Biz Isanyň haýsy häsiýetleri hakda bildik?

11 Halypamyzyň agşam nahary bize diňe bir töleg gurbanynyň gymmatyny ýatlatman, eýsem, Isanyň pesgöwünlilik we batyrgaýlyk ýaly ajaýyp häsiýetlerini hem bilmäge kömek edýär. Biziň üçin Hudaýa ýalbarýan gökdäki Baş ruhanymyz hökmünde Isanyň bu häsiýetlerini häzirem görkezýändigi bizi diýseň ruhlandyrýar (Ýew. 7:24, 25). Oňa ýürekden minnetdardygymyzy görkezmek üçin, biz Isanyň öz ölümini ýatlamak barada beren tabşyrygyny wepaly ýerine ýetirmeli (Luka 22:19, 20). Isanyň ölen güni ýewreý kalendary boýunça nisan aýynyň 14-üne gabat gelýär. Şol gün biziň üçin ýylyň iň ähmiýetli güni bolup durýar.

12 Halypamyzyň agşam naharynda Isany biziň üçin öz janyny gurban etmäge höweslendiren başga bir häsiýeti barada hem bileris. Ýer ýüzünde ynsan bolup ýaşanda, Isa, esasan, şol häsiýeti bilen tanalýardy. O nähili häsiýet?

ISANYŇ SÖÝGÜSI

13. Ýahýa 15:9 we 1 Ýahýa 4:8—10-njy aýatlarda Ýehowanyň we Isanyň söýgüsi nädip suratlandyrylýar we bu kimlere peýda berýär?

13 Isa Ýehowanyň bize bolan güýçli söýgüsini kämil derejede görkezdi. Bu onuň her bir edýän işinde görünýärdi (Ýahýa 15:9; 1 Ýahýa 4:8—10-njy aýatlary okaň). Ýöne has wajyby, Isanyň söýgüsi öz islegi bilen biziň üçin janyny gurban bermäge höweslendirdi. Biz mesh edilen ýa-da «başga goýunlara» degişli bolsagam, Ýehowanyň we Oglunyň bizi söýüp, günälerimiz üçin beren gurbanyndan köp peýda alýarys (Ýah. 10:16; 1 Ýah. 2:2). Şeýle-de Ýatlama agşamynda ulanylýan nyşanlar hakda oýlanyň. Bu nyşanlar Isanyň bizi söýýändigini we aladamyzy edýändigini görkezýär. Nädip?

Isanyň söýgi bilen girizen Ýatlama agşamy ýönekeý bolansoň, asyrlarboýy dürli kynçylyklara garamazdan, mesihçiler ony aňsatlyk bilen geçirip bilýärdi (14—16-njy abzaslara serediň) *

14. Isa şägirtlerine bolan söýgüsini ýene nädip görkezdi?

14 Isa agşam naharyny girizende, ony kyn düzgünler bilen däl-de, ýönekeý edip bellemegi tabşyryp, mesh edilen şägirtlerine bolan söýgüsini görkezdi. Aradan birnäçe wagt geçse-de, şol mesh edilen şägirtler nähili kynçylyk bolaýanda-da, hatda türmede-de, her ýyl Ýatlama agşamyny bellemelidi (Ylh. 2:10). Olar Isanyň bu tabşyrygyny ýerine ýetirip bildilermi? Hawa, olar muny başardylar!

15, 16. Käbir dogan-uýalar kyn ýagdaýlarda hem Ýatlama agşamyny nädip belläp bildiler?

15 I asyrdan bäri hakyky mesihçiler Isanyň ölümini ýatlamak barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin, elinde baryny edýärdiler. Olar iň agyr ýagdaýlarda-da, Halypamyzyň agşam naharyny belleýärdiler. Geliň, käbir bolup geçen wakalara seredeliň. Harold King doganymyz Hytaýyň türmesinde bir adamlyk kamerada oturýar. Ol şonda-da Ýatlama agşamyny belläp bildi. Harold dogan özünde bar bolan zatlary ulanyp, gizlinlikde Ýatlama agşamyna taýýarlyk görýär. Şol günüň haýsy wagta düşýändigini ünsli hasaplaýar. Şol gün gelip ýetende bolsa, ol ýeke özi aýdym aýdyp, doga edýär we Ýazgylara esaslanan nutuk bilen çykyş edýär.

16 Indi başga bir waka seredeliň. II Jahan urşy döwründe bir konslagerde oturan birnäçe uýalarymyz öz janlaryny orta goýup, Halypamyzyň agşam naharyny belleýärler. Ýatlama agşamynda ulanylýan nyşanlar ýönekeý zatlardan ybarat bolansoň, olar ony seresaplyk bilen belläp bildiler. Uýalarymyz şeýle gürrüň berýär: «Biz tegelek bolup durduk, ortada-da aýak goýulýan stoljygy, onuň üstünde ak mata we nyşanlary goýduk. Çyranyň ýagtysyna näme edýändigimiz hem bilnerdi... Bar güýjümiz bilen Atamyzyň mukaddes adyny aklap biler ýaly, Oňa beren wadamyzy gaýtaladyk». Ine, şuňa iman diýäýseň! Isanyň söýgi bilen beren ýönekeý görkezmesi bize Ýatlama agşamyny hatda iň agyr ýagdaýlarda-da bellemäge mümkinçilik berýär.

17. Özümize nähili soraglary bersek gowy bolar?

17 Halypamyzyň agşam nahary golaýlap gelýändigi üçin, özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Men Isanyň söýgüsinden nädip hasam görelde alyp bilerin? Imandaşlarymyň has köpräk aladasyny edýärinmi? Olardan has köp zada garaşýarynmy ýa-da ýagdaýlaryny göz öňünde tutýaryn?» Geliň, hemişe Isadan görelde alyp, dogan-uýalara «duýgudaş» bolalyň (1 Pet. 3:8).

ISANYŇ AJAÝYP HÄSIÝETLERINDEN GÖRELDE ALYŇ

18, 19. a) Biz nämä ynamly bolup bileris? b) Siz şu ýylky Ýatlama agşamynda näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

18 Mesihiň ölüminiň Ýatlama agşamyny hemişe bellemeli bolmarys. Isa agyr muşakgatda «gelende», «saýlananlaryň» galyndysyny göge alar. Şondan soň Ýatlama agşamy bellenilmez (1 Kor. 11:26; Mat. 24:31).

19 Ýatlama agşamyny wagtyň geçmegi bilen bellemegi bes etsek-de, bu ýönekeý agşam naharynyň wajyp aýratynlygy bolan we hiç bir ynsanyň görkezmedik Isanyň ajaýyp pesgöwünliligini, batyrgaýlylygyny hem-de söýgüsini Ýehowanyň halkynyň hemişe ýatlajakdygyna ynamly bolup bileris. Häzir Ýatlama agşamyny belleýänler gelejekde direljek adamlara bu üýtgeşik agşam nahary barada gürrüň berer. Emma häzir şu agşam naharyndan peýda almak üçin, biz Isanyň pesgöwünliliginden, batyrgaýlygyndan hem-de söýgüsinden görelde almaly. Eger şeýtsek, Ýehowanyň bizi sylaglajakdygyna ynamly bolup bileris (2 Pet. 1:10, 11).

5-NJI AÝDYM Isa pygamberiň galdyran göreldesi

^ par. 5 Tizden biz Isa Mesihiň ölümini ýatlamak üçin ýygnanyşarys. Biz bu ýönekeý agşam naharyndan Isanyň pesgöwünliligi, batyrgaýlygy hem-de söýgüsi hakda köp zatlary öwreneris. Şu makalada biz Isanyň görkezen ajaýyp häsiýetlerine nädip eýerip biljekdigimize serederis.

^ par. 2 DÜŞÜNDIRILIŞ: Bellemek diýen söz bir wajyp wakany ýa-da adamy hormat bilen ýatlamagy we onuň şanyna üýtgeşik bir zat etmegi aňladýar.

^ par. 56 SURATLAR. I asyrda Ýehowanyň wepaly gullukçylary Ýatlama agşamyny belleýär; 1800-nji ýyllaryň ahyrynda; Germaniýadaky konslagerde; biziň günlerimizde Günorta Amerikanyň salkyn howaly bir ýurdunda daş-töweregi açyk Ýygnak jaýynda.