Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 3

Ýüregiňizi goraň

Ýüregiňizi goraň

«Bar zadyňdan ilki ýüregiňi gora» (Sül. tym. 4:23).

52-NJI AÝDYM Ýüregiňizi goraň

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1—3. a) Ýehowa Süleýmany näme üçin gowy görýärdi we ol nähili bereketleri aldy? b) Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

SÜLEÝMAN Ysraýylyň patyşasy bolanda, gaty ýaşdy. Bir gezek Ýehowa oňa düýşünde: «Dile, dilän zadyňy bererin» diýýär. Şonda Süleýman: «Men ýaş hem tejribesiz... Halkyňa kazylyk edip, ýagşy-ýamany saýgaryp biler ýaly, öz guluňa pespäl ýürek ber» diýýär (1 Pat. 3:5—10, TD). Süleýmanyň «pespäl ýürek» dilemegi, onuň kiçigöwünli bolandygyny görkezýär. Ýehowa Süleýmany juda gowy görýärdi (2 Şam. 12:24). Bu ýaş patyşanyň eden dilegi Ýehowanyň göwnüne ýarady, şonuň üçin oňa «akyl-paýhas, aň-düşünje berdi» (1 Pat. 3:12).

2 Ýehowa wepaly bolan ýyllary Süleýman köp bereketleri aldy. Ol «Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurmak» hormatyna hem eýe bolupdy (1 Pat. 8:20). Hudaýyň beren akyldarlygy bilen, onuň at-owazasy dünýä ýaýrady. Süleýmanyň Hudaý tarapyn ylhamlanyp aýdan sözleri hem Mukaddes Ýazgylaryň üç kitabynda ýazylan. Olaryň biri Süleýmanyň tymsallary.

3 Süleýmanyň tymsallary kitabynda «ýürek» sözi 22 gezek duş gelýär. Mysal üçin, Süleýmanyň tymsallary 4:23-de: «Bar zadyňdan ilki ýüregiňi gora» diýilýär. Şu aýatda agzalýan «ýürek» sözi nämäni aňladýar? Bu soragyň jogabyny makalanyň dowamynda bileris. Şeýle-de biz şu iki soraga serederis: Şeýtan ýüregimizi nädip zaýalajak bolýar? Biz ýüregimizi nädip gorap bileris? Hudaýa wepaly galmak üçin, biz şu wajyp soraglaryň jogabyny bilmeli.

«ÝÜREK» NÄMÄNI AŇLADÝAR?

4, 5. a) Zebur 51:6-a görä «ýürek» sözi nämäni aňladýar? b) Içki dünýämiziň sagdyn bolmagynyň has wajypdygyny haýsy mysal görkezýär?

4 Süleýmanyň tymsallary 4:23-de agzalýan «ýürek» adamyň içki dünýäsini aňladýar (Zebur 51:6-ny okaň). Başgaça aýdanyňda, «ýürek» bu biziň pikirlerimizi, duýgularymyzy we isleg-arzuwlarymyzy aňladýar. Bu söz biziň daşymyzdan däl-de, içimizden nähili adamdygymyzy görkezmek üçin ulanylýar.

5 Geliň, «ýüregimiziň», ýagny içki dünýämiziň has wajypdygyna göz ýetirmek üçin, adamyň göni manydaky saglygyny alyp göreliň. Sagdyn bolmak üçin, ilki bilen, biz ýokumly zatlary iýmeli we yzygider beden maşklaryny etmeli. Şonuň ýaly, ruhy taýdan sagdyn bolmak üçinem, ýokumly ruhy iýmitden iýmitlenip, Ýehowa iman edýändigimizi hemişe iş ýüzünde görkezmeli. Munuň üçin öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulanmaly hem-de imanymyz barada gürrüň bermeli (Rim. 10:8—10; Ýak. 2:26). Ikinjiden, daşymyzdan sagdyn bolup görünsek-de, ýöne, aslynda, içimizde harasat gopýandyr. Edil şonuň ýaly, biz ruhy işler bilen meşgullanýandygymyz üçin, imanymyz berk diýip pikir etmegimiz mümkin. Ýöne erbet höwesler ýüregimizde kök urup başlan bolsa näme?! (1 Kor. 10:12; Ýak. 1:14, 15). Biz Şeýtanyň öz pikirine eýertjek bolýandygyny unutmaly däl. Ol muny, esasan, nädip edýär we biz ondan nädip goranyp bileris?

ŞEÝTAN ÝÜREGIMIZI NÄDIP ZAÝALAJAK BOLÝAR?

6. Şeýtanyň maksady näme we ol maksadyna ýetmek üçin näme edýär?

6 Ýehowanyň kada-kanunlaryny äsgermezlik edýän we diňe özüni bilýän Şeýtan bizi-de özüne meňzedesi gelýär. Ýöne ol pikirimize täsir edip, bizi özi ýaly hereket etmäge mejbur edip bilmeýär. Ol bu ýaman niýetine ýetmek üçin, başga usullary ulanýar. Mysal üçin, ol özüniň azdyran adamlary bilen gatnaşmagymyzy isleýär (1 Ýah. 5:19). Biz pikirimizi, hereketlerimizi «zaýalaýan» ýa-da «bozýan» erbet adamlar bilen gatnaşyk etmeli däldigimizi bilsek-de, Şeýtan olar bilen gatnaşyp, wagtymyzy hoş geçirmekligi saýlarys diýip tama edýär (1 Kor. 15:33, çykgyt). Onuň bu hilesi hatda Süleýman patyşa-da täsir etdi. Ol ýalan taňrylara çokunýan köp gelin-gyzlara öýlendi. Olaram kem-kemden «onuň ýüregini azdyryp», Ýehowadan daşlaşdyrdy (1 Pat. 11:3).

Şeýtanyň öz pikirine eýertmek üçin ulanýan hilelerinden ýüregimizi nädip gorap bileris? (7-nji abzasa serediň) *

7. Şeýtan öz pikirini ýene nädip ýaýradýar we biz näme üçin seresap bolmaly?

7 Şeýtan filmleriň we telegepleşikleriň üsti bilen, öz garaýşyny ýaýradýar. Ol gürrüň berilýän zatlaryň bizi has-da gyzyklandyrýandygyny we pikirimize, duýgularymyza hem-de hereketlerimize täsir edýändigini bilýär. Isa adamlara öwredende, köplenç mysallary gürrüň berýärdi. Meselem, bir gezek ol rehimdar samariýaly adam we ýiten ogul baradaky mysaly gürrüň berdi (Mat. 13:34; Luka 10:29—37; 15:11—32). Emma Şeýtanyň garaýşynyň özüne täsir etmegine ýol beren adamlar gyzykly zatlary gürrüň bermek bilen, aňymyzy zäherlejek bolýar. Şol sebäpli biz paýhasly bolmaly. Filmlerde we telegepleşiklerde görkezilýän zatlaryň ählisi pikirimizi zaýalamasa-da, biz seresap bolmaly. Sebäbi olar bize belli bir derejede täsir edýär. Şol sebäpli bir zat görmekçi bolanymyzda, özümize şeýle sorag bersek, gowy bolar: «Şu film ýa-da telegepleşik meni ten höweslerini kanagatlandyrmaga iterermi?» (Gal. 5:19—21; Efes. 2:1—3). Görýän zatlaryňyzda Şeýtanyň pikiriniň öňe sürülýändigine üns berseňiz, näme etmeli? Ondan edil ýokanç keselli adamdan gaça durşuňyz ýaly, gaça duruň.

8. Ene-atalar çagalarynyň ýüregini nädip gorap biler?

8 Gadyrly ene-atalar, size çagalaryňyzyň ýüregini Şeýtanyň täsirinden gorap saklamak jogapkärçiligi ynanyldy. Elbetde, siz çagalaryňyzy her dürli kesellerden goramak üçin eliňizde baryny edýärsiňiz. Mysal üçin, çagalaryňyz kesellemez ýaly, öýüňizi arassa saklap, hapa zatlary aýyrýarsyňyz. Edil şonuň ýaly, siz çagalaryňyzy Şeýtanyň pikiri bilen zaýalanan filmlerden, telegepleşiklerden, elektron oýunlardan we web-saýtlardan goramaly. Ýehowa size çagalaryňyzyň ruhy saglygynyň aladasyny etmegi tabşyrdy (Sül. tym. 1:8; Efes. 6:1, 4). Şonuň üçin öýüňizde Mukaddes Ýazgylara esaslanan belli bir çäkleri goýmaga ýaýdanmaň. Kiçi çagalaryňyza nämäni görmelidigini, nämäni görmeli däldigini aýdyň we olara näme üçin şeýle edýändigiňizi düşündiriň (Mat. 5:37). Ulurak çagalaryňyza bolsa, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça, nämäniň dogrudygyny we nämäniň erbetdigini saýgarmagy öwrediň (Ýew. 5:14). Çagalaryňyzyň diňe bir aýdýan sözleriňizden däl, eýsem, edýän işleriňizden hem köp zatlary öwrenýändiklerini ýatdan çykarmaň (Kan. tag. 6:6, 7; Rim. 2:21).

9. Şeýtan nähili pikiri öňe sürýär we bu näme üçin howply?

9 Mundan başga-da, Şeýtan ýüregimizi zaýalamak üçin, bizi Ýehowanyň pikirine däl-de, ynsan akyldarlygyna bil baglatdyrjak bolýar (Kol. 2:8). Geliň, onuň ulanýan bir usulyna seredeliň. Ol durmuşda bagtly bolmagyň açary — baý bolmak diýen pikiri öňe sürýär. Muňa ynanýan adamlar baýap hem biler, baýamanam. Nähili bolaýanda-da, bu örän howply. Näme üçin? Sebäbi adam köpräk pul gazanjak bolup, saglygyndan, maşgalasyndan, hatda durmuşda iň wajyp zatlaryň biri bolan Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyndanam geçýär (1 Tim. 6:10). Biz gökdäki akyldar Atamyzyň pula dogry garaýyşda bolmagy öwredýändigine diýseň minnetdar (Wag. 7:12; Luka 12:15).

ÝÜREGIMIZI NÄDIP GORAP BILERIS?

Garawullar we derwezebanlar ýaly, hemişe oýa boluň hem-de ýüregiňize erbet zatlar girmez ýaly, aýgytly hereket ediň (10, 11-nji abzaslara serediň) *

10, 11. a) Ýüregimizi gorap saklar ýaly, biz näme etmeli? b) Gadymy döwürde garawullar näme edýärdi we ynsabymyzy näme üçin garawula meňzetse bolýar?

10 Eger biz ýüregimizi gorap saklamak islesek, onda howply ýagdaýlary öňünden görüp, derrew hereket ederis. Süleýmanyň tymsallary 4:23-däki «gora» diýen söz garawulyň işini ýadymyza salýar. Süleýman patyşanyň günlerinde garawullar şäheriň diwarynyň ýokarsynda durup, ýaşaýjylara abanýan howp barada duýdurýardylar. Bu bize Şeýtan pikirimizi zäherlemez ýaly, näme etmelidigimize düşünmäge kömek edýär.

11 Gadymy döwürde garawullar derwezebanlar bilen ýakyndan işleşýärdi (2 Şam. 18:24—26). Şeýdip, olar duşman gelen wagty şäheriň derwezeleriniň ýapyk durmagyna gözegçilik edýärdi (Neh. 7:1—3). Mukaddes Ýazgylara görä terbiýelenen ynsabymyz * edil garawul ýaly, Şeýtanyň ýüregimizi eýelejek bolýandygyny, ýagny, pikirimize, duýgymyza we isleg-arzuwymyza täsir etjek bolýandygyny öňünden duýdurýar. Ynsabymyz duýduryş berende, biz oňa gulak asmaly we göçme manydaky derwezämizi ýapmaly, ýagny howpdan goranmaly.

12, 13. Biz nähili synaga düşüp bileris we ondan nädip gaça durup bileris?

12 Geliň, Şeýtanyň pikirinden özümizi nädip gorap biljekdigimize seredeliň. Ýehowa «aramyzda ahlaksyzlygyň, her hili hapalygyň... ady-da agzalmaly» däldigini öwredýär (Efes. 5:3). Işdeşlerimiz ýa-da klasdaşlarymyz ahlaksyz zatlar hakda gürrüň etseler, näme edip bileris? Biz «Hudaýyň islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürmelidigini» bilýäris (Tit. 2:12). Ynsabymyz edil garawul kimin howply ýagdaýlary öňünden duýdurýar (Rim. 2:15). Eýsem, biz oňa gulak asarysmy? Meselem, deň-duşlarymyzyň gürrüňlerini diňlesek ýa-da olaryň görkezýän haýasyz suratlaryny görsek, öz aýagymyz bilen duzaga düşeris. Şeýle ýagdaýda biz «ýüregimiziň» derwezelerini ýapmaly, ýagny gürrüňi başga ýana sowmaly ýa-da ol ýerden gitmeli.

13 Deň-duşlaryň pikirine eýermezlik we edýän erbet işlerine goşulmazlyk üçin, batyrgaýlyk gerek bolýar. Edýän tagallalarymyzy Ýehowanyň görýändigine ynamly bolup bileris. Ol bize Şeýtanyň pikirine eýermez ýaly, güýç hem akyldarlyk berer (2 Ýyl. 16:9; Iş. 40:29; Ýak. 1:5). Onda ýüregimizi mundan beýläk hem gorap saklamak üçin näme edip bileris?

ÝÜREGIŇIZI ELMYDAMA GORAŇ

14, 15. a) Ýüregimiziň gapysyny näme üçin açmaly we muny nädip etmeli? b) Süleýmanyň tymsallary 4:20—22-nji aýatlar bize Ýazgylary okanymyzda, has köp peýda alar ýaly nädip kömek edýär? ( «Nädip oýlanmaly?» diýen çarçuwa serediň).

14 Ýüregimizi goramak üçin, biz diňe bir erbet zatlary ret etmän, gowy zatlaryň ýüregimize täsir etmegine ýol bermeli. Şäheriň diwaryny ýadymyza salalyň. Duşmanyň goşuny şähere girip bilmez ýaly, derwezeban onuň derwezelerini ýapyp goýýar. Ýöne başga wagt, meselem, iýmit ýa başga gerek-ýarak zatlar getirilende, ol şäheriň derwezelerini açýar. Eger derwezeler hemişe ýapyk dursa, onda şäheriň ýaşaýjylary açlykdan ölerdi. Edil şonuň ýaly, bizem Hudaýyň pikiriniň özümize täsir etmegine ýol bermek üçin ýüregimiziň gapylaryny açmaly.

15 Ýehowanyň pikirleri Mukaddes Ýazgylarda ýazylan. Şonuň üçin her gezek ony okanymyzda, Ýehowanyň pikirleriniň öz garaýşymyza, duýgularymyza we hereketlerimize täsir etmegine ýol berýäris. Ýazgylary okanymyzda, has köp peýda alar ýaly näme edip bileris? Munuň üçin doga etmek örän wajyp. Bir uýamyz şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylary okap başlamazdan öň, men ondaky „ajaýyp zatlary görkezer“ ýaly, Ýehowa doga edýärin» (Zeb. 119:18). Şeýle-de biz okan zatlarymyz barada oýlanmaly. Doga edip, okanymyzda we oýlananymyzda, Hudaýyň Sözi «ýüregimiziň jümmüşinde» ornaşýar hem-de Ýehowanyň pikirine has aýdyň düşünýäris (Süleýmanyň tymsallary 4:20—22-nji aýatlary okaň; Zeb. 119:97).

 

16. Käbir dogan-uýalar JW teleýaýlymy barada näme diýýär?

16 Hudaýyň pikiriniň özümize täsir etdirmegiň başga bir usuly — JW teleýaýlymyny görmek. Bir är-aýal bu barada şeýle diýýär: «Her aý çykýan teleýaýlymy görenimizde, edýän dogalarymyza Ýehowanyň jogap berýändigini duýýarys. Bu teleýaýlym bizi ruhlandyryp berkidýär. Esasanam, özümizi gamgyn ýa ýeke duýanymyzda, göwnümizi galkyndyrýar. Guramamyzyň çykarýan aýdymlary bolsa, öýümizde hemişe ýaňlanyp durýar. Biz olary nahar bişirenimizde, öýi arassalanymyzda ýa-da çaý içenimizde diňleýäris». Dogrudan-da, bu zatlar biziň ýüregimizi goramaga kömek edýär. Olar bize Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi we Şeýtanyň pikirine garşy durmagy öwredýär.

17, 18. a) 1 Patyşalar 8:61-e görä, Ýehowanyň öwredýän zatlaryny durmuşymyzda ulansak, nähili peýdasy bar? b) Hizkiýa patyşadan näme öwrenýäris? ç) Zebur 139:23, 24-nji aýatlardaky Dawut patyşanyň dogasyna görä, biz näme hakda dilemeli?

17 Her gezek dogry işleri etmegiň berýän peýdasyny görenimizde, imanymyz has-da berkeýär (Ýak. 1:2, 3). Şeýle-de özümizi gowy duýýarys. Sebäbi Ýehowanyň adyny buýsanç bilen göterýäris. Bu bolsa, oňa ýaraýan işleri etmek islegimizi has-da artdyrýar (Sül. tym. 27:11). Her gezek synaga düşenimizde, muňa aladaçyl Atamyz Ýehowa ýarty däl-de, bütin ýüregimiz bilen gulluk edýändigimizi görkezmäge mümkinçilik hökmünde garalyň (Zeb. 119:113). Dogrudan-da, biz Ýehowany bütin ýüregimiz bilen söýýäris. Şonuň üçin onuň tabşyryklaryna gulak asyp, islegini höwes bilen ýerine ýetirýäris (1 Patyşalar 8:61-i okaň) *.

18 Elbetde, biz bikämil bolandygymyz üçin ýalňyşýarys. Eger ýykylan bolsak, Hizkiýa patyşa bilen bolan wakany ýada salalyň. Olam birnäçe gezek ýalňyşypdy. Emma ol toba etdi we Ýehowa «bütin kalby» bilen gulluk etmegini dowam etdi (Iş. 38:3—6; 2 Ýyl. 29:1, 2; 32:25, 26). Şol sebäpli, geliň, Şeýtanyň öz pikirine eýertmek üçin, ulanýan hilelerinden gaça duralyň. Ýehowadan «pespäl ýürek» bermegini diläliň (1 Pat. 3:9; Zebur 139:23, 24-nji aýatlary okaň). Hawa, eger biz «bar zadymyzdan ilki ýüregimizi gorasak», Ýehowa soňuna çenli wepaly galarys.

32-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň!

^ par. 5 Biz Ýehowa soňuna çenli wepaly galarysmy ýa-da Şeýtanyň bizi Hudaýdan daşlaşdyrmagyna ýol bereris? Bu soragyň jogaby biziň näçe synagda berk durandygymyza däl-de, ýüregimizi nädip goraýandygymyza bagly. «Ýürek» sözi nämäni aňladýar? Şeýtan ýüregimizi nädip zaýalajak bolýar? Biz ýüregimizi nädip gorap bileris? Bu wajyp soraglaryň jogabyny şu makalanyň dowamynda bileris.

^ par. 11 DÜŞÜNDIRILIŞ: Ýehowa bize pikirimizi, duýgularymyzy hem işlerimizi barlamak hem-de öz-özümize höküm çykarmak ukybyny berdi. Mukaddes Ýazgylarda oňa «ynsap» diýilýär (Rim. 2:15; 9:1). Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabymyz Ýehowanyň kada-kanunlaryna görä, pikirimiziň, edýän işlerimiziň we aýdýan zatlarymyzyň gowy ýa erbetdigini anyklamaga kömek edýär.

^ par. 17 1 Patyşalar 8:61 Onuň parzlaryna boýun bolup, Onuň tabşyryklaryny şu günki ýaly berjaý edip, Beýik Hudaýymyza ak ýürekden hyzmat ediň.

^ par. 57 SURATLAR. Suwa çümdürilen dogan telewizor görende, haýasyz zatlar görkezilýär. Ol näme eder?

^ par. 59 SURATLAR. Garawul şäheriň daşyndaky howpy görüp, aşakdaky derwezebanlara duýdurýar. Olaram şol bada şäheriň derwezelerini ýapyp, içinden gulplaýarlar.