Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 5

Duşuşyklara näme üçin yzygider barýarys?

Duşuşyklara näme üçin yzygider barýarys?

«Halypamyz gelýänçä, onuň ölümini yglan ediň» (1 Kor. 11:26).

149-NJY AÝDYM Töleg gurbanyna minnetdarlyk

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. a) Halypamyzyň agşam naharyna gelýän millionlarça adamlary görende, Ýehowa özüni nähili duýýar? (Žurnalyň daşky sahypasyndaky surata serediň). b) Şu makalada näme barada gürrüň ederis?

GÖZ ÖŇÜNE GETIRIŇ! Bütin ýer ýüzünde ýaşaýan millionlarça adamlar Halypamyzyň Ýatlama agşamyna barýar. Şonda Ýehowa nämäni görýärkä? Ol gelen adamlaryň sanyna däl-de, olaryň her birine aýratynlykda üns berýär. Mysal üçin, ol Ýatlama agşamyna her ýyl galman gelýän gullukçylaryny görende, örän begenýär. Olaryň arasynda güýçli yzarlamalara garamazdan, gelýän dogan-uýalar hem bar. Başgalar bolsa, beýleki duşuşyklara yzygider gatnaşyp bilmeseler-de, Ýatlama agşamynyň ähmiýetine düşünip, oňa barýarlar. Şeýle-de Ýehowa Ýatlama agşamyna ilkinji sapar gatnaşýan adamlary görende, juda begenýär.

2 Elbetde, Ýehowa Ýatlama agşamyna şeýle köp adamlaryň gelýändigini görüp, hoşal bolýar (Luka 22:19). Ýöne Ýehowa, esasan, näçe adamyň gelýändigine däl-de, olaryň bu duşuşyga näme maksat bilen gelýändigine üns berýär. Hawa, Ol adamyň niýetine seredýär. Bu makalada biz şu wajyp soragyň jogabyny bileris: Biz diňe bir Ýatlama agşamyna däl-de, Ýehowanyň söýýän adamlary üçin niýetlän her hepde geçirilýän duşuşyklara näme üçin gatnaşmak isleýäris?

Dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan millionlarça adamlar Halypamyzyň agşam naharyna gelýär(1, 2-nji abzaslara serediň)

PESGÖWÜNLILIK

3, 4. a) Biz duşuşyklara näme üçin barýarys? b) Duşuşyklara yzygider barmagymyz biz hakda nämäni aýan edýär? ç) 1 Korinfliler 11:23—26-njy aýatlary göz öňünde tutsak, biz näme üçin Ýatlama agşamyndan galmaly däl?

3 Ýygnak duşuşyklary Hudaýa edýän seždämiziň wajyp bölegi bolandygy üçin, biz olara yzygider gatnaşmak isleýäris. Şeýle-de biz duşuşyklara Ýehowadan öwrenmek üçin barýarys. Tekepbir adamlar hiç kimden öwrenmek islemeýär (3 Ýah. 9). Emma şeýle adamlardan tapawutlylykda, biz Ýehowanyň we onuň guramasy arkaly berýän görkezmesini höwes bilen kabul edesimiz gelýär (Iş. 30:20; Ýah. 6:45).

4 Duşuşyklara yzygiderli gatnaşmagymyz biziň pesgöwünlidigimizi we Ýehowadan öwrenmäge taýyndygymyzy görkezýär. Biz Mesihiň ölüminiň Ýatlama agşamyna özümizi borçly duýup däl-de, bu wakanyň wajyp bolandygy we Isanyň: «Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýen tabşyrygyna pesgöwünlilik bilen gulak asýandygymyz üçin barýarys (1 Korinfliler 11:23—26-njy aýatlary okaň). Bu duşuşyk gelejege bolan umydymyzy berkidýär we Ýehowanyň bizi gaty güýçli söýýändigini ýatladýar. Ýöne Ýehowa biri-birimizi ruhlandyryp, berkitmek üçin ýylda diňe bir gezek ýygnanyşmagyň ýeterlik bolmaýandygyna düşünýär. Şol sebäpli ol her hepde ýygnak duşuşyklarynyň geçirilmeginiň aladasyny edýär we bizi oňa gatnaşmaga çagyrýar. Pesgöwünlilik häsiýeti bizi Hudaýa boýun bolmaga höweslendirýär. Biz ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmak we olara gatnaşmak üçin, her hepde köp wagtymyzy sarp edýäris.

5. Pesgöwünli adamlar Ýehowanyň çakylygyny näme üçin kabul edýär?

5 Her ýyl ençeme pesgöwünli adamlar Ýehowadan öwrenmek üçin onuň çakylygyny kabul edýär (Iş. 50:4). Olar Ýatlama agşamyna baryp, diýseň begenýär; şeýdip, beýleki duşuşyklara-da gatnap başlaýar (Zak. 8:20—23). Biziň hemmämiz «kömekçimiz» hem «halasgärimiz» bolan Ýehowadan görkezme we tälim alýandygymyza çäksiz minnetdar (Zeb. 40:17). Eýsem, bizi söýgi bilen gurşap alýan Ýehowadan we ogly Isa Mesihden öwrenmek çakylygyny kabul etmekden wajyp hem gymmatly zat barmy näme?! (Mat. 17:5; 18:20; 28:20).

6. Pesgöwünlilik bir adama Ýatlama agşamyna barmaga nädip kömek etdi?

6 Biz her ýyl Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamyna, mümkin boldugyndan, köpräk adamlary çagyrmak üçin elimizde baryny edýäris. Çakylygy kabul eden pesgöwünli adamlaryň köpüsi bu wajyp duşuşyga gatnaşyp, köp peýda alýarlar. Bir mysala seredeliň. Birnäçe ýyl mundan öň, bir adam Ýatlama agşamyna çakylyk alýar. Ýöne ol doganymyza baryp bilmejekdigini aýdýar. Emma Ýatlama agşamy güni doganymyz ýaňky adamy Ýygnak jaýynda görüp, geň galýar. Dogan-uýalaryň ony mähir bilen kabul etmegi bu adama şeýle bir güýçli täsir edýär welin, ol her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklaryna-da gatnap başlaýar. Dogrusyny aýtsak, ol tutuş ýylyň dowamynda bary-ýogy üç gezek ýygnakdan galýar. Oňa ýygnak duşuşyklaryna yzygider gatnaşmaga näme kömek etdikä? Pesgöwünlilik. Oňa çakylyk beren dogan şeýle diýýär: «Ol juda pesgöwünli adam». Hawa, Ýehowa bu pesgöwünli adamy özüne çekdi. Häzir ol suwa çümdürilen doganymyz (2 Şam. 22:28; Ýah. 6:44).

7. Duşuşyklardan we Ýazgylardan öwrenýän zatlarymyz bize pesgöwünli bolmaga nädip kömek edýär?

7 Ýygnak duşuşyklaryndan we Mukaddes Ýazgylardan öwrenýän zatlarymyz bize pesgöwünli bolmaga kömek edýär. Ýatlama agşamynyň öň ýanyndaky hepdelerde ünsümizi Isanyň galdyran göreldesine we janyny gurban berip, görkezen pesgöwünlilik häsiýetine gönükdireris. Şeýle-de Ýatlama agşamynyň öň ýanynda Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Isanyň ölümi we direlişi bilen bagly wakalary okap, ruhlanarys. Duşuşyklarda öwrenýän zatlarymyz we Mukaddes Ýazgylardan okan wakalarymyz Isanyň biziň üçin beren tölegine minnetdarlygymyzy hasam artdyrar. Biz Isanyň pesgöwünliliginden görelde alyp, Ýehowanyň islegini, hatda kyn ýagdaýlarda-da berjaý etmek isleýäris (Luka 22:41, 42).

BATYRGAÝLYK

8. Isa batyrgaýdygyny nädip görkezdi?

8 Biz batyrgaý bolmakda Isadan görelde almaga jan edýäris. Ölümine birnäçe gün galanda, onuň görkezen batyrgaýlygy hakda oýlanalyň. Ol duşmanlarynyň eline düşüp, kemsidiljekdigini, urlup-ýenjiljekdigini we ölüme höküm ediljekdigini bilýärdi (Mat. 20:17—19). Ýöne ol şonda-da ölümden gorkmady. Öldürilmeli wagty gelende, ol Getseman bagynda ýanyndaky wepaly resullaryna: «Turuň, gideliň. Ine, maňa dönüklik edýän adam golaýlaşýar» diýdi (Mat. 26:36, 46). Ýaragly esgerler Isany tutmaga gelende, ol öňe çykyp, özüniň kimdigini açyk aýtdy, hatda esgerlere resullaryny goýbermeklerini hem buýurdy (Ýah. 18:3—8). Eýsem, Isa batyrgaý bolmadyk bolsa, özüni şeýle alyp bararmydy?! Şu günlerem mesh edilen we beýleki mesihçiler batyrgaý bolmakda Isadan görelde alýarlar. Olar muny nädip edýär?

Biziň batyrgaýlyk bilen duşuşyklara gatnaşmagymyz başgalary hem güýçlendirip, berkidýär (9-njy abzasa serediň) *

9. a) Ýygnak duşuşyklaryna yzygider barar ýaly, näme üçin batyrgaýlyk gerek? b) Biziň göreldämiz imany üçin türmede oturan dogan-uýalara nähili täsir edýär?

9 Bize-de kyn ýagdaýlarda ýygnaga yzygiderli barar ýaly, batyrgaýlyk gerek bolýar. Käbir dogan-uýalar gaýgy-aladadan, göwnüçökgünlikden ýa-da keselçilikden ejir çekseler-de, ýygnakdan galmaýarlar. Beýlekiler bolsa, maşgala agzalary ýa-da hökümet tarapyndan güýçli garşylyklara uçrasa-da, batyrgaýlyk bilen ýygnaga barýarlar. Biziň batyrgaýlyk babatda görkezýän göreldämiz imany üçin türmede oturan dogan-uýalarymyza nähili täsir edýändigi hakda oýlanyp görüň (Ýew. 13:3). Garşylyklara garamazdan, biziň Ýehowa wepaly gulluk edýändigimizi eşidenlerinde, olaryň imany, batyrgaýlygy we aýypsyz galmak islegi hasam berkeýär. Pawlus resul hem şeýle ýagdaýy başdan geçiripdi. Ol Rimde tussaglykdaka, imandaşlarynyň Hudaýa wepaly gulluk edýändiklerini eşidende, begenjiniň çägi bolmady (Flp. 1:3—5, 12—14). Ol tussaglykdaka ýa-da boşadylanyndan biraz wagt geçende, ýewreý mesihçilere hat ýazýar. Ol şol hatynda wepaly imandaşlaryna mundan beýläk-de biri-birine «doganlyk söýgüsini» bildirmelidigini we «ýygnaklara sowuk-sala garamaly» däldigini ündeýär (Ýew. 10:24, 25; 13:1).

10, 11. a) Ýatlama agşamyna kimleri çagyryp bileris? b) Efesliler 1:7-ä görä, muny näme üçin etmeli?

10 Biz Ýatlama agşamyna dogan-garyndaşlarymyzy, işdeşlerimizi we goňşularymyzy çagyryp bileris. Elbetde, munuň üçin batyrgaýlyk gerek. Eýsem, biz olary näme üçin çagyrýarys? Sebäbi Ýehowa bilen Isanyň biziň üçin eden zatlaryna minnetdarlyk bildirip, Halypamyzyň agşam naharyna diňe özümiziň däl-de, olaryň hem gatnaşmagyny we Ýehowanyň töleg gurbany arkaly bildiren «merhemetinden» peýda almaklaryny isleýäris (Efesliler 1:7-ni okaň; Ylh. 22:17).

11 Agzybir ýygnanyşmak bilen, biz batyrgaýdygymyzy, şeýle-de Hudaýyň we ogly Isa Mesihiň dürli ýollar bilen görkezýän ýene bir ajaýyp häsiýetini görkezýäris.

SÖÝGI

12. a) Ýygnak duşuşyklary Ýehowa bilen Isa bolan söýgimizi nädip hasam artdyrýar? b) 2 Korinfliler 5:14, 15-nji aýatlar bizi Isadan görelde almaga nädip höweslendirýär?

12 Biz Ýehowany we Isany söýýändigimiz üçin ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýarys. Duşuşyklarda öwrenen zatlarymyz bolsa, Ýehowa we Ogluna bolan söýgimizi hasam artdyrýar. Şeýle-de duşuşyklara yzygider barmagymyz olaryň biziň üçin eden ýagşylyklaryny ýatladyp durýar (Rim. 5:8). Ýatlama agşamy bolsa, bize Mesihiň beren gurbanynyň gadyryny bilmeýän adamlara-da Hudaý bilen Oglunyň söýgüsiniň gaty güýçlüdigini ýatladýar. Şu zatlary bilip, biziň ýüregimiz minnetdarlykdan dolýar; şonuň üçinem biz her gün Isanyň göreldesine eýerjek bolup jan edýäris (2 Korinfliler 5:14, 15-nji aýatlary okaň). Üstesine-de, Ýehowanyň biziň hatyramyza töleg gurbanyny berendigi üçin, onuň adyny beýgeltmek isleýäris. Muny etmegiň bir ýoly — ýygnak duşuşyklarynda jogap bermek.

13. Ýehowa bilen Ogluny güýçli söýýändigimizi nädip görkezip bilýäris? Mysal getiriň.

13 Biz käbir zatlarymyzdan geçip, Ýehowany we Ogluny güýçli söýýändigimizi görkezýäris. Ýygnaklara barmak üçin, köplenç köp zatlarymyzdan hem geçmeli bolýarys. Köp ýygnaklarda duşuşyklaryň biri iş günleri agşam geçirilýär. Belki, şonda köpümiz özümizi gaty ýadaw duýýandyrys. Beýleki duşuşyk bolsa, adamlaryň dynç alýan wagty, ýagny şenbe we ýekşenbe günleri geçirilýär. Eýsem, ýadaw bolsak-da, ýygnaklara galman gatnaýandygymyza Ýehowa nähili garaýar? Ol muny gaty gymmat saýýar! Başymyza düşýän kynçylyklar nähili agyr bolsa-da, Ýehowa oňa bildirýän söýgimizi asla unutmaz (Mar. 12:41—44).

14. Isa janaýamaz söýgini bildirmekde nähili görelde galdyrdy?

14 Isa janaýamaz söýgini bildirmekde hem bize ajaýyp görelde galdyrdy. Ol şägirtleri üçin diňe bir öz janyny bermän, eýsem, her bir gününi olaryň bähbitlerini özüniňkiden ileri tutup geçirýärdi. Meselem, ol gaty ýadaw bolsa-da ýa-da güýçli gam-gussa batanda-da, şägirtleriniň ýanyndan aýrylmady (Luka 22:39—46). Isa adamlardan bir zatlar almaga däl-de, bermäge çalyşýardy (Mat. 20:28). Ýehowa we dogan-uýalarymyza bolan söýgimiz näçe güýçli bolsa, şonça-da Ýatlama agşamyna hem-de ýygnak duşuşyklaryna yhlasly gatnaşarys.

15. Biz, esasan, kimlere kömek etmek isleýäris?

15 Biz, hakyky mesihçiler hökmünde guramamyza täze adamlary çagyrmak üçin, wagtymyzy höwes bilen bagyş edýäris. Emma biz, esasan-da, yhlasy gowşan «imandaşlarymyza ýagşylyk» etmek isleýäris (Gal. 6:10). Şeýle imandaşlarymyzy ýygnak duşuşyklaryna, aýratynam, Ýatlama agşamyna çagyryp, olary gowy görýändigimizi görkezýäris. Ýehowa bilen Isa ýaly, bizem yhlasy gowşan imandaşlarymyzyň mähriban Atamyz we Çopanymyz Ýehowa dolanandygyny görenimizde, begenjimiziň çägi bolmaýar (Mat. 18:14).

16. a) Bir-birimizi nädip ruhlandyryp bileris we ýygnaklara näme üçin barmaly? b) Ýatlama agşamy döwri Isanyň Ýahýa 3:16-daky sözlerini ýatlamak näme üçin has-da wajyp?

16 2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde anna güni agşam geçiriljek Ýatlama agşamynyň öňüsyrasyndaky hepdelerde biz bu agşama köpräk adamlary çagyrmak isleýäris («Siz olary çagyrarsyňyzmy?» atly çarçuwa serediň). Geliň, ýylyň dowamynda Ýehowanyň biziň üçin niýetlän ýygnak duşuşyklarynyň ählisine yzygider baryp, bir-birimizi ruhlandyrmagymyzy dowam edeliň! Dünýäniň soňunyň golaýlap gelýändigi üçin, pesgöwünli, batyrgaý bolup, söýgimizi saklar ýaly, biz ýygnak duşuşyklaryna baryp durmaly (1 Sel. 5:8—11). Geliň, bize bolan çäksiz söýgüsi üçin Ýehowa we Ogluna bütin ýüregimiz bilen minnetdarlygymyzy görkezeliň! (Ýahýa 3:16-ny okaň).

43-NJI AÝDYM Oýa, berk hem çydamly boluň

^ par. 5 2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde anna güni agşam Mesihiň ölüminiň Ýatlama agşamy geçiriler. Bu ýylyň dowamynda geçirilýän iň ähmiýetli duşuşykdyr. Biz näme üçin oňa gatnaşmak isleýäris? Elbetde, biziň barymyz Ýehowany begendirmek isleýäris. Biz şu makalada Ýatlama agşamyna we her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklaryna yzygider gatnaşmagymyzyň biz barada nämäni aýan edýändigine serederis.

^ par. 52 SURAT: Imany üçin türmede oturan doganymyz öýünden gelen haty okaýar. Ony okap, ol özüniň terk edilmändigini duýýar we maşgala agzalarynyň ýaşaýan ýerindäki syýasy dawalara goşulman, Ýehowa wepaly gulluk edýändiklerini bilip, hasam begenýär.