Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 1

«Heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men»

«Heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men»

«Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin» (Iş. 41:10).

23-NJI AÝDYM Ýehowa güýjümiz

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. a) Işaýa 41:10-daky sözler Ýoşiko uýamyza nähili täsir etdi? b) Ýehowanyň teselli beriji sözleri ýene kimlere peýda berýär?

WEPALY uýamyz Ýoşiko bir gezek erbet habar eşidýär. Lukman oňa bary-ýogy birnäçe aý ömrüniň galandygyny aýdýar. Bu habar uýamyza nähili täsir etdi? Ýoşiko şol wagt gowy görýän aýatlarynyň biri bolan Işaýa 41:10-daky (okaň) * sözleri ýadyna salýar. Soňra ol rahatlyk bilen lukmana Ýehowanyň onuň elinden berk tutýandygy üçin ölümden gorkmaýandygyny aýdýar *. Şol aýatdaky teselli beriji sözler mähriban Ýoşiko uýamyza Ýehowa doly bil baglamaga kömek etdi. Bu aýat bize hem çydap bolmajak kynçylyklarda-da kalbymyzda rahatlygy saklamaga ýardam eder. Muňa düşünmek üçin, geliň, başda Hudaýyň Işaýa pygambere şol sözleri näme üçin ýazdyrandygyna seredeliň.

2 Ýehowa başda bu sözleri Işaýa pygambere Wawilona ýesir düşen ýehudylara teselli bermek üçin ýazdyrypdy. Ýöne bu sözler diňe bir ýehudylara däl-de, Ýehowanyň ähli gullukçylaryna hem teselli berýär (Iş. 40:8; Rim. 15:4). Şu günler biz «juda kyn döwürde» ýaşaýarys. Şol sebäpli biz Işaýa kitabyndaky ýüregiňe rahatlyk berýän sözlere has-da mätäç (2 Tim. 3:1).

3. a) 2019-njy ýyl üçin saýlanan aýatda nähili wadalar berilýär? b) Biz näme üçin şol wadalara mätäç?

3 Biz bu makalada Işaýa 41:10-daky imanymyzy berkidýän Ýehowanyň şu üç wadasyna serederis: 1) Ýehowa hemişe biziň bilen bolar, 2) Ol biziň Hudaýymyz we 3) Ol bize ýardam eder. Biz bu wadalara * has-da mätäç. Sebäbi Ýoşiko uýamyz ýaly bizem dürli kynçylyklara uçraýarys. Şeýle-de dünýäde bolup geçýän erbet zatlara çydamaly bolýarys. Käbirimiz bolsa, hökümet tarapyndan yzarlamalara döz gelmeli bolýarys. Şonuň üçin, geliň, Hudaýyň bu üç wadasynyň her birine aýratynlykda seredeliň.

«SIZIŇ BILENDIRIN MEN»

4. a) Ýehowanyň ilkinji wadasy näme? (Çykgyda serediň). b) Ýehowa bize bolan duýgularyny nädip beýan edýär? ç) Hudaýyň mähirli sözleri bize nähili täsir edýär?

4 Ýehowanyň birinji wadasy şeýle sözler bilen başlanýar: «Gorkmaň, siziň bilendirin Men» *. Bu sözler Ýehowanyň bize üns berip, mähir bilen gurşap alýandygyny görkezýär. Onuň öz mährini we bize bolan çuňňur duýgularyny nädip beýan edýändigine üns beriň. Ýehowa: «Nazarymda eziz, gadyrly bolduň, seni söýdüm» diýýär (Iş. 43:4). Hawa, älem-jahanda hiç kim bizi Ýehowanyň söýgüsinden aýryp bilmeýär; onuň bize bolan wepalylygy hiç haçan «sarsmaz» (Iş. 54:10). Hudaýyň bizi söýýändigini we dosty hasaplaýandygyny bilmek hasam batyrgaý edýär. Ol dosty Ybraýym pygamberi goraýşy ýaly, bizi hem öz penasynda gorap saklar. Ýehowa oňa: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn» diýdi (Gel. çyk. 15:1).

Ýehowanyň kömegi bilen biz derýa we ýalyn ýaly synaglardan geçip bileris (5, 6-njy abzaslara serediň) *

5, 6. a) Kynçylyga uçranymyzda Ýehowanyň bize kömek etjekdigini nireden bilýäris? b) Biz Ýoşiko uýamyzdan näme öwrenip bileris?

5 Biz kynçylyga uçranymyzda Ýehowanyň kömek etjekdigini bilýäris. Sebäbi ol gullukçylaryna şeýle wada berýär: «Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni» (Iş. 43:2). Bu sözler nämäni aňladýar?

6 Ýehowa durmuşymyzda ýüze çykýan islendik kynçylygy aýyrjakdygyny wada bermeýär. Emma ol «derýa» ýaly kynçylyklaryň bizi gark etmegine we «ýalyn» ýaly synaglaryň ýakmagyna, ýagny düzedip bolmajak zyýan ýetirmegine ýol bermez. Ýehowa biziň bilen bolup, kynçylyklary ýeňip «geçmäge» kömek etjekdigini wada berýär. Ýöne ol muny nädip edýär? Biz hatda ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda hem aýypsyz galyp biler ýaly, ol bize gorkymyzy ýeňmäge kömek edýär (Iş. 41:13). Ýokarda agzalan Ýoşiko uýamyz munuň dogrudygyna göz ýetirdi. Onuň gyzy şeýle diýýär: «Ejemiň özüni şeýle rahat alyp barmagy bizi diýseň haýran galdyrýardy. Biz Ýehowanyň, hakykatdanam, ejemiň kalbyna rahatlyk berýändigini görýärdik. Ol tä ölýänçä, hassahananyň işgärlerine we şol ýerdäki syrkawlara Ýehowa hem-de onuň wadalary hakda gürrüň berýärdi». Biz Ýoşiko uýamyzdan näme öwrenip bileris? Eger bizem Hudaýyň «seniň bilen bolaryn» diýen wadasyna bil baglasak, mert bolup, synaglarda ejizlemeris.

«HUDAÝYŇYZDYRYN MEN»

7, 8. a) Ýehowanyň ikinji wadasy näme we ol nämäni aňladýar? b) Ýehowa ýesirlige düşen ysraýyllylara näme üçin «heder etmäň» diýdi? ç) Işaýa 46:3, 4-nji aýatlardaky sözler Hudaýyň halkyna nähili täsir etdi?

7 Ýehowanyň Işaýa pygamber arkaly aýdan ikinji wadasyna üns beriň. Ol: «Heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men» diýdi. Bu sözler nämäni aňladýar? Aýadyň asyl nusgasynda «heder etmek» diýen jümle heniz bolmadyk kynçylygy öňünden görjek bolmagy ýa-da howply ýagdaýda howsala düşüp, özüňi ýitirmegi aňladýar.

8 Ýehowa Wawilona ýesir edip äkidilen ysraýyllylara näme üçin «heder etmäň» diýdi? Sebäbi ol şol ýurduň ýaşaýjylarynyň gorkudan ýaňa sandyrajakdyklaryny bilýärdi. Olar nämeden gorkmalydy? Ysraýyllylar Wawilonda 70 ýyllap ýesirlikde ýaşansoň, Midiýa-Pars şalygy güýçli goşuny bilen Wawilona hüjüm etmelidi. Ýehowa olaryň goşuny arkaly öz halkyny Wawilon ýesirliginden azat etmek isleýärdi (Iş. 41:2—4). Wawilonlylar we şol wagtky beýleki milletler duşmanlaryň çozup gelýändigini görende: «Batyr bol!» diýip, bir-birini mert bolmaga höweslendirjek boldular. Şeýle-de olar özlerini gorar öýdüp, birgiden ýalan taňrylaryň şekillerini ýasadylar (Iş. 41:5—7). Ýöne Ýehowa ýesirlikdäki ysraýyllylara: «Eý, bendäm Ysraýyl... heder etme, Hudaýyňdyryn Men» diýip, olaryň ýüreklerine rahatlyk berdi (Iş. 41:8—10). Üns beren bolsaňyz, Ýehowa: «Hudaýyňdyryn Men» diýýär. Ol bu sözleri aýtmak bilen, wepaly gullukçylaryny unutmandygyna, henizem olaryň Hudaýydygyna we olary öz halky hasaplaýandygyna ynandyrdy. Hawa, ol: «Özüm götererin... sizi halas ederin» diýip, wada berdi. Bu sözler halkyň güýjüne güýç goşup, olary berkidendir (Işaýa 46:3, 4-nji aýatlary okaň) *.

9, 10. Biz näme üçin gorkmaly däl? Mysal getiriň.

9 Şu günler adamlar dünýäniň ýagdaýynyň gitdigiçe beterleşýändigini görüp, has-da howsala düşýärler. Elbetde, şol zatlar bize-de täsir edýär. Emma biz gorkmaýarys. Sebäbi Ýehowa: «Hudaýyňyzdyryn Men» diýýär. Ýüregiňe giňlik berýän bu sözler bize kalbymyzda rahatlygy saklamaga nädip kömek edýär?

10 Geliň, bir gyzykly waka seredeliň. Jim bilen Ben atly iki sany ýolagçy uçarda barýarka, güýçli ýel turýar. Uçar eýläk-beýläk çaýkananda, olar: «Howpsuzlyk kemeriňizi dakynyň. Uçarymyz güýçli ýel sebäpli biraz wagtlyk iki ýana çaýkanar» diýen sesi eşidýärler. Jim howsala düşüp başlaýar. Soňra uçarman: «Gorkar ýaly zat ýok. Arkaýyn boluň» diýýär. Şonda Jim başyny ýaýkap: «Ol bu zatlary nädip arkaýyn aýdyp bilýär-aý» diýip, Bene seredende, onuň hiç zat piňine-de däl ýalydy. Jim ondan: «Nädip, beýle arkaýyn oturyp bilýäň-aý?» diýip soraýar. Ben hem ýylgyryp: «Bu gaty ökde uçarman. Men ony gowy tanaýan. Ol meniň kakam!» diýip, jogap berýär. Soňra Ben sözüni dowam edip: «Gel, gowusy, kakam hakda biraz gürrüň bereýin. Ony gowy tanasaň we onuň nähili ökde uçarmandygyny bilseň, senem men ýaly arkaýyn oturarsyň» diýýär.

11. Biz uçardaky iki ýolagçy bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

11 Biz bu wakadan näme öwrenýäris? Beniň öz kakasyny gowy tanaýşy ýaly, bizem gökdäki Atamyz Ýehowany has gowy tanaýandygymyz üçin özümizi rahat duýýarys. Onuň bizi şu soňky günlerde apy-tupan ýaly üstümize abanýan kynçylyklardan sag-aman alyp çykjakdygyna doly ynanýarys (Iş. 35:4). Eger Ýehowa bil baglasak, dünýädäki adamlar gorka özüni aldyrsa-da, kalbymyzda rahatlygy saklap bileris (Iş. 30:15). Şeýle-de adamlara näme üçin Hudaýa bil baglap bolýandygy hakda aýdanymyzda, Ben ýaly arkaýyn hereket ederis. Şonda olar hem nähili kynçylyga uçrasa-da, Ýehowanyň kömek etjekdigine doly ynamly bolar.

«SIZE GÜÝÇ BERERIN, ÝARDAM EDERIN»

12. a) Hudaýyň üçünji wadasy näme? b) Ýehowanyň güýçli goly bilen hereket etmegi bize nämäni ýatladýar?

12 Geliň, indi Ýehowanyň Işaýa pygamber arkaly aýdan üçünji wadasyna seredeliň. Ol: «Size güýç bererin, ýardam ederin» diýýär. Işaýa pygamber eýýäm Ýehowanyň öz halkyna nädip güýç berýändigi barada şeýle diýipdi: «(Ýehowa) güýji bilen gelýär, Ol gudrat (goly) bilen höküm sürýär» (Iş. 40:10). Mukaddes Ýazgylarda «gol» diýen söz köplenç güýji görkezmek üçin ulanylýar. Şeýlelikde, Ýehowanyň gudratly goly diýlende, onuň örän güýçli Patyşadygyny ýatladýar. Ol geçmişde gullukçylaryny goldamak we olary goramak üçin çäksiz güýjüni ulanypdy. Ol şu günlerem özüne bil baglaýan adamlary berkidip, goramak üçin şol güýjüni ulanýar (Kan. tag. 1:30, 31; Iş. 43:10).

Bize garşy ulanylýan hiç bir ýarag Ýehowanyň güýçli gollarynyň öňünde durup bilmez (12—16-njy abzaslara serediň) *

13. a) Ýehowa esasanam haçan «size güýç bererin» diýen wadasyny berjaý edýär? b) Haýsy sözler bizi güýçlendirip berkidýär?

13 Esasan-da, duşmanlarymyz bizi yzarlanda, Ýehowa «size güýç bererin» diýen wadasyny berjaý edýär. Şu günler käbir ýurtlarda duşmanlar wagyz işimizi togtatmak ýa-da guramamyzy kanun taýdan gadagan etmek üçin elinde baryny edýärler. Ýöne, her näme bolaýanda-da, biz şeýle hüjümlere garamazdan, howsala düşmeýäris. Ýehowa bizi güýçlendirip, berkitjekdigine söz berýär. Ol: «Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz» diýip, wada berýär (Iş. 54:17). Bu sözler bize üç wajyp zady ýatladýar.

14. Hudaýyň duşmanlarynyň bize topulmagyna näme üçin geň galmaýarys?

14 Birinjiden, Mesihiň şägirtleri hökmünde bizi ýigrenjekdiklerini bilýäris (Mat. 10:22). Isa şägirtleriniň soňky günlerde güýçli yzarlamalara duçar boljakdyklaryny pygamberlik etdi (Mat. 24:9; Ýah. 15:20). Ikinjiden, Işaýanyň pygamberligi duşmanlarymyzyň bizi ýöne bir ýigrenmän, bize garşy her dürli ýaraglary ulanjakdyklaryny ýatladýar. Bu ýaraglara ýalan-ýaşryk maglumatlar we zalymlyk bilen yzarlamaklyk degişli (Mat. 5:11). Ýehowa duşmanlarymyzyň bize garşy şeýle ýaraglary ulanmagyna häzirlikçe ýol berýär (Efes. 6:12; Ylh. 12:17). Emma biz olardan gorkmaýarys. Näme üçin?

15, 16. a) Ýatda saklamaly üçünji zadymyz näme we Işaýa 25:4, 5-nji aýatlar bu babatda nädip kömek edýär? b) Işaýa 41:11, 12-nji aýatlarda «bize garşy gazaplanýanlara» nämäniň garaşýandygy nädip suratlandyrylýar?

15 Geliň, ýatda saklamaly üçünji zadymyza seredeliň. Ýehowa biziň garşymyza ýasalan «ýaragyň derde ýaramajakdygyny» aýtdy. Güýçli harasat turanda, diwarlaryň gorag bolşy ýaly, Ýehowa-da bizi «rehimsizleriň gaharyndan» goraýar (Işaýa 25:4, 5-nji aýatlary okaň) *. Hawa, duşmanlar bize asla düzedip bolmajak zyýan ýetirip bilmeýär (Iş. 65:17).

16 Ýehowa «bize garşy gazaplanýanlara» nämäniň garaşýandygyny suratlandyryp, Özüne bolan ynamymyzy hasam berkidýär (Işaýa 41:11, 12-nji aýatlary okaň) *. Duşmanlar bize garşy nähili gaharly topulsalaram, uruş nähili gazaply bolsa-da, bu zatlaryň soňy birmeňzeş gutarar. Hudaýyň halkynyň hemme duşmanlary «hiç zat dek ýogalyp gider».

ÝEHOWA DOLY BIL BAGLAŇ

Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrensek, Ýehowa has köp bil baglarys (17, 18-nji abzaslara serediň) *

17, 18. a) Mukaddes Ýazgylary ünsli okamak Ýehowa has köp bil baglamaga nädip kömek edýär? Mysal getiriň. b) 2019-njy ýylyň aýady barada oýlanmagyň nähili peýdasy bar?

17 Ýehowany näçe gowy tanasak, şonça-da oňa köp bil baglarys. Hudaýy tanamagyň iň gowy usuly Mukaddes Ýazgylary ünsli okap, okan zatlarymyz hakda çuňňur oýlanmak. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň geçmişde halkyny gorandygy barada ruhlandyryjy wakalar bar. Şol wakalar onuň häzirem aladamyzy edýändigine ynamymyzy berkidýär.

18 Geliň, Ýehowanyň bizi nädip goraýandygyny görkezmek üçin Işaýa pygamberiň ulanan ajaýyp deňeşdirmesine seredeliň. Ol Ýehowany çopana, Hudaýyň gullukçylaryny bolsa guzulara meňzedýär. Işaýa pygamber Ýehowa barada: «Ol... guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar» diýdi (Iş. 40:11). Biz Ýehowanyň güýçli gollary bilen bagryna basýandygyny duýanymyzda, özümizi rahat we onuň goragynda duýýarys. Kynçylyklara uçranymyzda rahatlygy saklamaga kömek etmek üçin, wepaly we paýhasly hyzmatkär 2019-njy ýyl üçin Işaýa 41:10-njy aýady saýlady. Onda: «Heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men» diýilýär. Bu ruhlandyryjy sözler hakda oýlanyň. Şonda gelejekde nähili kynçylyga duçar bolsaňyz-da, olar size güýç berer.

131-NJI AÝDYM Ýehowa — Halasgärimiz

^ par. 5 2019-njy ýyl üçin saýlanan aýatda bütin dünýäde we durmuşymyzda bolýan erbet ýagdaýlara garamazdan, özümizi rahat duýmaga kömek edýän üç sebäp agzalýar. Bu makalada biz çendenaşa köp alada etmezlige we Ýehowa has köp bil baglamaga kömek edýän pikirlere serederis. Şu ýylyň aýady hakda oýlanyp, ony wagtal-wagtal özüňize ýatladyp duruň. Bu size gelejekde boljak kynçylyklarda çydamly bolmaga güýç berer.

^ par. 1 Işaýa 41:10 Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.

^ par. 3 DÜŞÜNDIRILIŞ: Wada — ynandyryp aýdylan söz ýa-da bir zady hökman etjekdigiňi söz bermek. Ýehowanyň berýän wadalary durmuşymyzda ýüze çykýan kynçylyklara özümizi aldyrmaz ýaly, kalbymyza rahatlyk berýär.

^ par. 4 Işaýa 41:10, 13, 14-nji aýatlarda «gorkmaň» diýen söz üç gezek duş gelýär. Şol aýatlardaky «Men» diýen at çalyşmasy Ýehowa degişli. Ýehowa näme üçin Işaýa pygamberi «Men» diýen sözi gaýta-gaýta ýazmaga ylhamlandyrdyka? Ol bir wajyp zady nygtamak isleýär: Biz gorkymyzy diňe Ýehowa bil baglap ýeňip bileris.

^ par. 8 Işaýa 46:3 Eý, Ýakubyň nesli, Ysraýyl nesliniň aman galanlary! Göwrede galanyňyz bäri etdim aladaňyzy, doglanyňyz bäri elimde göterdim. 4 Garranyňyzda-da, Men Şolduryn, saçyňyz agaranda hem sizi götererin, sizi Men ýaratdym, Özüm götererin, Men göterip, sizi halas ederin.

^ par. 15 Işaýa 25:4 Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin, 5 gurak ýerdäki yssy kimindir, kesekileriň galmagalyny ýatyrarsyň; bulut kölegesi bilen yssyny basyşyň kimin, ýowuzlaryň aýdymy-da ýatyryldy.

^ par. 16 Işaýa 41:11 Size garşy gazaplanýanlaryň ählisi utandyrylar, ile ryswa ediler. Hiç zat dek ýogalyp giderler size garşy çykýanlar. 12 Duşmanlaryňyzy tapyp bilmersiňiz agtararsyňyz-da, hiç zatça bolman ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.

^ par. 56 SURATLAR. Bir maşgala işde, wagyzda, mekdepde we saglyk bilen bagly kynçylyga uçraýar.

^ par. 58 SURATLAR. Ýehowanyň Şaýatlary öýde ýygnak duşuşygyny geçirýärkäler, polisiýa işgärleri gelýär. Emma dogan-uýalar howsala düşmeýär.

^ par. 60 SURATLAR. Yzygiderli geçirilýän maşgala okuwy çydamly bolmaga güýç berýär.