Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Ýehowa Hudaýa hiç haçan «ýok» diýmedik

Ýehowa Hudaýa hiç haçan «ýok» diýmedik

GÜNLERDE bir gün güýçli harasat turdy. Soňra derýa joşup, bulançak suw bilen uly daşlar akyp geldi. Köpri-de ýykyldy, gorkudan ýaňa aljyrap, näme etjegimizi bilmän durduk. Men, ärim Harwiý, dilmaç üçimiz derýadan geçmelidik. Ilki bilen ulagymyzy ýük maşyna ýükledik. Biz ulagymyzy berkider ýaly ne zynjyr, ne-de ýüp tapdyk. Sürüji ýük maşynyny ýuwaşlyk bilen sürüp, derýadan geçip başlady. Biziň her bir minudymyz ýyla döndi, tä derýadan geçýänçäk, Ýehowadan kömek soradyk. Kenaryň beýleki tarapyndaky doganlar bize seredip, aladalanyp durdylar. Biz Ýehowanyň kömegi bilen sag-aman derýadan geçdik. Bu waka 1971-nji ýylda Taýwanyň gündogarynda bolupdy. Biz dogduk mekanymyzdan müňlerçe kilometr uzakdadyk. Geliň, men size geçmişimi gürrüň bereýin.

HAK HUDAÝ ÝEHOWANY TANADYK

1930-njy ýyllarda Awstraliýanyň ykdysadyýeti pese düşüpdi. Şol ýyllar Harwiniň maşgalasy Midland Jankşende Ýehowany tanaýar. Harwiý dört doganyň iň ulusydy. Ol Ýehowany ýürekden söýüp, 14 ýaşynda suwa çümdürildi. Harwiý guramada berlen islendik borjy ýürekden kabul etmelidigini öwrendi. Bir gün oňa duşuşykda «Garawul diňi» žurnalyny okamagy tabşyrýarlar. Emma ol özüni mynasyp görmeýär. Dogan Harwä şeýle maslahat berýär: «Ýehowanyň guramasynda saňa bir iş tabşyrylsa, sen hökman başararsyň!» (2 Kor. 3:5).

Meniň maşgalam bolsa Angliýada Ýehowany tanady. Men, ejem, gyz doganym Mukaddes Kitaby öwrenip başladyk. Kakam bolsa ençeme ýyldan soň Ýehowanyň Şaýady boldy. Ol bize ilki garşy çykdy. Kakam islemese-de, dokuz ýaşymda suwa çümdürildim. Men ilki pioner, soňra missioner bolup gulluk etmegi maksat edindim, ýöne 21 ýaşym dolýança, kakamyň pioner bolmagyma rugsat bermejekdigine düşünýärdim. Men şonça ýyl garaşyp biljek däldim. Gyz doganym Awstraliýa göçüpdi. 16 ýaşym dolanda kakamyň rugsady bilen gyz doganymyň ýanyna gitdim. 18 ýaşym dolanda pioner gullugyna başladym.

Toý tutan günümiz 1951

Men Awstraliýada Harwiý bilen tanyşdym. Biziň ikimiz hem missioner bolup gulluk etmek isleýärdik. 1951-nji ýylda toý etdik. Iki ýyl pioner bolup gulluk etdik, soňra Harwini etrap gözegçisi edip bellediler. Biz Günbatar Awstraliýada ymgyr çölleri söküp, çet obalarda wagyz edýärdik.

ARZUWYMYZ HASYL BOLDY

Gilead mekdebiniň gutardylyşy. Ýanki stadiony 1955

1954-nji ýylda bizi Gilead mekdebiniň 25-nji klasyna okamaga çagyrdylar. Gökdäki dilegimize ýerde gowuşdyk. Biz gämili Nýu-Ýorka bardyk. Mekdepde Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenip başladyk. Biz ispan dilini hem öwrenmelidik, ýöne Harwä öwrenmek kyn boldy. Sebäbi oňa «r» harpyny aýtmak kyn düşýärdi.

Bir gün mugallymlar Ýaponiýada gulluk etmek isleýänler üçin ýörite ýapon dili kursunyň açylandygyny bildiriş etdiler. Biz kursa ýazylmadyk, sebäbi Ýehowa nirä iberse, şol ýere-de gideris diýýärdik. Biraz wagtdan soňra, mugallym Albert Şrýoder biziň kursa ýazylmandygymyzy bilipdir. Şonda ol: «Ýene biraz oýlanyň» diýip maslahat berdi. Biz ýene-de kursa ýazylmaga ýaýdandyk. Şonda Şrýoder dogan: «Ähli mugallymlar siz ýapon kursuna ýazylsaňyz gowy bolar diýip pikir edýärler. Ýapon dilini öwrenip bilerin diýseňiz kursa ýazylyň» diýdi. Harwä ýapon dilini öwrenmek aňsat boldy.

Biz 1955-nji ýylda Ýaponiýa geldik. Şonda ol ýerde 500 wagyzçy bardy. Harwiý 26 ýaşyndady, men 24 ýaşymdadym. Bizi kenarýaka Kobe şäherine bellediler. Ol ýerde dört ýyl gulluk etdik. Soňra Harwini etrap gözegçisi edip bellediler we Nagoýa şäheriniň golaýynda gulluk etdik. Biz Ýaponiýadaky dogan-uýalary, milli tagamlaryny we tebigatyny örän gowy gördük. Biraz wagtdan soňra, Ýehowa «bolýar» diýmäge ýene bir mümkinçilik döredi.

TÄZE BORÇ — TÄZE KYNÇYLYK

Harwiý, men we beýleki missionerler bilen Kobe şäherinde. Ýaponiýa 1957

Harwiý Ýaponiýada etrap gözegçisi bolup üç ýyl gulluk edende, filialdaky doganlar: «Taýwana gidip, amis taýpasyna wagyz edip bilersiňizmi?» diýip soradylar. Taýwanda imandan dänenler köpdi. Dogan-uýalary olaryň täsirinden goramak üçin ýapon dilini suwara bilýän dogan gerekdi *. Ýaponiýada wagyz etmegi halaýandygymyz üçin derrew karara gelmek kyn boldy. Harwiý hemişe Ýehowa «bolýar» diýmegi ýüregine düwendigi üçin, biz Taýwana gitmäge razylaşdyk.

1962-nji ýylyň noýabrynda Taýwana geldik. Taýwanda 2 271 wagyzçy bardy. Olaryň köpüsi amis taýpasyndandy. Biz hytaý dilini öwrenmeli bolduk. Hytaý dilini öwredýän mugallym iňlis dilini bilmeýärdi. Biziň ýekeje kitabymyz bardy, emma şonda-da hytaý dilini öwrendik.

Taýwana gelenimize köp wagt geçmänkä, Harwini filiala gözegçi edip bellediler. Filial uly däldi, şonuň üçin Harwiý işlerini derrew dynyp, amis taýpasyndaky doganlar bilen aýda üç hepde işleşip bilýärdi. Ol welaýat gözegçisi bolup hem gulluk edýärdi. Kongreslerde nutuk bilen çykyş edýärdi. Harwiý nutugy ýapon dilinde çykyş eden bolsady, amis taýpasyndaky dogan-uýalar hem düşünerdi. Emma döwlet işgärleri dini çäreleri ýapon dilinde däl-de, hytaý dilinde geçirmegi talap edýärdi. Harwä kyn hem bolsa hytaý dilinde çykyş edýärdi. Bir dogan bolsa amis taýpasyndaky dogan-uýalar üçin nutugy ýapon diline terjime edýärdi.

Taýwany harby güýçler dolandyrýardy. Kongresi geçirmek üçin hem olardan rugsat almalydy. Rugsat almak aňsat däldi, köp wagt garaşmaly bolýardy. Ýöne Harwiý tä rugsat berýänçäler polisiýa bölüminden gaýtmaýardy. Polisiýa işgärleri daşary ýurtly adamyň oturanyny görüp, derrew rugsat berýärdiler.

ILKINJI SAPAR DAGA ÇYKAN GÜNÜM

Derýanyň ýalpak ýerinden geçip wagyz etmäge barýarys. Taýwan

Amis taýpasyndaky dogan-uýalar bilen wagyz eden hepdelerimiz bir sagatdan gowrak ýol sökerdik, daglara çykardyk, derýalardan geçerdik. Birinji sapar daga çykan günüm ýadyma düşýär. Biz daň bilen turup garbandyk, 5:30-da awtobusa münüp, uzak ýerlerdäki obalara gitdik. Soňra pyýadalap derýadan geçdik, daga çykyp başladyk. Dag şeýle bir ýapgytdy welin, meniň öňümden ýöräp barýan doganyň aýagy göýä kelläme degäýjek ýalydy.

Ir bilen Harwiý ýerli doganlar bilen wagza gitdi. Men bolsa, bir kiçijik oba baryp, wagyz etdim. Obanyň adamlary ýapon dilinde gepleýärdiler. Günortan 13:00 töweregi açlykdan ysgyn-mydarym galmady. Bagtyma şol wagt Harwä duşdum. Obanyň adamlary Harwä žurnallar üçin üç ýumurtga beripdir. Ol maňa ýumurtgany deşip, nädip içmelidigini görkezdi. Men ýumurtgany içdim, ýöne tagamyny halamadym. Üçünji ýumurtgany kim içendir öýdýäňiz?! Elbetde, men içdim! Eger men ysgyn-mydardan gaçyp, özümden giden bolsam, Harwiniň meni göterip, dagdan düşürmäge ýagdaýy bolmazdy.

TÄSIN HAMMAM

Bir gezek etrap kongresine gidenimizde ýatdan çykmajak waka boldy. Ýygnak jaýynyň golaýynda ýaşaýan dogan bizi myhman aldy. Amis taýpasynyň adaty boýunça suwa düşmek örän wajypdy. Şonuň üçin etrap gözegçisiniň aýaly ähli zady taýyn edip goýupdyr. Harwiý biraz işli bolansoň: «Ilki sen suwa düşäý» diýdi. Baryp görsem, alaň-açyk ýerde bir bedre sowuk suw, bir bedre gyzgyn suw we bir legen durdy. Doganlar bolsa, edil garşymda kongrese taýýarlyk görýärdiler. Men uýadan töwerek daşymy ýapar ýaly mata soradym. Ol maňa aňyrsy-bärsi görnüp duran klýonka berdi. Men jaýyň arka tarapyna geçip suwa düşäýerin diýdim. Emma ol ýerde-de ördekler bardy. Olar meni çokar öýdüp gorkýardym. Soňra men oýlanyp: «Doganlar-a başagaý, maňa üns beresleri ýok-la. Ýöne suwa düşmesem, öý eýesi gaty görer. Gowusy, suwa düşäýeýin-le» diýdim. Şeýdip, men üýtgeşik hammamda suwa düşdüm.

Amis taýpasynyň milli eşigini geýdik

AMIS DILINDÄKI EDEBIÝATLAR

Harwiý amis taýpasyndaky dogan-uýalaryň sowatsyzdygy, şol dilde edebiýatlaryň ýokdugy üçin, olaryň ruhy taýdan ösüp bilmeýändigine düşündi. Şol wagtlar amis elipbiýi döredilipdi. Şonuň üçin dogan-uýalara ene dilinde okamagy, ýazmagy öwretsek, gowy bolar diýip pikir etdik. Elbetde, munuň üçin dogan-uýalar köp wagt we güýç sarp etmeli boldular. Ýöne olar Ýehowanyň öwüt-ündewlerini ene dilinde okap başlanlarynda, eden tagallasy ýerine düşdi. 1966-njy ýylda amis dilinde ilkinji sapar edebiýatlar çap edilip başlandy. 1968-nji ýylda bolsa «Garawul diňi» žurnaly çykdy.

Döwlet işgärleri hytaý dilinden başga dildäki edebiýatlary ýaýratmagy gadagan edipdi. Şonuň üçin dogan-uýalar amis dilindäki «Garawul diňi» žurnalyny paýlamagyň täze usulyny tapdylar. Biziň paýlaýan «Garawul diňi» žurnalymyzyň makalalary hem hytaý dilinde, hem amis dilinde ýazylypdy. Eger kimdir biri: «Näme edýäňiz?» diýip sorasa, biz: «Ýerli halka hytaý dilini öwredýäris» diýip jogap berýärdik. Şol ýyldan bäri Ýehowanyň guramasy amis taýpasyndaky akýürekli adamlara Mukaddes Kitaby düşündirmek üçin ençeme edebiýatlary çap edip gelýär (Res. 10:34, 35).

ARASSALANYŞ DÖWRI

1960—1970-nji ýyllar aralygynda amis taýpasyndaky dogan-uýalar Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýardylar. Olar Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlara düşünmeýändikleri üçin ahlaksyzlyk edýärdiler, arak içip, serhoş bolýardylar, çilim çekýärdiler, nas atýardylar. Harwiý dogan-uýalara Ýehowanyň şeýle zatlary halamaýandygyny düşündirmek üçin ýygnaklara aýlanýardy. Çet ýerdäki bir ýygnaga gidenimizde, size ilki gürrüň beren wakam bolupdy.

Pesgöwünli dogan-uýalar durmuşyny özgertdiler. Emma köpüsi özgertmek islemedi. Taýwanda 20 ýylyň içinde 2 450 wagyzçydan 900 wagyzçy galdy. Elbetde, muňa örän gynandyk. Ýöne Ýehowa haram işleri edýän adamlara ak pata bermeýär (2 Kor. 7:1). Şeýlelikde, ýygnaklar doly arassalandy we Ýehowanyň berekedi bilen häzir Taýwanda 11 000-den gowrak wagyzçy bar.

1980-nji ýyllarda amis taýpasyndaky adamlaryň imany has-da berkedi. Indi Harwiniň hytaý dilinde gepleýän dogan-uýalara wagyz etmäge köp wagty bardy. Ol uýalaryň ärine Ýehowanyň Şaýady bolmaga-da kömek etdi. Bir gün Harwiý maňa: «Uýamyzyň äri ilkinji sapar doga edende, begenjimiň çägi bolmady» diýdi. Menem akýürekli adamlaryň köpüsine Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edip şatlyk tapýardym. Sapak geçýänimiň ogly bilen gyzy Taýwandaky filialda gulluk edýärler. Menem olar bilen işleşip özümi has bagtly duýdum.

AJY AÝRALYK

Men eziz ýarymdan aýra düşdüm. Biziň durmuş guranymyza 59 ýyl bolupdy. 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Harwiý rak keseli sebäpli aradan çykdy. Ol takmynan 60 ýyl uzak wagtly gulluk etdi. Men ony gaty küýseýärin. Iki ýurtda Harwiý bilen eginme-egin işleşendigime begenýärin. Biz kyn bolsa-da iki dili öwrendik. Harwiý şol dillerde ýazyp hem bilýärdi.

Eziz ýarymdan aýra düşenime dört ýyl geçipdi. Ýolbaşçylyk maslahaty maňa: «Indi Awstraliýa dolansaň gowy bolar» diýdi. Ýaşym birçene ýetendigi üçin maňa goldaw gerekdi. Başda meniň Taýwandan gidesim gelmedi. Ýöne men Harwiden Ýehowa Hudaýa «ýok» diýmezligi öwrendim. Şonuň üçinem Awstraliýa dolandym. Birnäçe wagtdan soň dogry karara gelendigime göz ýetirdim.

Men Ýaponiýadan we Hytaýdan gelen myhmanlary Beýtel bilen tanyşdyrýaryn

Häzir Awstralaziýa filialynda gulluk edýärin. Men Ýaponiýadan we Hytaýdan gelen myhmanlary Beýtel bilen tanyşdyrýaryn. Dynç günleri bolsa ýygnakdaky dogan-uýalar bilen wagyz edýärin. Men Ýehowanyň direliş baradaky beren wadasynyň ýerine ýetjek günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Ýehowa Harwini hiç haçan unutmaz, sebäbi Harwiý Ýehowa hemişe «bolýar» diýýärdi (Ýah. 5:28, 29).

^ par. 14 Taýwanda öň birnäçe ýyllap döwlet dili ýapon dili bolupdy. Emma häzir hytaý dili döwlet dili hasaplanýar. Şonuň üçin Taýwanyň köp taýpalary ýaponça gepleýärdiler.