Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 1

Ýehowa bil baglaň, howsala düşmäň!

Ýehowa bil baglaň, howsala düşmäň!

2021-NJI ÝYLYŇ AÝADY: «Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar» (Işa. 30:15).

3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym

MAZMUNY *

1. Käte özümizi nähili duýmagymyz mümkin?

ÄHLI adamlar gaýgy-alada etmän, asuda we parahat ýaşamak isleýärler. Gynansak-da, biz käte Dawut patyşa ýaly howsala düşýäris. Dawut patyşa Ýehowadan: «Haçana çenli azap çekerin? Haçana çenli uzakly gün hasrat çekerin?» diýip sorapdy (Zeb. 13:2).

2. Şu makalada nämä serederis?

2 Şu günler durmuşy gaýgy-aladasyz göz öňüne getirmek kyn. Ýöne käbir zatlar kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek edýär. Şu makalada alada goýýan ýagdaýlar hakda gürrüň ederis. Şeýle-de kyn ýagdaýlarda rahat bolmaga kömek etjek alty maslahata serederis.

BIZ NÄME ÜÇIN ALADA EDÝÄRIS?

3. Bizi haýsy zatlar alada goýýar we näme üçin?

3 Biz käbir ýagdaýlary üýtgedip bilmeýändigimiz üçin alada edýäris. Meselem, azyk önümleri, egin-eşikler we ýaşaýyş jaýlary ýyl-ýyldan gymmatlap barýar. Belki-de, klasdaşlarymyz, işdeşlerimiz ahlaksyzlyk etdirjek ýa-da ýalan sözletjek bolýandyr. Şeýle-de jenaýatçylygyň hem öňüni alyp bilýän däldiris. Adamlaryň Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşamaýandygy üçin kynçylyklar has-da köpelýär. Şu dünýäniň taňrysy Şeýtan adamlaryň gaýgy-alada batyp, Hudaýa gulluk etmegini bes etmegini isleýär (Mat. 13:22; 1 Ýah. 5:19). Şol sebäpli ýer ýüzüniň gaýgy-aladadan doludygy geň galdyrmaýar.

4. Haýsy ýagdaýlar sebäpli alada etmegimiz mümkin?

4 Belki, biz: «Maşgalamy ekläp bilermikäm? Ýarawsyzlyk sebäpli işden çyksam näme?» diýip oýlanýandyrys. Ýa-da «synaglarda Hudaýa wepaly bolup bilmerin» diýip alada edýändiris. Tizden Şeýtanyň golastyndaky adamlar Hudaýyň halkyna hüjüm eder. Biz: «Şol döwür näme ederkäk?» diýip howsala düşýändiris. Käbirimiz: «Şu zatlar hakda alada etmegiň özi bir dogrumyka?» diýip biynjalyk bolýandyrys.

5. Isa Mesih näme üçin «alada etmäň» diýdi?

5 Isa Mesih şägirtlerine: «Alada etmäň» diýdi (Mat. 6:25). Isanyň sözleri asla alada etmeli däldigini aňladýarmy? Ýok! Gadymy döwürdäki wepaly adamlaryň käbiri gaýgy-alada etse-de, Ýehowa olardan razydy * (1 Pat. 19:4; Zeb. 6:3). Isa «alada etmäň» diýip, bize göwünlik bermek isledi. Ol durmuşyň gaýgy-aladalarynyň Hudaýa yhlasly gulluk etmegimize päsgel bermegini islemeýärdi. Aşa köp alada etmez ýaly haýsy maslahatlar kömek eder? (« Nädip etmeli?» diýen çarçuwa serediň).

HOWSALA DÜŞMEZLIGE KÖMEK EDÝÄN ALTY MASLAHAT

6-njy abzasa seret *

6. Filipililer 4:6, 7-nji aýatlara görä, kalbymyzda parahatlygy saklamaga näme kömek eder?

6 1) Hemişe doga ediň. Kynçylyklarda alada edýän bolsaňyz Ýehowa doga-dileg ediň (1 Pet. 5:7). Şonda Ýehowa dilegiňizi eşidip, «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygyny berer» (Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň). Ýehowa mukaddes ruhy arkaly kalbyňyzda parahatlygy saklamaga kömek eder (Gal. 5:22).

7. Hudaýa nädip doga-dileg etmeli?

7 Ýehowa doga edeniňizde ähli gaýgy-aladaňyzy aýdyp, ýüregiňizi döküň. Hudaýa sizi nämäniň biynjalyk edýändigini we özüňizi nähili duýýandygyňyzy gürrüň beriň. Kynçylygy çözmek üçin Ýehowadan akyldarlyk we güýç soraň. Eger eliňizden hiç zat gelmeýän bolsa, howsala düşmez ýaly Ýehowadan kömek soraň. Ýehowa biynjalyk edýän zatlaryňyzy anyk aýtsaňyz, dogalaryňyza jogap alarsyňyz. Ýöne dogalaryňyza derrew jogap almasaňyz ruhdan düşmäň. Ýehowa Hudaý biynjalyk edýän zatlar hakda diňe bir aýtmagyňyzy däl-de, gaýta-gaýta dilemegiňizi hem isleýär (Luka 11:8—10).

8. Doga edenimizde nämäni unutmaly däl?

8 Ýehowa Hudaýa gaýgy-aladalaryňyz barada doga edeniňizde minnetdarlyk aýtmagy hem unutmaň. Kyn ýagdaýa düşeniňizde alan bereketleriňiz hakda oýlansaňyz gowy bolar. Käte siz duýgularyňyzy nädip beýan etjegiňizi bilýän dälsiňiz. Şonda: «Ýehowa, kömek et!» diýip, doga etmek ýeterlik bolar (2 Tar. 18:31; Rim. 8:26).

9-njy abzasa seret *

9. Howsala düşmezlik üçin näme etmeli?

9 2) Öz düşünjäňize däl-de, Ýehowanyň akyldarlygyna bil baglaň. B. e. öň VIII asyrda Ýahuda halkyna assiriýalylar hüjüm etjek bolýar. Şonda ýahudalar Müsürden kömek soraýarlar (Işa. 30:1, 2). Ýehowa olaryň Müsüre bil baglandyklary üçin betbagtçylyk inderjekdigini aýdýar (Işa. 30:7, 12, 13). Ýöne olar asuda ýaşamak isleseler, Ýehowa dolanmalydylar, sebäbi Ýehowa Işaýa pygamber arkaly: «Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar» diýdi (Işa. 30:15b).

10. Biz haýsy ýagdaýlarda Ýehowa bil baglap bileris?

10 Biz haýsy ýagdaýlarda Ýehowa bil baglap bileris? Aýdaly, size köp aýlykly iş teklip edýärler, ýöne köp wagtyňyzy alyp, Hudaýa yhlasly gulluk etmäge päsgel berýär. Ýa-da Ýehowa iman etmeýän işdeşiňiz size aşyk bolup, duşuşmagy teklip edýär. Ýehowa iman etmeýän maşgala agzalaryňyz bolsa: «Bizi ýa-da Hudaýy saýla!» diýýär. Şeýle ýagdaýlarda belli bir karara gelmek aňsat däl, ýöne Ýehowa size dogry karara gelmäge kömek eder (Mat. 6:33; 10:37; 1 Kor. 7:39). Siz Ýehowa bil baglarsyňyzmy?

11-nji abzasa seret *

11. Garşylyklara duşanymyzda howsala düşmez ýaly haýsy mysallar kömek eder?

11 3) Gowy we erbet adamlaryň mysalyndan öwreniň. Mukaddes Kitapda Ýehowa bil baglap, howsala düşmedik adamlaryň mysallary ýazylan. Hudaýyň Sözüni okanyňyzda olara howsala düşmezlige näme kömek edendigi barada oýlanyň. Meselem, ýehudylaryň Mejlisi resullara wagyz etmegi gadagan edende, olar batyrgaýlyk bilen: «Biz adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» diýdiler (Res. 5:29). Resullary gamçyladylar, emma gorkmadylar, howsala düşmediler. Näme üçin? Sebäbi olar Ýehowanyň goldaýandygyny we razydygyny bilýärdiler. Şonuň üçin wagyz etmegini bes etmediler (Res. 5:40—42). Stefanus hem ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanda howsala düşmedi. Ol şeýle bir rahatdy welin, «ýüzi perişdäniň ýüzi ýalydy» (Res. 6:12—15). Sebäbi Ýehowanyň razydygyny bilýärdi.

12. 1 Petrus 3:14 we 4:14-nji aýatlara görä, yzarlansak-da näme üçin bagtly bolup bileris?

12 Ýehowanyň resullary goldaýandygy mese-mälimdi, sebäbi olar Hudaýyň güýji bilen gudrat görkezýärdiler (Res. 5:12—16; 6:8). Şu günler biz gudrat görkezip bilmeýäris. Ýöne Ýehowa öz Sözi arkaly: «Dogruçyl bolanyňyz üçin görgi görýän bolsaňyz bagtlysyňyz» diýýär. Şeýle-de Ýehowa bizden razy bolup, mukaddes ruhy bilen goldaýar (1 Petrus 3:14 we 4:14-nji aýatlary okaň). Şol sebäpli gelejekde boljak synaglar hakda aşa köp oýlanmagyň deregine, halasgär Hudaýymyza imanymyzy berkideliň. I asyrdaky resullaryň göreldesine eýerip, Isanyň şu wadasyna berk ynanalyň: «Men size akyldarlyk bererin, näme diýmelidigini öwrederin. Şonda duşmanlaryňyz size ne garşy durup biler, ne-de zat diýip biler... Siz çydamly bolup, janyňyzy halas edersiňiz» (Luka 21:12—19). Ýehowa aradan çykan wepaly gullukçylaryny we olaryň gylyk-häsiýetlerini hiç haçan unutmaýar. Gelejekde bolsa olary hökman direlder.

13. Howsala düşüp, Ýehowa bil baglamadyk adamlaryň ýalňyşyndan nähili sapak edinýäris?

13 Biz Ýehowa bil baglamadyk adamlaryň ýalňyşyndan sapak edinsek, olar ýaly howsala düşmeris. Meselem, Ýahuda ýurduna Efiopiýanyň uly goşuny çozýar. Şonda Asa patyşa Ýehowa bil baglaýar we Hudaýyň kömegi bilen ýeňiş gazanýar (2 Tar. 14:9—12). Birnäçe wagtdan soň Ysraýyl patyşasy Başa Ýahuda garşy söweşe çykýar. Ysraýyllaryň goşuny azdy, emma Asa patyşa Halasgär Hudaý Ýehowa bil baglamaýar. Ol Siriýa patyşasyndan kömek soraýar we altyn-kümüş sowgat iberýär (2 Tar. 16:1—3). Asa garran çagynda agyr keselleýär, emma Ýehowadan kömek soramaýar (2 Tar. 16:12).

14. Asanyň ýalňyşyndan näme sapak edinýäris?

14 Asa patyşa hökümdarlygynyň başynda Ýehowa bil baglaýardy. Emma birnäçe wagtdan soň Hudaýdan kömek soramagyň deregine, kynçylygy özi çözjek boldy. Ol Siriýa patyşasyndan kömek sorap, ýeňiş gazanaryn öýtdi. Belki, Asa patyşa paýhasly karara gelen ýaly bolup görünýändir, ýöne onuň maksady başa barmady. Ýehowa oňa pygamberi arkaly şeýle diýdi: «Sen Ýehowa Hudaýa däl-de, Siriýa patyşasyna bil bagladyň... akmaklyk etdiň» (2 Tar. 16:7, 9). Biz öz düşünjämize daýanyp, Hudaýyň Sözündäki maslahatlara sowuk-sala garamakdan seresap bolmaly. Biz gyssagly karara gelmeli bolsagam, howsala düşmän Ýehowa bil baglasak, ol kömek eder.

15-nji abzasa seret *

15. Aýatlary ýat tutmak üçin näme etmeli?

15 4) Mukaddes Kitabyň aýatlaryny ýat tutuň. Mukaddes Kitaby okanyňyzda, Ýehowa bil baglamaga kömek edýän aýatlary tapmagyňyz mümkin. Şonda olary ýazyp alsaňyz, sesli okasaňyz we birnäçe sapar gaýtalasaňyz ýadyňyzda galar. Ýehowa Ýuşa paýhasly hereket eder ýaly, Kanuny gije-gündiz okap oýlanmagy tabşyrýar. Ýuşa şu maslahata eýerip, howsala düşmän batyrgaýlyk bilen Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk etdi (Ýuşa 1:8, 9). Mukaddes Kitapdaky aýatlar bizi alada goýýan ýagdaýlarda hem rahatlygy saklamaga kömek edýär (Zeb. 27:1—3; Nak. 3:25, 26).

16-njy abzasa seret *

16. Dogan-uýalar Ýehowa bil baglamaga nädip kömek edýärler?

16 5) Hudaýyň halkynyň arasynda boluň. Dogan-uýalar bize Ýehowa bil baglamaga we howsala düşmezlige kömek edýärler. Ýygnak duşuşyklary biziň imanymyzy berkidýär, sebäbi nutuklary diňleýäris, ruhlandyryjy jogaplary eşidýäris we dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolýarys (Ýew. 10:24, 25). Biz ýygnakdaky dostumyza içimizi döksek hem ruhlanýarys. Dostumyzyň aýdan «hoş sözleri köňlümizi galkyndyrýar» we howsala düşmezlige kömek edýär (Nak. 12:25).

17-nji abzasa seret *

17. Ýewreýler 6:19-a görä, gelejege bolan umydymyz howsala düşmezlige nädip kömek edýär?

17 6) Allanyň wadalaryna umyt ediň. Gelejege bolan umydymyz «labyr kimin janymyzy berk... saklar» we howsala düşmezlige kömek eder (Ýewreýler 6:19-y okaň). Ýehowanyň beren wadalary hakda oýlansak, erbet pikirlerimiz zym-zyýat bolar (Işa. 65:17). Şonuň üçin özümizi parahatlygyň mekany bolan Jennetde, gaýgy-aladanyň ýok ýerinde göz öňüne getireliň (Mik. 4:4). Hudaýyň wadalary hakda wagyz etsek hem umydymyzy berk saklap bileris. Şol sebäpli wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşalyň. «Şonda umydymyzy soňuna çenli saklap bileris» (Ýew. 6:11).

18. Gelejekde boljak kynçylyklara nädip döz gelip bileris?

18 Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, bizi alada goýjak zatlar hasam köpeler. 2021-nji ýylyň aýady bize howsala düşmezlige we öz güýjümize däl-de, Ýehowa bil baglamaga kömek eder. Geliň, 2021-nji ýylda Ýehowanyň: «Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar» diýen wadasyna berk iman edeliň! (Işa. 30:15).

8-NJI AÝDYM Ýehowa penamyz

^ par. 5 2021-nji ýylyň aýadynda kyn ýagdaýlarda Ýehowa bil baglap, howsala düşmezligiň wajypdygy aýdylýar. Makalada Işaýa 30:15-däki maslahata şu günler we gelejekde nädip eýerip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

^ par. 5 Isa pygamberiň «alada etmäň» diýen sözleri howsala düşmek keselinden ejir çekýän dogan-uýalara degişli däl. Sebäbi olar öz güýji bilen keselini ýeňip bilmeýär.

^ par. 63 SURAT: 1) uýa günüň dowamynda biynjalyk edýän zatlary hakda birnäçe gezek doga edýär.

^ par. 65 SURAT: 2) Ol arakesme wagty Hudaýyň Sözünden akyldarlyk gözleýär.

^ par. 67 SURAT: 3) Mukaddes Kitapdaky gowy we erbet adamlaryň mysallary hakda oýlanýar.

^ par. 69 SURAT: 4) Ýat tutmak isleýän aýadyny sowadyja ýelmeýär.

^ par. 71 SURAT: 5) Jorasy bilen wagyz edýär.

^ par. 73 SURAT: 6) Allanyň wadasyna umyt edýär.