Şuny bilýäňizmi?
Gadymy tapyndylar Mukaddes Kitabyň ynama mynasypdygyny nädip subut edýär?
IÝERUSALIM ŞÄHERINDE Mukaddes Kitapda agzalýan ýurtlaryň muzeýi ýerleşýär. Muzeýde b. e. öň 700—600-nji ýyllardan galan daş bölegi bar. Daş bölegi Ysraýylyň Hebron şäheriniň golaýyndaky gowakdan tapyldy. Daşyň ýüzünde «Hagaw ogly Hagafa Ýahwe Sabaotdan nälet bolsun» diýlip ýazylan. Şeýle-de gowakda Ýehowanyň ady we Ýehowanyň ady bilen baglanyşykly adam atlary hem ýazylan eken. Olary gowakda gizlenen adamlar ýazan bolmaly. Şu ýazgylar Mukaddes Kitabyň ynama mynasypdygyny nädip subut edýär? Görşümiz ýaly, Mukaddes Kitabyň ýazylan döwri Ýehowa Hudaýyň ýewreý harplary bilen ýazylan ÝHWH ady il arasynda giňden ulanylýan ekeni.
Jorjiýa uniwersitetiniň mugallymy, Töwrady öwrenýän alym Reýçel Nabulsi şol ýazgy barada şeýle diýdi: «Gadymy tapyndylarda Allatagalanyň ÝHWH ady gaýta-gaýta duş gelýär. Mundan görnüşi ýaly, Ysraýylda we Ýahudada ÝHWH ady halk arasynda giňden ulanylypdyr». Dogrudanam, Mukaddes Kitapda Hudaýyň ýewreý harplary bilen ýazylan ÝHWH adynyň müňlerçe sapar duş gelmegi geň galdyrmaýar. Köplenç adamlara Hudaýyň ady bilen baglanyşykly at dakypdyrlar.
Daşyň ýüzüne «Ýahwe Sabaot» diýip ýazylan jümle Serkerdebaşy Ýehowa diýmegi aňladýar. Mukaddes Kitabyň ýazylan döwri diňe bir Allatagalanyň ady däl-de, Serkerdebaşy Ýehowa ady hem dilden düşmändir. Diýmek, Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda Serkerdebaşy Ýehowa diýen adyň 283 sapar duş gelmegi geň galdyrmaýar. Şu jümle, esasanam, Işaýa, Ýermeýa we Zekerýa kitaplarynda duş gelýär.