ÖWRENILÝÄN MAKALA 4
Biri-biriňizi ýürekden söýüň!
«Biri-biriňize doganlyk söýgiňiz bolsun, birek-birege mähirli boluň» (Rim. 12:10).
109-NJY AÝDYM Biri-biriňizi ýürekden söýüň
MAZMUNY *
1. Şu günler dogan-garyndaşlaryň arasyndaky söýginiň sowaýandygyny nireden bilýäris?
MUKADDES KITAPDA soňky günlerde adamlaryň dogan-garyndaşlaryna bolan «söýgüsiniň» sowajakdygy aýdylýar (2 Tim. 3:1, 3). Biz şol pygamberligiň ýerine ýetýän döwründe ýaşaýarys. Meselem, şu günler söýginiň sowandygy üçin millionlarça maşgala ojagy dargaýar. Çagalar ene-atasynyň söýgüsine zar bolýarlar. Käbir är-aýallar aýrylyşmasalar-da, özlerini keseki ýaly alyp barýarlar. Bir psiholog şeýle diýýär: «Ejeler, kakalar we çagalar biri-biri bilen gürleşmegiň deregine, köp wagtyny kompýutere, planşete, telefona ýa-da wideo oýunlaryna güýmenip geçirýärler. Olar bir öýde ýaşasalar-da biri-birini gowy tanamaýarlar».
2, 3. a) Rimliler 12:10-a görä, biz näme etmeli? b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
2 Biz Şeýtanyň dünýäsindäki biri-birini söýmeýän adamlaryň täsirine düşmeli däl (Rim. 12:2). Biz diňe bir dogan-garyndaşlarymyzy söýmek bilen çäklenmän, imandaşlarymyza hem doganlyk söýgüsini bildirmeli (Rimliler 12:10-y okaň). «Doganlyk söýgi» diýlende, dogan-garyndaşlaryň arasyndaky mähirli we dostlukly gatnaşyk göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin biz imandaşlarymyzy öz süýtdeş doganymyz ýaly söýmeli. Eger şeýle etsek, Hudaýyň halkynyň arasynda agzybirligiň bolmagyna goşant goşarys (Mik. 2:12).
3 Geliň, Mukaddes Kitapdaky mysallara seredip, doganlyk söýgüsini nädip ösdürip biljekdigimiz hakda gürrüň edeliň.
ÝEHOWA — MÄHIRLI HUDAÝ
4. Biz Ýakup 5:11-den Ýehowa barada näme bilýäris?
4 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda aýdylýar. Ýahýa resul: «Hudaý söýgüdir» diýýär (1 Ýah. 4:8). Biz Ýehowany gowy tanasak, onuň bilen dostlaşmak isläris. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «örän mähirli... Hudaýdygy» hem aýdylýar (Ýakup 5:11-i okaň). Dogrudan-da, Ýehowa bizi mähirli söýgüsi bilen çoýýar!
5. Ýehowa rehimdarlygyny nädip görkezýär we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?
5 Ýakup 5:11-de Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygy barada hem aýdylýar. Muny bilmek bizi mähriban Hudaýymyza has-da ýakynlaşdyrýar (2 Mus. 34:6). Ýehowa rehimdar Hudaý bolandygy üçin günälerimizi ýürekden bagyşlaýar (Zeb. 51:1). Ýöne Mukaddes Kitaba görä, rehimdarlyk birini bagyşlamakdan has köp zady aňladýar. Rehimdar adam kynçylyk çekýän adama haýpy gelip, ýürekden kömek edesi gelýär. Ýehowanyň bize kömek etmek islegi enäniň balasyna bolan söýgüsinden hem güýçli (Işa. 49:15). Biz kyn güne düşsek, rehimdar Atamyz Ýehowa derrew dadymyza ýetişýär (Zeb. 37:39; 1 Kor. 10:13). Käte dogan-uýalar göwnümize degip biler. Şonda olary ýürekden bagyşlasak, rehimdardygymyzy görkezip bileris (Efes. 4:32). Rehimdar bolsak kyn ýagdaýa düşen dogan-uýalara kömek etmäge taýyn bolarys. Şonda biz mähriban Hudaýymyzyň göreldesine eýerip bileris (Efes. 5:1).
«JANA-JAN DOSTLAR»
6. Ýonatan bilen Dawudyň dostlugy barada gürrüň beriň.
6 Mukaddes Kitapda biri-birini dogandan hem eziz gören ençeme adamlar hakda ýazylan. Geliň, Ýonatan bilen Dawut hakda gürrüň edeliň. Mukaddes Kitapda: «Ýonatan ony juda gowy gördi. Ýonatan Dawut bilen jana-jan dost boldy» diýilýär (1 Şam. 18:1). Ýehowa Şawula derek Dawudy patyşa saýlapdy. Şonda Şawul gazap atyna atlanyp, Dawudy öldürmek isledi. Ýöne Ýonatan kakasynyň erbet niýetini goldamady, gaýtam Dawut bilen jana-jan dost bolup, hemişe goldajakdygyny wada berdi (1 Şam. 20:42).
7. Ýonatan bilen Dawudyň dostlaşmagyna nämeler böwet bolup bilerdi?
7 Ýonatan bilen Dawudyň dostlugyna böwet bolup biljek ýagdaýlar köpdi. Meselem, Ýonatan Dawutdan 30 ýaş uludy. Ýonatan: «Ýaş, tejribesiz adam bilen dost bolup bolarmy?» diýmedi. Ol Dawudyň mertebesini peseltmän, gaýtam oňa hormat goýdy.
8. Ýonatan näme üçin Dawut bilen dost boldy?
8 Ýonatan Şawul patyşanyň ogludy. Ol: «Men mirasdüşer, men patyşa bolmaly» diýip, Dawuda göriplik edip bilerdi (1 Şam. 20:31). Ýöne Ýonatan pesgöwünli we hudaýhon adamdy. Ol Ýehowanyň saýlan patyşasy Dawudy ýürekden goldaýardy. Kakasy Dawudy ýigrense-de, Ýonatan dostuna wepaly boldy (1 Şam. 20:32—34).
9. Ýonatan Dawuda nähili garaýardy? Düşündiriň.
9 Ýonatan Dawudy duşmany däl-de, dogany hasaplaýardy. Ýonatan ökde ýaýçydy, edermen esgerdi. Il arasynda Ýonatan bilen Şawula «bürgütden çalasyn, arslandan rüstem» diýýärdiler (2 Şam. 1:22, 23). Ýonatan: «Men edermen serkerde, maňa taý gelip biljek ýokdur» diýip öwnüp bilerdi. Ýöne ol Dawuda göriplik we bäsdeşlik etmedi. Ýonatan Dawudyň edermenligine we Ýehowa bilen dostlugyna buýsanýardy. Dawut Jaluty öldürenden soň, Ýonatan dostuny öz janyndan hem eziz gördi. Biz Ýonatandan görelde alyp, dogan-uýalary nädip ýürekden söýmeli?
BIRI-BIRIMIZI AK ÝÜREKDEN SÖÝELIŇ
10. «Ak ýürekden söýmek» diýen jümle nämäni aňladýar?
10 Mukaddes Kitapda: «Biri-biriňizi ak ýürekden söýüň» diýilýär (1 Pet. 1:22). Ýehowa wepaly gullukçylaryny ýürekden söýüp, ajaýyp görelde görkezýär. Onuň söýgüsinden hiç kim we hiç zat aýra salyp bilmez (Rim. 8:38, 39). «Ak ýürekden söýmek» diýen jümle birini söýmek üçin tagalla etmegi aňladýar. Käte göwnümize degen dogan-uýalary söýmek kyn bolup biler. Emma biz ak ýürekden «biri-birimizi söýmeli we oňşukly ýaşamaly. Parahatlygy saklap, mukaddes ruhuň beren agzybirligini goramaga jan etmeli» (Efes. 4:1—3). Şonda dogan-uýalaryň ýalňyşlyklaryna üns bermeris. Geliň, biz hem Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalary ak ýürekden söýeliň (1 Şam. 16:7; Zeb. 130:3).
11. Ak ýürekden söýmek näme üçin kyn bolup biler?
11 Dogan-uýalary ak ýürekden söýmek Flp. 4:2, 3).
käte kyn bolýar. Sebäbi olaryň ýalňyşlyklaryny ýatdan çykaryp bilýän däldiris. Şeýle ýagdaý I asyrda-da bolupdy. Meselem, Ewodiýa bilen Sintihiýa Pawlus bilen «eginme-egin işleşip, hoş habary wagyz edýärdiler», ýöne biri-biri bilen oňuşmaýardylar. Pawlus olara: «Hudaýa gulluk edip, bir pikirde bolmagy ündeýärin» diýdi (12. Dogan-uýalary ak ýürekden söýmek üçin näme etmeli?
12 Biz dogan-uýalary ak ýürekden söýmek üçin näme etmeli? Dogan-uýalary gowy tanasak, olaryň ýagdaýyna has gowy düşüneris we ýürekden söýeris. Dogan-uýalaryň ýaşy, medeniýeti we alan terbiýesi olar bilen dostlaşmaga päsgel bermeli däl. Ýadyňyzda bolsa, Ýonatan Dawutdan 30 ýaş uly bolsa-da, jana-jan dostdular. Siz özüňizden garry ýa-da ýaş dogan-uýalar bilen dostlaşýarsyňyzmy? Eger siz dostlaşsaňyz, «bütin dünýädäki doganlary söýýändigiňizi» görkezersiňiz (1 Pet. 2:17).
13. Biz näme üçin ähli dogan-uýalar bilen jana-jan dost bolup bilmeýäris?
13 Dogan-uýalary ýürekden söýmek üçin ählisi bilen jana-jan dost bolmalymy? Ýok. Biz olaryň ählisi bilen ýakyn dost bolup bilmesek gerek. Sebäbi biz garaýşymyz, gyzyklanýan zatlarymyz meňzeş adamlar bilen ýakyndan dostlaşýarys. Isa pygamber resullarynyň hemmesini dosty hasaplaýardy, ýöne Ýahýany has gowy görýärdi (Ýah. 13:23; 15:15; 20:2). Ýöne Isa Ýahýany resullaryndan ýokary tutmaýardy. Bir gün Ýahýa bilen Ýakup Isanyň ýanyna baryp, Hudaýyň Patyşalygynda hormatly orun bermegi haýyş edýärler. Şonda Isa: «Sag ýa-da çep tarapymda kimiň oturjakdygyny men... çözmeýärin» diýdi (Mar. 10:35—40). Biz hem Isanyň göreldesine eýerip, jana-jan dostlarymyzy başgalardan ýokary tutmaly däl (Ýak. 2:3, 4). Ýogsam dogan-uýalaryň arasynda agzalalygyň döremegine sebäp bolup bileris (Ýahd. 17—19).
14. Filipililer 2:3-e görä, dogan-uýalar biri-birine bäsdeş bolmaz ýaly näme etmeli?
14 Biz dogan-uýalary ýürekden söýsek, ýygnakda bäsdeşlik bolmaz. Ýonatan bize gowy görelde galdyrdy. Ol Dawudy duşmany ýa-da bäsdeşi hasaplamaýardy. Biz hem Ýonatanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetlerine, ukyplaryna göriplik etmän, gaýtam pesgöwünlik bilen olary özümizden ýokary saýmaly (Filipililer 2:3-i okaň). Ýygnakda dogan-uýalaryň gymmatly ornunyň bardygyny unutmaň. Eger pesgöwünli bolsak, Hudaýa wepaly dogan-uýalardan görelde alarys we olaryň ýagşy häsiýetlerine guwanarys (1 Kor. 12:21—25).
15. Tanýa uýa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?
15 Başymyza kyn ýagdaýlar düşende, Ýehowa dogan-uýalar arkaly bize göwünlik berip, kömek edýär. 2019-njy ýylda ABŞ-da geçirilen «Söýgi hiç haçan gutarmaz!» atly halkara kongresine gelen Tanýa uýa hakda gürrüň edeliň. Tanýa şeýle gürrüň berýär: «Şenbe güni kongresden soň, üç çagam bilen myhmanhana barýardym. Şonda bir uly maşyn gelip meniň maşynyma urdy. Hudaýa şükür, bize hiç zat bolmady, ýöne örän gorkduk. Biz maşyndan düşüp, uly ýoluň ugrunda durduk. Kongresden
gelýän bir dogan ýoluň ol tarapynda maşynyny saklady we elini galgadyp, bizi ýanyna çagyrdy. Şwesiýaly bäş dogan-uýa hem ýanymyza geldi. Uýalar meni hem gyzymy bagryna basyp gujakladylar. Şonda ýüregim giňäp gitdi. Men olara hemme zat gowy, arkaýyn gidiberiň diýdim. Ýöne olar tä lukmanlar gelýänçä, biziň ýanymyzda boldular we gerekli kömegi berdiler. Biz Ýehowanyň mähirli söýgüsini duýduk. Şol waka biziň Ýehowa we dogan-uýalara bolan söýgimizi, minnetdarlygymyzy has-da artdyrdy». Dogan-uýalar sizi hem kyn günüňizde ýürekden söýüp, goldan bolsalar gerek?!16. Dogan-uýalary näme üçin ýürekden söýmeli?
16 Dogan-uýalary ýürekden söýsek, olara kyn gününde göwünlik bereris. Hudaýyň halkynyň arasynda agzybirligiň bolmagyna goşant goşarys. Isa pygamberiň şägirdidigimizi subut ederis we Allatagala bilen dostlaşmaga kömek ederis. Iň esasy zat bolsa, «rehimdar Atamyzy we her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaýymyzy» şöhratlandyrarys (2 Kor. 1:3). Geliň, dogan-uýalary hemişe ak ýürekden söýeliň!
130-NJY AÝDYM Geçirimli bolalyň
^ par. 5 Isa şägirtleriniň biri-birine bolan söýgüsi bilen tanaljakdygyny aýtdy. Biziň her birimiz şu tabşyryga eýermek üçin jan etmeli. Biz imandaşlarymyzy edil dogan-garyndaşlarymyz ýaly söýmeli. Makaladaky pikirler dogan-uýalary ýürekden söýmäge kömek eder.
^ par. 55 SURAT: ýaşuly dogan garry ýaşuludan köp zatlary öwrenýär. Garry ýaşuly ony myhmançylyga çagyrýar. Olar biri-birine myhmansöýerlik we doganlyk söýgüsini bildirýärler.